Her bir täze ädim, bildirilen beýik ynam ynsanlary ýaşaýyş kämilligine atarýar.
Halypa mugallyma her ýyl okuwy tamamlaýan talyplar alkyş baryny ýagdyryp giderdiler. Çünki ol biziň diňe bir ussat mugallymymyz bolman, eýsem-de, gyssanan-gynanan ýerimizde, şatlykly günümizde ilkinji maslahatçymyzdy.
Çagalykda «Siziň üçin, körpeler!» çagalar telegepleşiginde çagalaryň wepaly dosty Garagözüň aňymyzda galan sesini (şol döwrüň çagalary) hiç haçan ýadymyzdan çykarmasak gerek?! Hut şonuň üçin hem ol her gezek gürläninde, özüňi çagalyk ýyllarynyň ýakymy bilen ýylgyrdýan bir üýtgeşik duýgyny duýýarsyň. Ol teatryň sahnasynda ençeme ilhalar spektakllarda ýatda galyjy keşpleri döredip, halkyň gyzgyn söýgüsini gazanan ussat artist. Ol özüne ynanylan keşbi ussatlyk bilen ýerine ýetirip, teatryň ägirtleri, läheňler Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Muhammet Çerkezow, Sona we Suraý Myradowalar ýaly halypalaryň «berekellasyna» mynasyp bolup, kino sungatynda hem köp-köp täsirli keşplerde mawy ekrany bezäpdi. Ol Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor, halypa mugallym — Annamyrat Saparmuhammedow.
...Talyp ýyllarymyzda onuň talap edijiligi astynda her ýylda ýyllyk işlerini surata düşürerdik. Okuwymyzyň daşyndan Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde, teleradioýaýlymlarda hem işläp, tejribe toplamaga ugradardy. Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine, ýörelgesine eýerip, okuwda alan bilimlerimizi tejribelikde utgaşykly alyp gider ýaly halypalar bilen gatnaşykda bolmaga uly ýardam bererdi. Bu ýol-ýörelge ele aljak hünärlerimize uly täsirini ýetirýärdi. Okuwy üstünlikli tamamladyk. Annamyrat halypa maňa geljekde okuwa girjek kinorežissýorlara bilim bermek maksady bilen, institutda mugallym bolup işe galmagymy maslahat berdi. Men uly höwes bilen halypanyň maslahatyny kabul etdim. Bildirilen ynamy ödemek üçin, entekler öňde bitirmeli işlerimiziň köpdügine we diýseň jogapkärçiliklidigine soň-soňlar has ýiti akyl ýetirdim. Biz kinorežissýor hökmünde surata düşüren işlerimizi montaž otaglarynda yzygiderli işläp kebşirlärdik. Annamyrat halypa işlerimiz bilen içgin gyzyklanardy, öz degerli maslahatlaryny aýdyp, dogry ýoly salgy bererdi.
Halkymyzyň «Işleseň, il tanar» diýen nakyly il-günümiziň ýyllarboýy durmuş ýörelgesi bolup gelýär. Alym Arkadagymyz hem öz işiniň hötdesinden ussatlyk bilen gelýän adamlary sylaglap, hormatlamagy ajaýyp däbe öwürdi. Annamyrat halypanyň ylymda-bilimde bitiren işlerini nazara alyp, hormatly Prezidentimiz oňa professor ylmy adyny dakdy. Ol Sähragül Janmämmedowa ýaly mugallymlara ylmy ýolbaşçylyk edip, olaryň hem kandidatlyk dissertassiýalaryny goramaklaryna ýardam berdi. 2014-nji ýylda meni hem ýanyna çagyryp, «Saňa-da indi ylym bilen iş salyşmaga çen boldy. Ýazyp-pozmany başarýarsyň, galyberse-de, halypaň Baýram Abdyllaýew alym adamdy, saňa-da onuň ýoluny dowam etmeli wagt geldi» diýip, ýene bir uly ynam bildirdi. Maňa filosofiýa ylymlarynyň doktory Gully Akynyýazow we mugallym Sähragül Janmämmedowa, şeýle-de Annamyrat halypa öz işiniň köplügine garamazdan, degerli maslahatlaryny bererdi. Olaryň maslahaty, goldawy bilen «Baýram Abdyllaýewiň çeper döredijiliginde milli gahrymanyň keşbi» atly ylmy işi ýazmaga girişdim. Ol ylmy işim Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň bilelikde geçiren ýaş alymlaryň ylmy bäsleşiginiň birinji ornuna mynasyp bolupdy. Durmuşymda şeýle uly sylaga mynasyp bolmagyma sebäp bolan ynsanlaryň biri-de, Annamyrat halypady. Onuň sahna çykyp, ýürek buýsanjyny beýan eden pursatlary hiç wagt hakydamdan çykmasa gerek. Ol şonda: «Ýeňijileriň sylaglanyş pursadynda Türkmen döwlet medeniýet instituty diýlende, gözlerime begenç gözýaşlary indi. Haçan-da birinji orun diýlende welin, ýerimden turanymy duýman galdym» – diýip, edil çaga ýaly begenipdi. Biziň — talyplaryň, mugallymlaryň onuň «berekellasyna» mynasyp bolup, elinden gysyp bilsek, armanymyz ýokdy.
