«BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ TEATR SUNGATY» ATLY III HALKARA FESTIWALDAN SUNGAT BAÝRAMÇYLYGY

19-njy noýabrda paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sun- gaty» atly III halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Ol medeni syýasatyň amala aşyrylmagyna, milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sahna sungatynyň forumy Aşgabatda dünýä döwletleriniň 12-sinden, ýagny Owganystandan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Pakistandan, Russiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Täjigistandan, Türki- ýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Estoniýadan teatr toparlarynyň 14- sini birleşdirdi. Biziň ýurdumyza esasy teatr toparlary wekilçilik edýärler.

Medeni ulgamy kämilleşdirmek döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurty syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen bag- lylykda, teatr sungatynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanda döwlet teatrlarynyň 10-sy, şol sanda paýtagtymyzda 6-sy hem-de welaýatlarda 4-si hereket edýär. Teatr toparlarynyň ygtyýarynda ajaýyp, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen binalar bo- lup, olar islendik tehniki çylşyrymly spektakllary goýmaga mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň teatrlarynyň maddy-enjamla- ýyn binýadyny berkitmek meseleleri milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Medeniýet işgärleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça teatrlaşdyrylan çykyşlary sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen täze binalaryň gurluşygy dowam edýär.

Teatrlaryň sahnalarynda žanry we çeperçilik çözgüdi boýunça dürli spektakllar goýlup, olar şol oýunlary döredijileriň sahnada dürli duýgulary beýan etmek maksady bilen birleşendir. Birnäçe onýyllyklaryň dowamynda milli teatr mekdebi emele gelip, dünýä ýüzünde Türkmenistanyň teatr sungatynyň şan-şöhratyny artdyrmaga we giňden ýaýmaga uly goşant goşan režissýorlaryň hem-de artistleriň nesli kemala geldi. Ýurdumyzyň sahna toparlarynyň abraýly halkara bäsleşiklere üstünlikli gatnaşmagy munuň aýdyň suburnamasydyr.

Türkmen teatr mekdebiniň özboluşlylygy milli dramaturgiýa berilýän üns, umumadamzat möçberindäki meseleler arkaly tomaşaçy bilen özara düşünişmäge çalyşmak bilen häsiýetlenýär.

Bu gün sungatyň muşdaklaryna gös-göni ýüzlenmegiň iň gowy däp- lerine eýermek bilen sahna ussatlary köpçülige ynsanperwer maksatlary hem-de ruhy gymmatlyklary ýetirip, watançylyk, gözellik we ahlak terbi- ýesini bermegiň möhüm wezipesini ýerine ýetirýärler.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwal hem milli we dünýä medeniýetine goşulmaga, dünýä meýillerini içgin öw- renmäge hem-de bu ugurda giňden tejribe alyşmaga, artistleriň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Baş drama teatry forumyň açylyş dabarasynyň ge-çirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy. Teatryň meýdançasynda dürli öwüşginli çykyşlar festiwalyň özboluşly giriş bölümine öwrüldi. Myhmanlary festiwalyň eýeleri — artistler türkmen halkynyň taryhy şahslarynyň — Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň we Magtymgulynyň keşplerinde garşyladylar. Onuň Watanymyzyň ykbalynda eýelän orny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan aýratyn bellenilýär, şol sanda milli Lide- rimiziň edebi eserlerinde nygtalýar. Taryhyň dowamlylygy, Watanymy- zyň şöhratly geçmişini, ajaýyp şu gününi we röwşen geljegini birleş- dirýän ruhy däpleriň arabaglanyşygy ýaly mowzuklar ajaýyp sahnada öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary eziz Watanymyzyň şu dili bilen wasp etdiler. Baýramçylyk çykyşynyň ahyrynda ýerine ýetirilen gadymy küştdepdi türkmen tansy ählumumy parahatçylygyň, dostlu- gyň we bagtyýarlygyň hatyrasyna baý medeniýeti bolan dürli halklaryň wekillerini birleşdiren halkara festiwalyný geçirmegiň esasyny düzen pikiriň ynsanperwerlik ugruny şöhlelendirdi.

