Gürrüňini etmekçi bolýanymyz Türkmenistanyň at gazanan artisti Öwezmuhammet Meredow diýseg-ä, köp okyjylarymyz tanamasa gerek?! «Tikgi» diýip tanyşdyraýalyň! Sebäbi artistiň özi hem hakyky adyny az eşidýär.
— Hakykatdanam, awtobusda gidip barýan bolsam, yzdan biri: «Eý, Öwezmuhammet!» diýse, seretmelidirem öýdemok. Käbiri jaň edip: «Hakyky adyňam bilemok. Tikgi diýäýsem, gaty görmersiň-dä» diýýänem bar. Menem: «Gaty görerinm-ow, zordan gazandym şu ady. Diýsene şony. Hakyt adym şol!» diýýän.
Tomaşaçy sahna ýüregi bilen berilýär, ynanýar. Şeýle bolansoň, şol keşpleri döredýän adamlaryň artistlerdigini hem unudyp, olaryň hakyky atlaryna derek döreden keşplerindäki atlaryny dakýarlar. Poşalak, Topulak, Eneküti, Ýalpyl, Emenek ýaly wäşiler hut şu atlary bilen halkyň ýüregine girdi.
— Ikinji adym Tirkiş. Çagalaryň yzy tirkeşikli bolsun diýlip, ikinji tutulýan adym. Tikgi hem şondan alnan — diýip, wäşi gürrüň berýär.
Tikgi 1992-nji ýylda ilkinji gezek köpçüligiň öňünde çykyş edýär. Etrapda Hasyl toýy bellenilýär. Sungata höwesli okuwçylary goldaýan mugallym Bäşim Agabaýew Öwezmuhammedi hem şol dabarada oýun oýnamaga taýýarlaýar. Oýun gowy garşylanýar. Bäşim mugallymy Tikgi ilkinji halypasy hökmünde ýatlaýar. Şeýle-de sungata höwesli ýigdekçe goňşusy, artist Gündogdy Orazberdiýewiň häsiýetine ýumruk ýalyjakdan öýkünip başlaýar.
— Mekdebi tamamlanymdan soň, Annanyýaz Kelhanow meni işe alyp, öňüme düşüp, sungatyň inçe ýollaryny öwretdi. Drama, folklor ugrundan bolsa Türkmenistanyň halk artisti Sä- het Durdyýew halypalyk etdi. Bu dört halypanyň diňe birini tut diýseler, tutup bilemok. Olaryň hersiniň öz orny bar.
Halypalary hakda söz açan Tikgi bilen söhbedimiz has-da gyzyşdy.
— «Tikgi» ady bilen haçan sahna çykdyňyz?
— 1997-nji ýylda «Tikgi we başgalar» filmde baş keşbi ýerine ýetirdim. Iň şowly çykan keşbimem şol. 1999-njy ýylda eýýäm şol at bilen tanalýardym. Şondan bäri hem şeýle. Ondan öň bolsa, köplenç, «Gödekow» familiýaly mekdep okuwçysynyň keşbini ýerine ýetirerdim.
— Wäşilik häsiýetiňizde-de bar ýaly?!
— Çagakam öýde ejem-kakam dagy çaý içip oturan bolsa, her hilije oýunlar edip, şolary güldürip bilsem, monça bolardym. Ýylgyrtmagy go- wy görýän. Ynanmazlygyňyz mümkin, gaty erbet utanjaňdym. Özümden uly agam bilen hatda oturyp, çöregem iýip bilemokdym. Sahnadan düşemsoň, adamlar bilen zordan gürleşýärdim. Ýöne sahna çykamda arkaýyn oýnaýan. Indi-indi ýüzüm açylyşdy. Meni tanaýan adamlar daşky görnüşim bilen içki häsiýetimiň biri-birine çaprazdygyny aýdardylar.
Gülküli sahnalar durmuşyň ol ýa-da beýleki ugrunda bolup geçen, ýa-da bolup biläýjek wakalaryň beýanydyr. Gülküli keşp döredip, tomaşaçylary ýylgyrtmak käte «men» diýen wäşiňe-de başardýan zat däl. Wäşileriň tomaşaçylary güldürip bilmedik wagtlary-da gabat gelýär. Şeýle ýagdaý Tikginiň sungatynda-da duş gelipdir. Ol bu wakany gülüp ýatlaýar:
— Gowy görüşýän oglanlarymyzyň biriniň toýunda çykyş etdik. «Sag bol, agam, märekäni güldür- diňiz! Dostlarymyň biri hem sizi toýuna çagyrjak diýýä» diýdi. Bizem «bolýa» diýip, aýdylan senede bardyk. Oýun oýnadyk. Myhmanlara hiç hili täsir edenok. Bagşyň ýerine wäşi gürläp dursa, tomaşaçy azda-kände bolsa-da, seredäýjek ýaly welin... Ýok. Asyl, seredip otursak, myhmanlar daşary ýurtlular eken-ä. Biziň ýerine ýetirýän sahnamyza düşünenoklaram eken-ä.
—Artist bolmadyk bolsaňyz...
— Obaçylrak-da men. Oba kärlerini saýlardym. Aslynda-ha, goýun çopany. Mekdepden soň goýun bakýardym. Çopançylykdan şu de- rejelere ýetdim.
— Aýazbaba çagakaňyz ynan- ýadyňyzmy?
— Şu wagtam ynanýan.
— Täze ýylda Aýazbabadan näme dilärdiňiz?
— Ýurt parahatçylygyny hemem saglyk.
Artistler, onda-da wäşiler bilen gürrüňdeş bolsaň, içiň gysjak gümany ýok.
Atamyrat Ýazweliýew