Sahna – köňülleriň hemrasy

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, ýurdumyzyň we daşary ýurt nusgawy dramaturgiýasynyň genji-hazynasyny halka ýaýmakda, ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, päk ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde kämil sahna eserlerini döretmek arkaly uly işler alnyp barylýar. Teatryň repertuarynda 50-ä golaý spektakllar bolup, olaryň 30-a golaýy uly ýaşly tomaşaçylara, 20-ä golaýy bolsa çagalara niýetlenendir.

Dramaturglar M.Hudaýgulyýewiň we A.Rahmanowyň «Ýüreklere ýol», A.Rahmanowyň we M.Mämmetgurbanowyň «Ene ýüregi», G.Daňatarowyň we G.Nepesowyň «Biz hökman duşuşarys» ýaly uly ýaşly tomaşaçylara niýetlenilen spektakllary, şeýle hem türkmen halk ertekileri esasynda A.Işangulyýewiň «Kör garga», L.Stepanskaýanyň «Böwenjik», L.Truhaçewanyň «Hudaýberdi gorkak» ýaly çagalara niýetlenilen spektakllary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Mundan başga-da teatrda daşary ýurt dramaturglarynyň eserleri sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara ýetirildi. Şu ýyl teatrymyzda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary esasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp sahnalaşdyrylan O.Wolkowanyň we M.Mämmetgurbanowyň «Türkmeniň bagty» spektakly we R.Tomanyň «Sekiz sany gowy görýän zenan», A.Wasilýewiň «Uýalar», M.Neprýahiniň «Aladdin we jadyly çyra» atly oýunlary sahnalaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek barada aýdanlaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan artistleri A.Spridonow, N.Laukert, O.Wolkowa, S.Troiskaýa, L.Kosonogowa ýaly halypalar ýaşlara sahnanyň özboluşlylygyny, hereket we dil aýratynlyklaryny, dürli inçe tilsimlerini öwredýärler. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Zähmete yhlasly adam zähmetiň miwesine gadyr goýmagy hem bilýär. Zähmet çekmek endikleri uzak wagtyň dowamynda kämilleşdirilip, ussatlyga ýol açýar» diýip belleýär. Özleriniň ukyp-başarnygy zähmetsöýerlik bilen taplaýan B.Garajaýew, K.Gurbanow, M.Kustodow, A.Zagorodnewa, D.Selýuminowa, A.Nazarowa ýaly ýaşlar halypalaryň sungatdaky ýol-ýörelgelerini dowam etdirip, täze keşpleri döretmekde barha kämilleşýärler.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzyň teatr we sungat işgärleri üçin hem rowaçlyklara beslenen ýyl boldy. Teatrymyz şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzda geçirilen «Türkmen teatr sungaty» atly teatr bäsleşige «Türkmeniň bagty» atly spektakly bilen gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň teatrlarynyň işini aýratyn üns merkezinde saklaýar. Asylly zähmet çekýän režissýorlara, dramaturglara, artistlere we beýleki medeniýet, sungat işgärlerine hormatly atlar, döwlet sylag-lary berilýär. Muňa jogap edip, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň işgärleri-de teatr sungatynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin öz gujur-gaýratlaryny aýaman zähmet çekýärler. Teatr sungatynyň milli binýadyny berkitmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Söhbet Serbazow,
A.S.Puskin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň bas ýolbaşçysy.