Soňra köp sanly tomaşaçylar tarapyndan garşylanan teatr festiwalyna gatnaşyjylar milli lybaslaryna beslenip, öz döwletleriniň baýdaklary astynda meýdançada ýöriş etdiler. Şanly taryha syýahat Baş drama teatrynyň sahnasynda Oguz han eýýamynyň dürli öwüşginli bezeglerine beslenen çykyşlar bilen dowam edýär. Artistler Watanymyzyň merdana ogullaryny, baý milli medeni mirasyny, türkmen halkynyň Arkadagy — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli işleri we oňyn başlangyçlary bilen üznüksiz bagly bolan ýurdumyzyň häzirki bagtyýar gününi şöhratlandyrýarlar.

Ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalarynyň, medeniýet işgärleriniň, jem- gyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlarynyň ýygnanan tomaşaçylar zalynda döwlet Baştutanymyzyň «Bagtyýarlyk döwrüriiň teatr sungaty» atly III halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okalýar. Milli Liderimiz bu teatr festiwalynyň doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde, agzybirligi pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy goldamakda, döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärlerinm arasyndaky ruhy-medeni sungatyny we medeniýetini has-da baýlaşdyrmakda örän uly ähmiýete eýedigini aýratyn belledi.

«Teatr dünýä medeniýetiniň hemişelik, aýrylmaz bölegidir hem-de jemgyýetimiziň aňyýetini ösdürmekde möhüm orny eýeleýän sungatdyr. Geçirilýän bu festiwal hem teatr sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça geljekki meýilnamalaýyn möhüm ugurlary kesgitlemäge, şeýle hem onuň wekilleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam eder. Hut şonuň üçin hem bu halkara teatr fes- tiwalynda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň dürli halklarynyň milli sahna eserleriniň onlarçasy görkeziler» diýlip hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar. Gutlag haty ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Forumyň açylyş dabarasynyň barşynda ýygnananlara festiwala gat- naşýan ýurtlaryň teatr toparlary gutlag sözleri bilen ýüzlendiler. Olaryň her biri özboluşly sahna taýýarlap, onda öz teatrlarynyň döredijilik ruhuny şöhlelendirdiler. Artistler zal bilen tans, beden-syna hereketleri, aýdym we saz, gurjaklaryň ümleri we elbet-de, tomaşaçylarda seslenme döredýän söz arkaly söhbetdeş boldular.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara teatr sungaty festiwalyna gatnaşmaga çakylyk, onuň ýokary derejede guralmagy, türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmekde festiwalyň ähmiýetini bellemek bilen, olar türkmenistanlylara öz döredijilik sowgatlaryny — şu hepdäniň dowamynda paýtagtymyzyň esasy teatrlarynyň sahnalarynda görkeziljek oýunlary sowgat etmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

19-njy noýabrda teatr festiwalyny Alp Arslan adyndaky milli drama teatry açyp, bu ýerde beýik türkmen akyldaryna we şahyryna bagyşlanan «Magtymguly» spektakly görkezildi. Onuň keşbi we döredijiligi bolsa ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň ençeme neslini ruhlandyryp gelýär.