Halypanyň hemişe sadalygy, kiçi göwünliligi, pespälligi talyplar üçin sapakdy. Bir gün institutda sport çäresi geçirildi. Men kärdeşlerim bilen küşt oýnuny oýnap otyrdym. Garşydaşym utuldy welin, bizi synlap duran Annamyrat mugallym gabadyma gelip, «Hany, düz bakaly, göreli» diýdi. Birinji oýun deňme-deňlikde tamamlandy. Ikinji gezek täzeden düzdük. Bu gezek ýeňlip barýanlygyny duýan Annamyrat aga: «Bä, halypam diýip dagy, sylap goýjak däl-ow bi. Aý, hawa-da, «göreşde ataňam sylama» diýlipdir. Utulanyňy boýun alanyň ýagşy diýip, elimden gysyp, «berekella» diýipdi. Onsoň şeýle ynsana neneň hormatyň artmasyn?! Ol özüni uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýaly alyp barmagy başarýan adam, ol talyplary bolsa, edil öz ogul-gyzlary ýaly gowy görýär.
***
Medeniýet ministrliginiň «Maddy däl medeni miras» müdirligi tarapyndan türkmen halk dessanlaryny ÝUNESKO-nyň gymmatlyklaryna goşmak boýunça welaýatlara iş sapary guraldy. Annamyrat halypa meni hem iki sany telekinooperator talyplara jogapkär režissýor edip, iş saparyna ýollady. Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa we ylmy işgär Käkilik Öwezberdiýewa dagy bilen Türkmenistanyň ähli künjeklerine aýlanyp, dessançy bagşylar bilen ýazgy edip çykypdyk. Ähli dessanlary diňläp, kitaphanany okap çykan ýaly duýgulary başdan geçiripdim. Täze söhbetler döredijiligime-de, duýgy-düşünjäme-de uly täsirini ýetiripdi.
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda dutar saz guralyny ilkinji ýasan, Babagammaryň aramgähine baryp gördüm. Dutargulak atly bagyň asyrlar boýy ösüp, gülläp oturşyny synlamak, onuň taryhy bilen bagly wakalary diňlemek täsirlidi we gyzyklydy. Her bir baran ýerlerimizde hem şunuň ýaly täsin pursatlary başdan geçirýärdik. Ine, şunuň ýaly iş saparlaryna ugradyp, halypam mende özüm üçin entek dünýäniň açylmadyk gatlaryna aralaşmaga uly mümkinçilikler döredip beripdi.
Umuman, medeniýet we sungat işgärlerine, onda-da, bu ugurdan bilim berýän ýaş mugallymlara taryh bilen ýüzbe-ýüz bolmak gaty uly buýsançdyr. Goňurdepe dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji ojagy diýip eşidipdim. Bu barada «Taryha syýahat» diýen çeper publisistik filmde-de tomaşa edipdim, ýöne ol ýere baryp, Wiktor Sarianidiniň şägirdi Nadežda Dubowa bilen söhbetdeş bolup, ýazgy ederin diýip, pikir hem etmeýärdim. Mary welaýatyna baryp, ýüzlerçe kilometrlik çöle gidip, Goňurdepe diýilýän ýere bardyk. Ol ýerde arheologlar gazuw-agtaryş işlerini alyp barýardylar. Taryh ylymlarynyň kandi¬daty Muhammet Mämmedow bilen hem bu iş saparynyň çäginde tanşyp, köp taryhy wakalary öwrenipdim. Arheologlar bilen daň atandan, tä Gün batynça, işiň gidişini başdan aýak yzygiderlikde ýazgy edipdik.
