Türkmen teatrynyň halypasy

Ýokary okuw mekdebinde ýaňy okuwa başlan günlerimiziň birinde okuw binamyza girip barýan bu ynsany uzagrakdan hem bolsa tanap ýetişdik. Ýörände-de agras, saýhally, howlukman gadam urup, görenleriň hormat bilen baş egip salam berýän ynsany — Çaman serdaryň kakasydy. Ýagny «Gorkak Batyr» atly çeper filmde Çaman serdaryň kakasynyň keşbini döreden ussat artist, halypa režissýor Durdymämmet Oraýewdi. 

Okuwy tamamlap, teatra işe baranyňda ilki berilýän sowallaryň biri: «Mugallymyň kim?!» ýa-da «Kim okatdy sizi?!». Hawa, şol hormatly mugallymlarymyzyň biri hem halypamyz Durdymämmet Oraýewdi. «Aktýor ussatlygy» hünär dersinden 4-5 ýyllap okatmasa-da, ol biziň hem mugallymymyzdy. Halypa mugallymymyz geljekki drama režissýorlary bolup ýetişmeli oglan-gyzlaryň mugallymydy. Drama režissýorlary bolmaly talyplar aktýorçylyk ugrundan bilim alýan talyplar bilen sahna eserlerinden böleklerdir diplom işlerini taýýarlaýardylar. Bu usul teatr režissýorlarynyň ilkinji ädimleriniň biri bolup durýar. Ana, onsoň mugallymlar sözlerini öz talyplarynyň işlerine baha berýärler. Onsoň aktýorçylykda okaýan talyplar üçin hem bilim, nazaryýet we amalyýet döwri bolup başlaýar. Režissýorlygyň täsin syrlary bilen aktýora psihologiki täsir etmeleriň, ynandyrmalaryň okuw usulyny synlap oturan talyplar mugallymyndan öwrenip, tälim alyp oturandyr. Pedagog režissýor özünde bar zehinini yhlas bilen artiste berer, öwreder, tekrarlar. Onsoň ol şol birwagtyň özünde aktýorçylyk hünärinden bilim alýan talyplaryň hem mugallymy bolýar duruberýär. 

Durdymämmet Oraýewiň ýiti zehinli talyplarynyň biri Mekan Sylapow. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Mekan Sylapow Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatrynda zähmet çekýär. Ol meşhur artist, režissýor, ýazyjy Baba Annanowyň «Aktýor» atly hekaýasyny alyp, taýýarlap ussadyna görkezmelidigini, şol eser bilen synag tabşyryp, onuň baş gahrymany bolup hem meniň çykyş edip bermegimi haýyş etdi. Begendim. Bu meniň üçin täzelik we döredijilik gözlegi. Iň jogapkärli ýeri-de, hekaýa Baba Annanowyňkydy, baha berýän Durdymämmet Oraýewdi. Mekan çynymyz bilen, ýürekden taýýarlyk görsek, Durdymämmet mugallymy begendirip biljekdigimizi aýtdy. Taýýarlyk görüp ýörkäk, Durdymämmet mugallym: «Taýýarlygyňyzy görjek, maslahat berjek» diýipdir. Ýogsa entek synaga wagt bardy. Durdymämmet aga taýýarlygymyzy gördi, tanyşdy, sowal berdi, biz bolsa bildigimizden jogap berdik. Şonda ol Baba Annanowyň hekaýasynyň nähili döreýşini aýdyp berdi. Ol esere neneňsi çemeleşmelidigini we eserde çykyş edýän baş gahryman bolan aktýoryň içki dünýäsini, özüni nähili alyp barmalydygyny salgy berdi. Esere gatnaşýan beýleki gahrymanlaryň hem häsiýetleriniň nähilidigini we olaryň durmuşdaky prototiplerini gürrüň berdi. Şeýdip, mugallymymyzyň maslahatlaryndan soň, zähmetimiz ýerine düşdi. Mugallymymyz soň-soňlaram: «Nesip bolsa, ine, teatrda gowy artist, oňat režissýor bolup ýetişersiňiz, şonuň üçin siz hökman bir zady bilmelisiňiz. N.W.Gogolyň aýdyşy ýaly: «Teatr — beýik mekdep. Teatr — hiç bir jähetden bihuda wagt geçirilýän ýer däl... Bu — adamzada köp-köp ýagşy, päk niýetleri siňdirmäge uçursyz uly mümkinçilik berýän kafedra» diýip nygtardy. 

