Sahnada keşdeläp duýgularyny

Hormatly Prezidentimiziň teatr sungatyny ösdürmekde döredýän mümkinçiliklerine jogap edip, medeniýet we sungat işgärleri döredijilik äleminde uly üstünlikleri gazanýarlar. 

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti Gülbahar Gurbangulyýewa entek ýaş gyzjagazka orta mekdepde geçirilýän çärelerde dürli keşplerde çykyş ederdi. Şol ýyllarda teatr sungatyna ymykly göwün berip başlaýar. Zehinli gyz Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki Monnon Uýgur adyndaky teatr-çeperçilik institutyny 1994-nji ýylda tamamlap, ýokarda ady agzalan teatrda zähmet ýoluna başlaýar. Ol «Japbaklar» atly sahna oýnunda Doýduk baýyň keşbini sahnada ilkinji gezek janlandyrýar. Gülbahar ge- çen menziline nazar aýlanynda bagtyýar çagalyk, ýaşlyk ýatlamalary bilen birlikde teatrda janlandyran dürli gahrymanlarynyň içki duýgulary bilen kalbyny «iýmitlendirýär».

Gülbahar özüne ynanylan keşbe düýrmegi bilen berilýär. Ol sahna- da keşbini janlandyrýan gahrymanyna öwrülip ýaşaýandygy üçinem tomaşaçynyň ýüreginde orun alýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde teatr işgär- leri halkara derejesinde geçirilýän festiwallara, bäsleşiklere gatnaşýar- lar. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri hem 2018-nji ýylda Täjigistan Respublikasynda, 2019-njy ýylda Gazagystan Respublikasynda döredijilik saparlarynda boldular. Şol çärelere makalamyzyň gahrymany hem gatnaşypdy.

Gülbahar tä sahnada döredýän keşbinden göwni suw içýänçä kanagatlanmaýar. Onuň gözlerinden eserde tomaşaça ýetirilmeli pikirleri okap bolýar. Bu zehinli artistiň sahnadaky sesi, äheňi näçe oýunlaryň şowly garşylanmagyna täsir edipdi. Geçen ýyl welaýatymyzda geçirilen Medeniýet hepdeliginde «Gelin ýöreýşi» atly oýun görkezildi. Artist zenan şonda Myrat baýyň başdaş aýalynyň keşbini janlandyrdy. Tomaşaçylar oýnuň şowly çykmagynda we halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanmagynda Gülbaharyň ýerine ýetiren keşbiniň hem täsiriniň uludygyny belleýärler. Geçen ýyl teatrda goýlan oýunlaryň tas ählisinde diýen ýaly Gülbahar hem dürli keşplerde çykyş etdi. «Bir günüň aladasyndaky» Almagül, «Abyl-Kabyldaky» Lubuda, «Döwletli Döwrandaky» Aýna ýaly dürli ýaşdaky, dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşbini döretmek Gülbahar üçin özboluşly döredijilik mekdebi boldy.

— Gülbahar Gurbangulyýewa — teatra ykbalyny    baglap, durmuşynyň mazmunyny goýazylaşdyran kärdeşlerimiziň biri. Ol režissýoryň özüne    
ynanan keşbine juda jogapkärli çemeleşýär, sahna eseriniň döredijilik dünýäsinde ýaşap, inçe duýgulary, täzelikleri bilen kärdeşlerini begendirip bilýär. Juwan duýguly artisti islendik ýaşdaky zenanyň keş- binde göz öňüne getirip bolýar — diýip, teatryň režissýory Perhat Hudaýberenow gürrüň berýär.

Täze ýylyň öň ýanynda teatryň döredijilik topary Gowşutgeldi Daňa- tarowyň «Yşgyň gämisi» eserini tomaşaçylara hödürledi. Perhat Hudaý- berenowyň goýan sahna oýnunda Gülbahar hem kompozitor Aýdyň Amanowyň aýaly Mähribanyň keşbini döretdi. Zenan dünýäsiniň inçe duýgularyny sünnäläp, tomaşaça ýetirýän artist — teatr äleminiň melikesi üçin sahnada durmuşyň ýene bir sahypasy janlanýar.

 

Mahym Rozyýewa