Türkmenistanyň at gazanan artisti Rahat Baýramow

Näme üçin «Garly kaka?»

Wekilbazar etrabynyň Medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy, Türkme- nistanyň at gazanan artisti Rahat Baýramow halk içinde «Garly kaka» ady bilen meşhurlyk gazandy. Ol bu ady 1998-nji ýyldan bäri göterip gelýär. Şol ýyl etrabyň klubunda «Çörliniň toýy» diýen spektakl goýulýar. Spektaklda sahna ussatlygyny ele alyp ugran Rahat Baýramowa Çörliniň kakasynyň synpdaşy Garly kakanyň keşbini ynanýarlar. Bu keşp garaşylanyndan hem şowly çykýar. Garly kakanyň keşbi tüýs Rahat Baýramowyň häsiýetine hem kybapdaş gelýär. Şondan bäri 20 ýyldan köpräk wagt geçenem bolsa, halypa artist henizem Garly kakanyň keşbinde ýaşaýar. Halk hem ony Garly kaka diýip tanaýar. 

Telpegi bilen tanalýan

Maşgalada 9 doganyň körpesi Garly kakanyň halk içinde meşhur bolmagynyň sebäpleriniň biri-de — telpegi. Halypa artist «Garly kaka» adyna eýe bolaly bäri sahnada telpegini çykarmandygyny aýdýar. «Telpek geýmesem, kän tananoklaram. Has ýiti adamlar bolaýmasa...» diýip, ol ýylgyrýar.

Halypanyň halypalary

Rahat Baýramow 1989-njy ýylda Mary şäherindäki uçilişeleriň birini konditer önümlerini bişiriji aşpez hünäri boýunça tamamlaýar. Emma ony sungat has özüne çekýär. Şol ýyl hem ol Marynyň Kemine adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda sahna gurujy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Teatryň baş režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Ýakubow ýaş ýigidiň teatra höweslidigini dessine duýýar. Oňa kiçiräk keşpleri ynanyp görýär. Her perdede taplanýan ýaş ýigidiň artist- lik ukybynyň bardygyny bilip, oňa özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär. Şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Bäşim Mollaýew hem geljekki Garly kaka sungatyň inçe ýollaryny öwredýär. Halypa- lardan gürrüň gozgalsa, Garly kaka sungat ussatlary — Mämmet Durdyýewiň, Alty Gurbanowyň, Handurdy Jumadurdyýewiň atlaryny hem buýsanç bilen agzaýar.

«Sahnada keşbiň kiçisi ýok»

Bu Garly kakanyň hemişe ýaşlara berýän maslahaty. Ol: «Sahnada bary-ýogy 10 sekunda ýeter-ýetmez wagtda görnüp gidýän hat gatnadyjynyň keşbini ynansalar hem, sen şol keşbe durkuň-düýrmegiň bilen girmeli» diýýär. Halypanyň özi hem hut şeýle ýol bilen üstünlige ýetýär.

Halypanyň çagalary Jemşit, Ejebaý, Maýa, Gülaýym dagynyň hersi başga hünärde zähmet çekseler-de, kakasynyň sungatyna uly hormat goýýarlar. Ýan- ýoldaşy Güljan gelneje bolsa, Garly kakany telewizorda görkezseler, agtyklary bilen bar işini goýup, mawy ekranyň başyna geçýärler.

 

Atamyrat Ýazweliýew