Durdymämmet mugallym türkmen diliniň arassa aýdylmagyna örän uly üns berýärdi. Talyplaryň, artistleriň dürs, düşnükli, saýhally geplemeklerine we her sözüň basymyna, äheňine laýyk aýtmalydyklaryna uly ähmiýet bererdi. Halypa režissýor hökmünde ene dilimiziň arassa saklanmagynyň tarapdarydy we onuň şireliliginiň tagamyny duýup, baýlyklaryny gorap saklamak we ösdürmek ugrunda elinden gelenini ederdi. Şol wagtlar altmyşyň onuna giren ussat halypa diňe bir talyplara däl, öz kärdeşlerine-de göreldedi. Talapkärdi, işine örän jür, çyn sözli, sylagly we iň esasy-da mertebeli adamdy. 

Durdy aganyň diňe okumyşlygy barada söhbet edeniňde-de, kän zatlary aýdyp bolar. Onuň baý kitaphanasy bar. Diňe bir sungata däl-de, durmuşyň ähli ugurlaryna degişli kitaplar Durdy aganyň öý kitaphanasynyň baýlygy. «Dile geldi, bile geldi» diýleni, ol haýsydyr bir çeper eseri okap bolanyndan soň, kitaby maşgalasyna-da okamagy maslahat berýär ekeni. Maşgalasy Enejan daýzamyz kitaby diňe bir okap oňmaly däl-de, eýsem, ýanýoldaşy Durdymämmet aga bilen pikir hem alyşmaly ekeni. Kitabyň many-mazmuny, içki gurluşy, ýazyjynyň öňe sürýän ideýasy, eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän gahrymanyň häsiýeti we eseriň ähmiýeti dogrusynda aýdyp bermeli ekeni. Şonuň üçin Durdymämmet aga: «Enejan...» diýeninden ýanýoldaşynyň näme diýmekçi bolýandygyna düşünýän Enejan daýza myhman garşylap, myhman ugradyp, adamsynyň abraýyny belende götererdi. 

Bir gezek myhman üçin, ýagşy zyýapatdan soňra unaş bişiren Enejan daýza ony saçaga burçluja edip alyp berýär. Unaşy dadyp gören Durdymämmet aga: «Baý-buw, bü-ýä meniň isleýän ajymdan çökderräk bolaýýan ýaly göwnüme. Hany muny Myrada geçireýin. Maňa başgasyny guý-da, burçly ýerine gelende sypaýyçylykly çemeleşäý» diýip, burçly unaşy kärdeş dosty — Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýewe uzatmak bilen bolýar. Ol garbananda-da iýýän tagamlaryna ähmiýet bererdi. Saçagynda dürli naz-nygmat bolsa-da, doýa iýmezdi. Datly tagamlary bişirýän gyzlarydyr gelinlerinden öwgüli sözlerini gysganmazdy. Tagamdan soň öten-geçen halypalarydyr deň-duşlaryny ýatlap, aýat-töwir edip, özem täsin tarapy, ötenleriň atalarynyň atlary bilen bile dogry tutup, aramyzdan giden ýyllarynyň yzygiderliligini saklap, ýatdan aýdyp, olaryň ruhuna degsin ederdi. 
Durdy aga sabyrlydy, şükürlidi. Mydama-da sport bilen meşgullanyp, uzak türgenleşmäge-de wagt tapardy. Öte zerur bolmasa, pyýada ýörärdi. 30-njy kiçi etrapçasyndan tä 10-njy kiçi etrapçasyna çenli bile pyýada ýörän kärdeşleri bu barada täsirli gürrüň berýärler. 