Şol gün agşam tomaşaçylar Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda görkezilen türkmen-italýan sahna oýnuna — Rujero Leonkawallonyň «Paýasy» opera spektaklyna tomaşa etdiler. Spektakly italýan režiss- ýory Daniele de Plano sahnalaşdyrdy, esasy partiýany — Kaniony tenor Françesko Anile ýerine ýetirdi. Beýleki keşpleri türkmen aýdymçylary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hem-de Döwlet hory sahnanyň sazyny üpjün etdiler. Spektaklyň uly üstünlige eýe bolmagy döredijilik üçin çäkleriň ýokdugyny, sungatyň güýjüniň bolsa, adamlary birleşdirýändigini hem-de ruhlandyrýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

  Sahna hereketleriniň sazlaşygyny we mazmunyny ajaýyp sahna bezegleri üpjün etdi. Şunuň bilen baglylykda, teatr-sahna bezeg sun- gatynyň festiwala bagyşlanan serginiň esasy gymmatlyklaryň birine öwrülendigini bellemek gerek. Paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynda belli türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, grafikaçylarynyň eserleri, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de teatr suratkeşleriniň işleri görkezilýär.

   Sergide Türkmenistanyň kino we teatr sungatynyň görnükli wekilleriniň portretleri, kinolara we spektakllara bagyşlanan köp sanly suratlar ýerleşdirildi.

 

Alibek NURBEK - “Žastar” teatrynyň artisti (Gazagystan Respublikasy)

         Biz toparymyzdan 30 adam bolup doganlyk Türkmenistan döwletiniň paýtagtynda geçirilýän halkara teatr festiwalyna gatnaşmaga geldik. Teatrymyzyň döredijilik topary ozal hem Türkmenistanda saparda boldular. Kärdeşlerim Türkmenistanyň beýik ösüşleri, ak mermerli Aşgabadyň gözellikleri, türkmen halkynyň myhmansöýerligi, milli mirasy hakynda ýakymly ýatlamalar aýdyp berdiler. Festiwalyň çäklerinde geçirilýän dabaralara birnäçe gün bäri gatnaşyp gelýärin. Maňa häzir hut şu pursatda «Nämäni arzuw edýärsiň?» diýseler Aşgabada ýene-de gelmegiň nesip etmegini arzuwlaýandygymy aýdardym. Örän guramaçylykly geçirilýän halkara festiwaly maňa diýseň ýarady. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Milli sazly.drama teatrynda görkezilen italýan operasyna uly höwes bilen tomaşa etdim. Opera sungatyny diýseň gowy görýärin. Türkmenistanyň Döwlet hory hem- de simfoniki orkestriniň, teatryň artistleriniň ýeňil bolmadyk opera sungatyndan ussatlyk bilen baş çykarýandyklarynyň şaýady bolduk. Bu teatrda festiwala sowgat getiren «Žibek» atly sahna oýnumyzy tomaşaçylara ýetirdik. Maşgalamyzda kakam gurluşykçy, ejem mekdep mugallymy, uýam lukman. Emma olar elmydama sungat hakyndaky gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňleýärler. Olara türkmen halkynyň milli sungatynyň beýik ösüşleri baradaky ýatlamalarymy sowgat ederin. Festiwal uly ruhubelentlik ýagdaýynda dowam edýär. Ähli kärdeşlerimize öňdäki çykyşlarda şowlulylyklar arzuwlaýaryn.

Munira ZOIROWA, (Täjigistan):

— Täjigistan Respublikasynyň Döwlet respublikan gurjak teatrynda baş režissýor bolup işleýärin. 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Dünýä ýaň salan şol halkara sport ýaryşyndan soňra, Türkmenistan hem-de onuň paýtagty Aşgabat barada has-da gyzyklandym. Nesibäm çekip ilkinji gezek doganlyk Türkmenistana geldim. Festiwala «Kim günäkär?» atly  oýnumyzy sowgat getirdik.

     Halkara festiwalyň açylyş dabarasynda dürli halklaryň sungat wekilleri çykyş etdiler. Sahnada Owganystan Respublikasyndan gelen kärdeşimiziň çykyş edýän pursadynda Türkmenistan döwletiniň owgan halkyna berýän ynsanperwer kömekleri hakynda oýlandym. Türkmenistanyň parasatly ýurt Baştutanynyň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmek üçin alyp barýan beýik işleri örän köp. Ählitaraplaýyn ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygynda medeni gatnaşyklaryň aýratyn orny bar. Haýsy halka degişi bolsa-da,  sungat sungat wekilleriniň ýeke-täk maksady bar. Olar diňe gözelligiň, dostlugyň wagyzçylary. Muňa häzirki dowam edýän halkara festiwalyň çäklerinde hem göz ýetirdik. Festiwala gatnaşyjy kärdeşlerimiz bilen dostlugyň, agzybirligiň, asudalygyň toýuny toýlaýarys.

