PURSATLAR

1967-nji ýyl. Şol ýyl men Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdepde 8-nji synpda okaýardym. Türkmen nusgawy we häzirki zaman edebiýatynyň görnükli wekilleriniň goşgularyny okamagy, olary ýatdan labyzly aýtmagy gowy görýärdim.

Çeper okaýyş bilen içgin gyzyklanmagym ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki-drama teatrynyň režissýory Oraz Hajymyradow bilen tanyşmagyma sebäp boldy.

Şol ýyllarda teatrda we kinoda birnäçe keşpleri janlandyryp adygan, türkmen we daşary ýurtly dramaturglarynyň eserlerini teatrda sahnalaşdyran tanymal režissýor meni gadyrly garşylady. Işiniň köplügine garamazdan, mekdepde okaýşym, haýsy dersi has gowy görýänligim bilen gyzyklandy.

 Daşky keşbi sypaýy, mylaýym Oraz aga öz durmuş we sungat ýoly barada, esasan-da, özüniň dramaturg Bazar Amanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Mollanepes» dramasynda Mollanepesiň keşbini janlandyryşy barada gürrüň berdi. Birdenem gözlerini alyslara aýlap, Mollanepesiň liriki goşgusyny aýdyp başlady. Göz öňümde şahyryň özi duran ýaly duýgyny başdan geçirdim. Az salymdan halypa maňa bakyp, mylaýym sözledi:

— Goşgyny çeper okamak üçin, ilki onuň many-mazmunyna düşünmek gerek. Awtoryň goşguda näme diýjek bolýanyny pikir eleginden geçirmeli. Eger şeýle etseň, goşgy aýtmakda boýdaşlaryňdan öňe saýlanarsyň — diýdi.

Ondan bäri elli ýyldan hem gowrak wagt geçdi. Edebiýata bolan söýgim meni kitaphanaçy hünärine alyp geldi. Bagtyýar döwrümizde okuwçylar bilen edebi agşamlary geçirenimizde, her gezek manyly ömrüni milli teatr we kino sungatymyza bagyşlan artist Oraz Hajymyradowyň aýdan sözleri biygtyýar serime dolýar.

Ogulnyýaz Gulmuhammedowa