Talantly adamlara sarpasy uludy. Olaryň durmuşy, hal-ýagdaýlary bilen gyzyklanyp bilýän adamdy. Talyplarynyň maddy ýagdaýlaryny hem gözden salmazdy. «Sypaýyçylyk etmäň, dogryňyzy aýdyň» diýerdi. 
Çagalaryna hamrakdy we dözümlidi, aladaçyldy. Bir gezek Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Nobatguly Rejebow gürrüň berdi: «Döredijilik sapary bilen Moskwa barýan. Durdymämmet aga aýaly bilen şol ýerde okaýan ogullary Öwezgeldä menden bir sumka zat ugratdylar. «Içinde-de etli, gökli gutap bardyr. Öňüňden çykar. Gyzgynjagy bilen gowşur. Sowatmanjyk iýsin şol ýerde diýibem tabşyrdylar diý». Bardym «Nobatguly kaka, salawmaleýkim, geldiňizmi sag-aman» diýip, öňümden çykdy. Juda edepli, düşünjeli ogullary bar ekeni. Ene-atasynyň diýenleri onuň üçin kanun ekeni. Dramaturg halypamyz Berdi Bäşim hem: «Durdynyň çagalary pylan daýy diýmän, hökman pylan kaka diýip salamlaşanlarynda-da tüweleme terbiýäniň öýi diýdirýärdiler» diýip ýatlaýar. 