Bir gün maňa jaň geldi. «Gyssagly işe gel, Annamyrat mugallym çagyrýar» diýdiler. Men haýal etmän bardym. Daşary döwlete ilkinji iş sapary. Onda-da Günüň dogýan ýurdy Ýaponiýa gitmelidigimi aýtdy. Begenjimden ýaňa aýagym ýere degmeýärdi.
...Ýaponiýanyň Tokio şäherine «Sony» we «Canon» kompaniýalarynyň öndüriji zawodyna baryp, dünýäniň iň täze gazanan tehnologiýalary bilen tanşyp, özüm üçin giden bir dünýäni açyp gaýdan ýaly boldum. Ol ýerden gelip, öz ulanýan tehnikalarymyzyň aýratynlyklaryny, entek bilmeýän zatlarymyzy beýleki mugallymlar we talyp ýaşlar bilen paýlaşypdym.
Bu iş saparynyň yzysüre Germaniýa döwletiniň Koblenz şäherine on günlük okuw saparyna ýollamak üçin kafedra müdirimiz Agageldi Orazmyradowy we sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowa üçimizi Annamyrat mugallym ýanyna çagyryp, tabşyryklar berdi. «Sizden tama uludyr. Giden ýeriňizden boş gaýtmaly dälsiňiz! Az wagtlyk hem bolsa, alyp bileniňizi aljak boluň, öwrenenleriňizi gelip, talyplara siňdirer ýaly...» diýip, diňe ýaş hünärmenleriň aladasy bilendi. Ol hemişe şeýle adam. Bir ýerde peýda getirjek iş bolsa, hökmany ýagdaýda öz işgärleriniň aladasyny edip, şol ýere gidip, bir zatlary öwrenip geler ýaly mümkinçilikleri dörederdi.
Bu okuw sapary bolsa, durmuşymda ýatdan çykmajak wakalara baý bolupdy. Germaniýanyň Landau uniwersitetinde dünýäniň ençeme döwletlerinden gelen mugallymlar bize dürli ugurlar boýunça sapak berip, düşünjämizi has-da artdyrypdylar. Dynç günleri bolsa Germaniýanyň Bon, Köln, Triýer we Ýewropanyň Lýuksemburg, Brussel şäherlerine syýahat saparlaryny guradylar. Iş saparlaryndan soň alyp barýan işlerimize täze garaýyşlar, täzeçillik gözi bilen seredip, täze taslamalar, meýilnamalar bilen işimizi dowam etdik.
Günlerde bir gün Annamyrat mugallym ýanyna çagyryp, telekinooperatorçylyk hünäri boýunça okuwa kabul edilen talyplary okatmagy tabşyrdy. Maňa bu iş birneme kynrak göründi. Men kinorežissýorlygyň operatorlykdan has inçeden başgarak ugurdygyny aýtdym. Emma halypa «Ýok, sen alyp çykarsyň, bu hünärler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly, ikisini hem utgaşykly alyp gidersiň» diýip, uly ynam bildirdi. Meniň üçin bu bildirilen ynam hem synagdy, hem ähli öwrenenlerimi talyplara geçirmäge we täzeçillik bilen öz ukyp-başarnygymy açyp görkezmäge döredilen mümkinçilikdi. Halypa mugallym Nurýagdy Şamuhammedow bilen on sany birinji ýyl talyplara sapak bermäge girişdik. Men her gün diýen ýaly Watanymyzda ilkinji telekinooperatorlar Bally Orazow, Myrat Gurbangylyjow dagydan operatorçylyk ugrunyň inçe syrlaryny we tärlerini öwrenerdim. Olaryň köp ýyllaryň netijesinde toplan tejribelerini diňläp oturardym we gollanmalaryny alyp, ýeke-ýeke gözden geçirerdim. Şeýdip, hem özüm öwrenerdim, hem talyplara öwrederdim. Bir gün kelläme bir pikir geldi. 10 talyba fotoapparaty nädip tutmalydygyny we ulanmagyň usullaryny öwredip, her haýsyna bir tema boýunça maksat goýduk. Olar hem bu pikiri goldap, alyp göterdiler. Ýerli-ýerden uly hyjuw-höwes bilen işe girişdiler. Olaryň biri dag gerişlerine siňip gitse, beýleki biri türkmen sährasynyň çöl beýewanyna çykdy. Aşgabat şäherimiziň gündizki hem agşamky lowurdaýan keşbiniň suratlarynyň sany gün-günden artdy. Ýurdumyzyň çar künjünde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem suratlarda gaýnap joşýardy. Tebigatyň, bag-bakjanyň waspy hem degerli