      Şeýle şatlykly pursatlary peşgeş berýän halklaryň dostluk toýunyň dabarasy dag aşsyn diýäýmek galýar.

 

Wiktoriýa OGORODNÝAÝA, (Ukraina)

 

— Biz «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyna Kiýewiň akademiki gurjak teatrynyň döredijilik işgärleri bolup gatnaşýarys. Bu möhüm ähmiýetli medeni çäräniň çäklerinde “Gazlar we guwlar” atly gurjak oýnuny tomaşaçylara hödürlemegi maksat edinýäris. Türkmenistanyň ösen teatr sungaty bilen bir hatarda, mende örän ýakymly duýgulary döreden zat siziň dillere dessan paýtagtyňyz boldy. Aşgabat şäheriniň gözelligi hakynda alysdaky ýurtlarda-da örän täsirli gürrüňler aýdylýar. Onuň aýdyň hakykatdygyna bolsa, bu ýere gelip gören her bir adam göz ýetirýär. Biziň çykyş etmeli ýerimiz bolan Türkmen döwlet gurjak teatry hem özüniň ajaýyp binasy bilen bada-bat ünsi özüne çekýär. Şeýle ajaýyp şähere myhman bolmak we sungat ussatlarynyň dostluk baýramyna gatnaşmak mümkinçiligini döredip beren Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentine hoşallygymyz çäksiz.

 

 Akgül SAPAROWA.

Oguljennet PAŞYKOWA.

 

DOSTLAR BILEN DÖWRE GURAP

 

       Bilşimiz ýaly, 19-njy noýabrda ýurdumyzda «Bagtyýariyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara festiwaly badalga aldy. Dünýäniň 10-dan gowrak döwletinden gelen teatr ussatlarynyň hem-de ýurdumyzyň teatrlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän nobatdaky medeni forum hakyky sungat baýramçylygyna öwrüldi. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ýene bir ýola göz ýetirdik.

—     Kakajan Aşyrowiç, sungat baýramçylygyna taýýarlan sahna sowgadyňyz barada gürrüň beräýseňiz!

—     Ilki bilen, türkmen teatr sungatyny ösdürmekde uly aladalar edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwala gatnaşýan teatr toparlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyndan soň, Baş drama teatrymyzda onuň açylyş dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy hemmämizde ýakymly täsir galdyrdy. Teatrymyzyň festiwala getiren sowgady hakynda aýtsak, biz iki sany uly sahna eserini taýynladyk. Olaryň ilkinjisi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romany esasynda taýýarlanan adybir sahna oýnumyz bolsa, ikinjisi «Gorkut ata» eposy esasynda sahnalaşdyrylan «Domrul» sahna oýnudyr.

—     Bu sahna eserleriniň ikisi hem tomaşaçylara öňden tanyş, köpüň söýgüsini gazanan eserler. Mümkin bolsa, oýunlary taýýarlaýşyňyz dogrusynda gürrüň berseňiz!

—     Festiwalyň ikinji güni, 20-nji noýabrda «Döwlet guşy» oýnumyzy görkezdik. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, bu sahna eserinde Beýik Watançylyk urşunda tylda görkezilen gahrymançylyk hakda gürrüň berilýär. Hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly aganyň 11 ýaşynda wagty hem obadaşlary bilen birlikde kynçylyklary mertlik bilen ýeňip geçişleri suratlandyrylýar.