1938-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Mülkamaşa obasynda doglan Durdymämmet Oraýew Mary şäherindäki 6-njy orta mekdebi tamamlap, Daşkendiň çeper-teatral institutynyň režissýorlyk hünäri ugrundan okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebini 1961-nji ýylda tamamlap, Lebap welaýatynda işe başlaýar. Bir ýyldan soň bolsa Durdymämmet Oraýewi Daşoguzyň sazly drama teatryna teatryň işini kämilleşdirmek üçin işe geçirýärler. 1963-nji ýylda bolsa Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna — häzirki Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna işe çagyrýarlar. 1964-nji ýylda Aşgabatda täze açylan Ýaş tomaşaçylar teatryna baş ýolbaşçy wezipesine bellenýär. Soňra 1968-nji ýyldan ýene-de Mollanepes adyndaky akademiki teatrynda sungat ýoluny dowam edip, ençeme spektakllary sahnalaşdyrýar. Olaryň hatarynda, K.Çapekiň «Ene», W.Wişnewskiniň «Şatlykly tragediýa», N.Abdullaýewiň «Dagly adam», B.Jakyýewiň «Atanyň takdyry», M.Gurbangylyjowyň «Şahyryň ölümi», A.Gahharyň «Mazardan çykan ses», H.Derýaýewiň «Hojanepes», N.Pogodiniň «Eli ýaragly adam», A.Atajanowyň «Men size ynanýaryn», N.W.Gogolyň «Öýlenmek» A.Mämiliýewiň «Oýun bir, maza iki» ýaly sahna eserlerini agzamak bolar. Durdymämmet mugallymyň eserlerini ýene näçe sanasaň sanabermeli. Daşary ýurt dillerinden terjime eden sahna eserleriniň hem şindem sahnadan düşmän, tomaşaçylarymyzy begendirip gelýändigini aýtmak buýsançlydyr. Halypa rus, belarus, çeh, başgyrt, brazil, eston, osetin, gyrgyz, täjik, gazak, özbek, hindi, azerbaýjan dramaturglarynyň eserleriniň ýigrimiden gowragyny türkmen diline terjime etdi. Ol sahna eserleriniň ýygyndysyny «Magaryf» neşirýaty özbaşdak kitap edip çykardy. Şolardan özbek, gazak, gyrgyz dramaturglarynyň eserlerini Durdymämmet mugallym olaryň hut ene dilinden türkmen diline geçiripdi. Ýeri gelende, Durdymämmet mugallymyň öz galamyna degişli «Ýolda», «Ýürek ýürege habar berýär», «Ene ýüregi» ýaly sahna eserlerini ýatlamak ýakymlydyr. Şu gysgajyk ýatlama makalamyzda ýene-de bir zady aýdan ýagşy. Ol hem Han aga lakamly Durdymämmet mugallymyň iş pursatlarynda we durmuşda aýdan jaýdar jümleleriniň şu günlerem şägirtleridir aktýorlaryň arasynda ýakymly ýatlama bolup aýdylyp gelinýänligidir. Ine, olaryň käbirleri: «Şojagaz sözi çümmükläpjik goýber», «Sözlemiňe agraslyk çaýyp aýdyp goýber», «Sen meniň bu aýdanlarymy pişme seçen ýaly edäýmersiň-dä herne», «Bä-ä, sen-ä meň papagymy gaýdyraýjag-ow», «Spektaklyň ojagaz ýerini kemput edäýseň-ä bordy», «Annamyrat gazanjyňa görä gygyraý», «Haýtmyrat, men seni gaty gowy tanaýandyryn», «Ýok Jumamuhammet, ol gazany ilki özüňiz atardyňyz», «Senden öňem biri bilen tutaklaşyp geçmeli boldy», «Ber ony gyşda penjeginiň içinden geýer», «Be-e, gepleýişleri şeýle bolsa özleri dagy näzeýillik-ä olaryň», «Oňatmy, oňatçylykmy onsoň, oňat işläp ýörmüsiň», «Beren sözüň hatly bukjaň ýüzüne howul-hara ýelmenen belgi (marka) ýaly gaçyp galmasyn», «Döşüňe urubererlik ýagdaýyň bardyr-la hernä», «Basgançakdan togalanyp gaýtmaly bolsak, aşagyňda galar öýdüb-ä pikir etme», «Merduwana çykmaly ýerem-ä bardyr», «Sypaýyçylyk etmäweri». 

Durdymämmet mugallym sahnada «Leýli-Mežnun» spektaklyny goýup ýörkä, režissýoryň kömekçisi ýaş aktýor Haýtmyrat Durdyýewe: «Haýtmyrat, ses ýazgy etjek bolýas, sende uly magnitafon bar diýdiler, getirip bilmezmiň!?» diýýär. Haýtmyrat ýygralyk bilen: «Getirip bilerin welin, Durdy mugallym, ýöne Ylýas diýip bir goňşym bar, ana şonuň kiçiräk, ýöne gaty gowy ýazgy edip bolýan magnitafony bar, şony getirsem bolmazmyka!?» diýýär. Durdymämmet mugallym: «Hä-ä, şeýlemi. Sen onda sypaýyçylyk bilen haýyş etmäge çalyş. Durdymämmet aga soraýar diý, teatra zerur diý. Mähetdel etmänem gowşurarys diýip aýtsaň, ol döşüňden itip arkan gaýşyp durasy ýog-a!?» diýip, köpmanyly sözläpdir. 

Türkmenistanyň at gazanan artisti Juma Kowusow Durdymämmet aganyň üzüm dalbarynda işläp, üzüm şahalarynyň artykmaçlaryny gyrkyp bolansoň, günortanlyk arakesmä çykýarlar. Durdymämmet aga gelen jaňa jogap bermek üçin eýwana çykýar. Futboluň ölemen janköýeri Juma-da törki jaýda teleýaýlymda futbol ýaryşyna tomaşa edip oturan. Birden niredeligi ýadyndan çykandyr-da, «Go-o-oll» diýip, bogazyna bat berip zowladan. Telefonda gepleşip oturan Durdymämmet aga gapysy açyk duran otaga tarap boýnuny uzadyp: «Jumamuhammet hernä biziňkiler utýandyr-da?!» diýip, ýuwaşrak gygyrsa-da, kem bolmajagyny ýaňzydypdyr. 

