Teatr işgärleriniň hoşallyk dabarasy

Golaýda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň teatrlaryna «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermek bilen baglanyşykly gol çeken Karary ähli halkymyz bilen birlikde medeniýet we sungat işgärlerini hem diýseň begendirdi. Şu mynasybetli düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda hoşallyk dabarasy geçirildi. Bu teatryň artistleriniň taýýarlan «Teatr halkyň Arkadagly zamanasynda» atly edebi-çeper çykyşy bilen başlanan dabarada halypa artistleriň çykyşlary hem täsirli boldy. Ýurdumyzyň teatrlaryna «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesiniň berilmegi bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary tutuş türkmen teatr sungatyna, bu sungata ömrüni bagyş eden meşhur halypalara, halypa-şägirtlik ýoluna, her bir artiste goýlan belent hormat-sarpadyr diýip, çykyşlarda bellenildi. Teatrlarymyza şeýle derejeleri bermek bilen baglanyşykly kabul eden döwletli Karary üçin, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi.

Çykyşlaryň sahna eserlerinden parçalar bilen utgaşdyrylmagy hoşallyk dabarasynyň täsirliligini has-da artdyrdy. Bu medeni çärä ýurdumyzyň welaýat teatrlary hem sanly wideoaragatnaşyk arkaly goşuldylar.

Hoşallyk dabarasyna gatnaşanlaryň arasynda geljekki ýaş artistleri taýýarlaýan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary, dramaturglar hem bar. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň bu döwletli Kararynyň geljekde teatr sungatyny ösdürmekde uly badalga bolup durýandygyny aýdyp, teatr artistlerini taýýarlamakda öz zehin-ukyplaryny, gujur-gaýratlaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdylar. Munuň özi zehinli artistleri taýýarlamakda, milli dramaturgiýany ösdürmekde hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň «Sungata sarpaňa sag bol, eziz Arkadag!» atly edebi-çeper çykyşy dabara gatna - şanlaryň ýürek owazy bolup ýaňlandy.