Danielo De PLANO, teatr režissýory (Italiýa)

Ýurdumyzyň opera teatrynyň artisti Anile Françesko bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyndan geldik. Türkmen halkynyň dünýä belli şahyry Magtymgulynyň adyny göterýän Milli sazly drama teatrynda birnäçe günläp türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen festiwala italýan halkynyň taryhyny açyp görkezýän «Paýasy» operasyny taýýarladyk. Türkmenistanyň Döwlet hory, simfoniki orkestri hem-de teatryň ussat artistleri bilen işleşmek diýseň gyzykly boldy. Zehinli türkmen kärdeşlerimiziň sungata söýgüsi hem yhlasy saýlan hünärlerinde işlemäge döredilýän uly mümkinçiliklerden ruhlanyp zähmet çekýändiklerini görkezdi. Festiwalyň ilkinji gününde tomaşaçylara ýetirilen «Paýasy» operamyzyň milli dilimizde ýaňlanmagy türkmen halkynyň italýan halkyna goýýan uly hormaty hökmünde kalbymda hemişelik ýatlama bolup galar. Ak mermere beslenen Aşgabat şäheriniň gözelliklerini, ajaýyp ýurduň bagtyýar halkyny ýakyndan görmek bize ýakymly duýgulary bagyşlady. Munuň üçin Türkmenistan döwleti bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň köptaraplaýyn ösdürilmegine ähli şertler döredýän iki halkyň ýurt Baştutanlaryna hem myhmansöýer türkmen halkyna çäksiz hoşallygymy bildirýärin. Festiwala gatnaşýan kärdeşlerimize şowly çykyşlar we uly üstünlikler arzuw edýärin.