Bir gün teatr aktýorlary bir awtobus bolup sadaka gidýärler. Ýolda barýarkalar Durdymämmet aga: «Öýe sowlalyň başgabymy almak üçin» diýip, kärdeşlerinden haýyş edýär. Oňa ýok diýjek barmy!? Gelýärler. Öýe girip, wagty bilen hem çykmansoň, yzyndan «Iň kiçimiz sen, bar aýt» diýip, ugradýarlar ýaşlaryň birini. Ine, ol ugradylan kişi barsa, Durdymämmet aga törde, maňlaýyny ýelýyrtan ýaglyk bilen sylyp, howlukman burçluja etli börek iýip otyr diýýär. Gelen ýigide gözi düşen Durdymämmet aga: «Hä, Begmyrat, geç saçagyň başyna. Baran ýeriňde saňa şunuň ýaly börek berip duraslary ýok. Gel, hany, geç, sypaýyçylyk etme!» diýip, oňa hökman wagtynda naharlanmalydygynyň maslahatyny berip başlapdyr. Herki zady öz wagtynda ýerine ýetirýän Durdymämmet aganyň bu häsiýetine belet kärdeşleri bolsa bu ýagdaýa ýylgyryp, hormat bilen ylalaşmaly bolupdyrlar. 

«Leýli-Mežnun» spektaklynyň taýýarlyk pursatlarynyň birinde iki sany ýaş artistleriň bir ýaşuly artisti süýräp getirmeli ýeri bar ekeni. Olar hem ýaşlyk edip režissýor gaty bir ähmiýet hem beresi ýok-la diýen pikir bilen, ýaşuly aktýoryň diňe çigninden tutubrak ýöredip, sahna getirýärler. Taýýarlyk pursadynyň hem örän çyn bolmagyny talap edýän Durdymämmet aga: «Haýtmyrat, Toýly Oraz Baýramy götermek üçin irden turup, çörege mesge çalyp, iýmegiň geregi ýok ahyry!?» diýip, çepiksije artist Oraz Baýramowy götermek üçin köp güýji sarp etmeli hem däldigini ýaňzydypdyr. 

Durdymämmet mugallym bir gün talyplarynyň birinden soraýar: «Dursun, hany seniň bu günki sapagymyza degişli depderiň?!». Ýygrylyp duran talyp: «Waý, mugallym, men ony Mekana berdim welin, Mekanam Ýusuba beripdir. Ýusubam göçürensoň, Juma beren ekeni. Juma-da ony...» diýeninden onuň sözüni bölüp: «Hany, dur, gyz! Gürrüňler şeýdip tans oýnap ugrasa, meniň halamaýandygymy sen entek bilmeýän bolarly!?» diýip, talybyna halypalyk maslahatyny berip başlapdyr. 

Bir gün Durdymämmet Oraýew täze spektaklyň taýýarlygyny görmäge başlamanka, onuň ýanyna barmaga çekinip, iki sany artist zenan spektaklyň suratkeşi Şamuhammet Akmuhammedowdan Durdymämmet mugallymdan taýýarlyk işinden rugsat alyp bermegini haýyş edýärler. Belent adamkärçilikli, ussat halypa Şajan aga-da sypaýyçylyk bilen Durdymämmet aga ýüzlenýär: «Durdy, olar köpçülik sahnasyna çykýarlar. Edil şu günlükçe bolýar, gidiberiň diýip bilmezmikäň?!». Söze suwara, talapkär Durdymämmet aga-da: «Şamuhammet, olar spektaklyň içinden eriş-argaç bolup geçýär ahyry!» diýip, sahnada her bir artistiň öz ornunyň zerurdygyny, aýtmaly ýeke sözi bolsa-da, özüniň aýtmalydygyny nygtap, artistleriň göwnüni göterip, soň taýýarlyga başlabermek bilen bolupdyr. 

