— Size «Çepbe» diýilmeginiň sebäbini bilmeýän okyjylarymyz bar bolsa gerek?!
— Çepbekeý bolamsoň, çagalykdan «Çepbäm» diýip çagyrardylar. Şondan galdy ol.
— Tikginiň aýtmagyna görä, siz ilki dutarçy ekeniňiz?!
— Hawa. Tikgi obadaşym-a. Ikimizem Babadaýhanyň Ak wekil obasyndan. 5 ýaşymda dutar çalyp başladym. 7 ýaşymda-da ilkinji gezek köpçülige çykdym. Baýramçylyklaryň birinde etrabymyzyň halk saz gurallary ansamblynda saz çalypdym.
— Halypaňyz kimdi?
— Kakam — Amanguly Modyýew. Olam sazandady. Kakam Mody başlygyň ogly. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» atly romanyn- da 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe oba adamlarynyň ykbalyny egninde götermegi başaran kolhoz başlygy Mody başlyk hakda-ha okansyňyz?!
— Elbetde!
— Wäşilige höwes soňrak, mekdebe baramsoň döredi. Raj Kapura meňzejek bolup, köçede-de şonuň hereketlerine öýkünerdim.
— Birbada kyn-a bolandyr?!
— Hemme işiňem başlangyjy kyn. Tikgi jan sagbolsun! Artistlik, wäşilik ýolunda esasy halypam şol. Halypalar — Türkmenistanyň halk artisti Sähet Durdyýewi, artistler Bäşim Agabaýewi, Annanyýaz Kelhanowy hem aýdaýyn.
— Edebiýata gyzyklanmaňyz nähili?
— Kitaby köp okaýan. Aýratynam, pýesalary, komediýa žanryndaky eserleri.
— Wagtyňyz bolýamy?
— Aý, çörek iýip otyrkamam okaberýän.
— Märekäni näçe sagat dagy güldürip bilersiňiz?
— «Indi gaýdaý, dost!» diýip kowýançalar-a güldürerin.
— Öýde nähili?
— Wäşiligimi gapyň daşynda goýup girýän öýe. Ýogsam, öýe girmek ýok.
— Özüňizden öň sahna çykanlaryň hemmesine halypa diýip bilersiňizmi?
— Diýerin. Gerek bolsa, soňkulara-da. Pespäl-ä men. Häzir birine gatyrak gygyrsamam, yzyndan gynanyp, aglap oturyp bilýän.
— «Üstünlik» sözüne gysgaça kesgitlemäňiz?!
— Toýdan ýa sahnadan kowulman gaýtsaň, şondan uly üstünlik ýok, meniň pikirimçe.
— Iň şowly çykan keşbiňiz?
— «Çepbäniň toýy» filminde. 2009-njy ýylyň Täze ýyl baýramyna bagyşlanan.
— Arzuwlaryňyz amala aşdymy?
— Kakamyňkam.
— Düşünmedim?!
— Kakam çagalarynyň birden-biriniň tanymal artist bolmagyny arzuw edipdir.
— Hä diýmän, Täze ýyl geler. Taýýarlygyňyz nähili?
— Teatrymyzda talyp ýaşlar bilen baýramçylyk mynasybetli iki sany oýun sahnalaşdyrdyk. 28-ine görkeziler, nesip bolsa. Täze ýyl filmlerinde surata düşdük. Halkymyz baýram gijesinde tomaşa ederler.
— Ýaşlar bilen işleşmek nä- hili?
— Tüweleme, ýaşlar. Bir zat görkezdigiň, derrew alýarlar. Özüň arasynda oýun oýnasaň-a, hasam höweslenýärler.
— Gazetimiziň üsti bilen tomaşaçylaryňyza aýtjak zadyňyz barmy?
— Janlary sag bolsun! Bizi şu derejä ýetirenem tomaşaçylar. Olara diňe gowulyklary arzuw edýän! Baýramlaryňyz gutly bolsun!
Atamyrat Ýazweliýew