tarypyny tapypdy. Çagalar dünýäsi welin, aýratyn bir täsinlikdi. Sport äleminde ýetilen sepgitleri beýan edýän şekillerde buýsançly öňe gidişlikler görünýärdi. Haýwanat dünýäsinde hem täze gizlin garaýyşlar bilen adaty adamyň gözüne ilmeýän pursatlaryna gabat gelmek bolýardy. «Ata Watanym», «Ene topragym», «Eziz türkmenim» atly foto suratlarda ýurdumyzyň ähli ulgamlarda ýetilen sepgitleri öz beýanyny tapýardy. Dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanan suratlarda bolsa medeniýet-sungat işgärleriniň dünýäniň ençeme döwletlerinde gatnaşan medeniýet günleriniň beýanyny aýdyň görmek bolýardy. Ine, şeýdip, alty aýyň dowamynda her gün diýen ýaly täze şekillere baha berip, ýalňyşan ýerleri bolsa täzeden yzlaryna ugradyp, gaýtadan surata düşürmäge ýollardyk. Şowly bolanlaryna bolsa, her haýsyna aýratynlykda kyrk sany surat ýerleşer ýaly diwarlyklary paýlap bererdik. Talyplar höwes bilen her haýsy öz diwarlygyny bezediler. Men netijäni ilki kafedra müdirimiz Agageldi Orazmyradowa görkezdim. Ol meni Annamyrat halypanyň ýanyna alyp bardy we biziň ýerine ýetiren işimiz barada aýtdy. Şonda Annamyrat mugallym: «Örän gowy, eger şeýle bolsa, talyp ýaşlara bäsleşik yglan edeli. Emin agzalary bolsa institutymyzyň kino ugry boýunça halypalardan bolsun!» diýip, ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşurjakdygyny aýtdy. Ýolbaşçynyň beýle goldawy bizi täze açyşlara tarap ugrukdyrýardy. Ýene-de başga-başga etsem-goýsamlar döreýärdi. Muny diňe ussat halypalar şeýdip bilýär.
Annamyrat halypa aýdyşy ýaly etdi. Ýeňijileri sylaglady. Gazet-žurnallardan we teleýaýlymlardan habarçylar gelip, bu wakany ýazgy edip, gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirdiler. Birinji ýyltalyplar bu bäsleşigiň täsiri astynda, az wagtda taplandylar we köp ýyllyk tejribäni gysga wagtda özleşdirmegi başardylar. Olar bu gyzgalaňly işlerden soň sowaşmadylar. Okuw ýylynyň ikinji ýarymynda bizde täze maksat döredi, biz olara gysga göwrümli wakalary kagyz ýüzüne geçirmegi tabşyrdyk. Wakalar hem olaryň öz başyndan geçirenleri bilen bagly bolmalydy. Her gün bir talybyň ýazan işini ara alyp maslahatlaşyp, kiçiräk ssenariýalary taýýarladyk. Biziň maksadymyz indi kiçiräk filmleri surata düşürmekden ybaratdy. Şeýdibem, täze menziller gapysyny açdy.
Soňra Annamyrat halypa işimi Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde dowam etdirmegimi isläp, işimi ol ýere hödürläpdir. Ol ak ýol arzuw edip: «Biz hünärmenleri ýetişdirýän bilim ojagy. Saňa indi uly-uly synaglar garaşýar. Ýurdumyzyň medeniýetiniň, sungatynyň ösüşine goşant goşmaly wagtyň geldi. Abraý bilen işläp, medeniýetiň talyby, halypa görendigi bildirýär diýdirmegi başargynyň!» – diýip, ýagşy umyt-arzuwlar bilen meni döredijilik ummanyna garşy atarypdy.
Ine, bu meniň öz mysalymda bir halypanyň ykbala ýetirýän täsirlerinden düzülen mozaika! Hawa, adama halypanyň zerurlygy barada bolsa, indi nygtap oturasy zat ýokmuka diýýän!
Ondan bäri ençeme ýyl geçipdir. Halypa toý-dabaralarda duşan mahalymyz, iň ýakyn ynsanymyz bolandygy üçin ylgap, ýanyna barýarys. Ol bize daşymyzdan guwanyp ýörenligini aýdýar. Elbetde, Gahryman Arkadagly, asuda, parahat döwletde halypalaryň buýsanjyna guwanyp ýören şägirtler hökmünde olaryň bildirýän ynamlaryny ödäp, mundan beýläk hem halal zähmet çekip, döredijilik ummanyna has çuňňur aralaşyp işlemeklik galýar.
Ýagmyr Türşekow