Artistleriň biri satyn alan ulagynyň biraz gymmadrak düşendigini aýdyp, Durdymämmet aganyň ýanynda zeýrenjek bolupdyr. Durdymämmet aga ondan ulagynyň bahasyny sorap, «Hä şeýlemi, gör, seni tanansoňlar asmandan sallab-a bermändirler!» diýip, onuň göwnüni götermek bilen bolupdyr. 

Ýokary okuw mekdebinde mugallymçylyk edip ýören Durdymämmet aga bir gün teatra gelende, işe ýaňyrak başlan artistleriň biri biraz gopbamlyk edensoň, Durdymämmet aga-da onuň ýanyndaky artistlere ýuwaşlyk bilen: «Be-e, bu ýaş oglan men-men diýip, döşüne kakýar welin, bu-da teatrda işleýärmi!?» diýip soraýar. Onuň bu teatrda artist bolup işleýändigini aýdýarlar. Durdymämmet aga: «Hä, onda ol perdäniň aňyrsynda çykyş edýändir-dä. Ýogsa biz bu ýigidi tanamaly ahyry!» diýip, jaýdar söz bilen, edep-terbiýäni saklamalydygyny duýdurypdyr. 

Durdymämmet Oraýew lukmanlaryň barlagyndan geçip gelen artist Haýtmyrat Durdyýewden gyzyklanyp: «Haýtmyrat, hawa, onsoň lukmanlar näme diýdiler?!» diýip soraýar. Ol biraz gaşyny çytyp: «Aý, aşgazanyň üçin berhiz tutmaly diýdiler» diýýär. Onda Durdymämmet aga: «Hä, şeýlemi. Onuň üçin çylşyrymly matematika gerek däl. Esasy zat şu iliň halan naharlaryndan gaça durubermelidir!» diýip, birbada dogramadyr palaw, manty ýaly, haýal özleşýän datly tagamlara topulybermeli däldiginiň berhiz bolýandygyny Haýtmyrada maslahat berýär. 

Durdymämmet Oraýewiň ýetişigi kynrak, ýaltarak bir talyby bardy. Oňa öňem gatyrak käýändirin öýden Durdymämmet mugallym ýiti söz bilen: «Sen oglany o ýyllykdan bu ýyllyga eliňden-aýagyňdan tutup, süýräp geçirýäris welin, bir ýeriňi agyrdýan-a däldiris-dä hernä!?» diýip, talybyna edep bermegiň şeýle usulyny hem ulanypdyr. 

Durdymämmet mugallymymyzyň sözleýiş medeniýetiniň örän ýokary bolany üçin talyplaryndan hem şony talap ederdi. Her bir ussada mahsus bolşy ýaly, Durdymämmet Oraýewiň ýene bir ýagşy işleriniň biri, onuň köp zehinli şägirtleri ýetişdirenligidir. Öwezmämmet Galandarow, Mekan Sylapow, Maksat Amangylyjow, Mustapa Dolyýew, Ata Gullarow, Pendi Amandurdyýew, Ýusup Baýramow ýaly, zähmetsöýer, zehinli şägirtleri teatrdyr sungat ojaklarynda öz halypalary Durdymämmet Oraýewiň umman ýaly döredijilik ýoluny dowam edýärler. Bu bolsa Durdymämmet Oraýewiň aňymyzda, ýüreklerimizde ýaşaýanlygydyr elbetde. 

Halypamyzyň nesil dowamaty bar. Agtyk-çowluklary bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okap, dürli kärlerde işläp, atalarydyr babalary ýaly, il alkyşyny alyp ýörler. 

Batyr Çaryýew,  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahna ussady.