«Döwlet guşy» halk dramasynda baş keşplerden Berdimuhamet aganyň keşbinde Batyr Çaryýew, Mälikguly aganyň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew, Mälikguly aganyň ýaşlyk keşbinde artist Amanmuhammet Ataýew, Ogulbäbek ejäniň keşbinde artist Selbi Babylowa çykyş etdiler. «Döwlet guşy» sahna eseriniň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, ynsanperwer, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmekde uly ähmiýeti bar.

«Domrul» sahna oýnumyz barada aýtsak, öz döwründe dünýäniň köp döwletlerinde görkezilip, türkmen teatrynyň ýüzi hökmünde meşhur bolan bu sahna eserini täzeden işläp, has-da syntgyladyk. Her bir eseri täzeden işledigiňçe, onuň täsirliligi şonça-da artýar. Çünki kämilligiň serhedi ýok. Domrul — gaýduwsyz, batyr, edermen. Duýdansyz gelen Ezraýyl bilen söweşe girýär. Öňki oýnumyzda ejesi Domrula janyny bermeýär. Täzeden işlenende, ejesi janyny berermen bolýar. Ahyrynda Taňrynyň emri bilen olar azat edilýär. Domrulyň keşbinde Türkme- nistanyň at gazanan artisti Ýeňiş Ýazmyradow, onuň hatyny Näzli Çeçegiň keşbinde Dilşat Meläýewa çykyş edýär. Domrulyň kakasynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýew, ejesiniň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Gülnabat Aşyrowa, rawynyň keşbini Baý- ramdurdy Rahymow, taýharly ýolagçynyň keş- bini Orazgeldi Durdyýew, Şerhanyň keşbini Batyr Çaryýew, Artykmaç gelniň keşbini Oguljahan Täçgeldiýewa dagy janlandyrýar.

—     «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň geçirilmegi teatr sungatyny ösdürmeklige mynasyp goşant bolar.

—     Hormatly Prezidentimiziň festiwala iberen Gutlagynda hem aýdyşy ýaly, bu teatr festiwalynyň geçirilmegi halklaryň doganlyk-dostlugyny berkitmekde, teatr sungatyny kämilleşdirmekde hem mynasyp orna eýedir. Festiwalyň dowamynda teatrlarymyzda ussatlyk sapaklary hem geçirilýär. Munuň özi bolsa aýratyn hem teatr sungatyndan bilim alýan ýaşlarymyz üçin diýseň, peýdalydyr. Çagalar gurjak teatrlarynyň öz oýunlary bilen gatnaşmaklary festiwalyň ýene bir ähmiýetli tarapydyr. Festiwalyň myhmanlary Şekillendiriş sungaty muzeýinde teatr sungatyna bagyşlanan sergä tomaşa etdiler. Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Magtymguly» sahna oýny görkezildi. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Binýat» atly sahna oýny görkeziler. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň «Baky rowaýatlar» sahna oýny çagalara özboluşly sowgatdyr.

      Jemläp aýdanymyzda, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň geçirilmegi teatr sungatyny ösdürmekde, kämil- leşdirmekde ajaýyp ýoldur. Teatr sungatynyň wekilleriniň özara duşuşyp, pikir, tejribe alyşmaklary, bir-birekden öwrenmekleri oňa gatnaşyjy dürli döwletleriň sungat wekilleri üçin hem diýseň peýdaly bolar. Iň esasy zat bolsa, onuň sungat dünýäsinde zähmet çekýän dürli ýurtlar- dan gelen teatr zehinlerini bir supranyň başyna jemlemegidir. Festiwal täze dostlary tapyp berer, dostlary dogana öwrer. Eýsem, sungatyň esasy maksady hem şu dälmi näme?! Şunuň ýaly ajaýyp mümkinçiligi döredip beren hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tu- tumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

—     Size-de üstünlikler ýar bolsun!

 

Söhbetdeş bolan Aýjemal OMAROWA.