BUÝSANÇLY GANATYM — BEDEW

—    Türkmen halkynyň akyl-paýhasyndan dörän atşynaslyk sungaty özboluşly aýratynlygy, eýeleýän orny, ýerine ýetirýän hyzmaty bilen tapawutlanýar. Halkymyzyň bedew atlara bolan hormaty, söýgüsi örän ýokary. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň saýasynda bedewlerimiziň waspy dünýä ýaň salýar. Pygy aga, söhbedimizi atçylyga bolan höwesiňiz, bu babatda ilkinji ädimleriňiz baradaky ýatlamalardan başlaýalyň.

—    Mähriban Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «At—türkmen üçin hemme zat. Bu geç- mişde-de, şu günlerem şeýle» diýip belleýär. Elbetde, at türkmeniň taryhy bilen gönümel baglanyşyklydyr. Meniň durmuşym hem çagalygymdan bäri at bilen bagly. Özüm obada önüp-ösemsoň, at münmegi, at çapmagy çagalygymdan bäri höwes edýärdim. Orta mek- debi tamamlanymdan soň, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ogly Batyr Annaýewiň halypalyk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňki «Ýaş Türkmenistan» atly milli at üstündäki oýunlary toparynda artist wezipesinde işe başladym. Halypam maňa atyň üstünde oturmany, at üstündäki milli oýunlary, onuň dürli tilsimlerini ussatlyk bilen öwretdi. 32 ýyl bäri şu sungat bilen meşgullanyp gelýärin. Häzir Türkmenistanyň döwlet sirkinde halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, geljekki türgenlere bu sungatyň inçe syrlaryny öwredýärin. Şeýlelikde gadymdan gelýän at üstündäki milli oýunlarymyzy has-da kämilleşdirýäris.

— Ilkinji münen atyňyz we şonda başdan geçiren duýgularyňyz, umuman, at bilen adamyň sazlaşygy baradaky pikirleriňizi hem biz bilen paýlaşaýsaňyz?

— Türkmen atyna öz maşgala agzasy hökmünde garaýar. Oňa hemişe çaga sereden ýaly seredip, ideg edip, ata bolan söýgüsini, mährini görkezýär. At hem eýesiniň mährini duýýar. Şeýlelikde, at bilen adamyň arasyndaky sazlaşyk emele gelýär. Türkmenistanyň Döwlet sirkine gelip, meniň ilkinji münen atym «Meleguş» diýen mele at bolupdy. Men ony özüme örän ýakyn görýärdim. Hatda gije ýatyrkam hem: «Meleguşum, Meleguşum! Berekella, Meleguşum!» diýip, düýşümde-de gürleýän ekenim. Halkymyzda bir nakyl bar «At çapanyňdan geçdik, eýeriň gaşyndan berk ýapyş» diýip. Sebäbi ata münmänkäň, ilki fiziki taýdan taýýarlygyň gerek. Türkmeniň gadymdan gelýän seýisçilik sungatyna görä, gysga, uzak aralyklara at çapylanda ýörite seýisleniş usullary bar. Ynha, biziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň atlarynyň hersiniň seýisleniliş, ideg ediliş aýratynlyklary bar. Atlara bellibir möçberde iým berilýär. Her bir atyň hem ýerine ýetirýän oýunlary, tilsimleri, olaryň üstüne iki-üç adam bolup münülip edilýän çykyşlar bar. Şol çykyşlarda atlar agram görmezler ýaly aýaklaryna ýa biline şikes ýetmez ýaly köp türgenleşikler geçirilýär we iýmitine berk seredilýär.

—    Maşgalaňyzda ýoluňyzy dowam etdirýän çagalaryňyz barada-da aýdaýsaňyz.

—    Elbetde, her bir sungat kiçijek başlangyçlardan başlanýar. Ýaş nesilleriň dowam etmeginde has hem kämilleşip, nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolýar. Munda maşgalanyň täsiri uly. Meniňem bu işimi oglum Serdar, kiçi gyzym Medine dowam etdirýär. Olar birnäçe halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Bu hem meni örän buýsandyrýar.

—    Geljekde toparyňyz bilen durmuşa geçirjek meýilnamalaryňyz barada-da aýdyp beräýseňiz!

—    Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň 2007-nji ýylda döredip beren «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz eýýäm birnäçe ýyl bäri köpleri haýrana goýýar. Häzirki wagtda toparymyzda 20 türgen we 20 sany atymyz bar. Birnäçe döwletde halkara ýaryşlarynda çykyş edip, ýeňiji bolmagymyz Gahryman Arkadagymyzyň şu topara berýän hemaýatynyň, goldawynyň, ahalteke bedewlerine bolan çäksiz söýgüsiniň netijesi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň dürli tomaşalary hem diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem söýgüsini gazanmagy başardy. Olardan «Dutar we Akhan» tomaşasynda iki aýagynda ýöremekde Ginnesiň Bütindünýä re- kordlar kitabyna giren hormatly Prezidentimiziň Akhan atly aty bilen toparymyzyň ýigitleriniň milli saz guralymyz bolan dutaryň kakuwly owazy bilen ýerine ýetirýän sirk tomaşasy hem ýatda galyjy çykyşlaryň biridir. Biz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bolup «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesi mynasybetli ýokary derejede çykyşlarymyzy gözkezdik. Şu ýylda üç welaýatymyzda «Türkmeniň ak öýi» binalary hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermegi bilen açyldy. Şonda biz özümiziň toparymyz bilen at üstündäki oýunlarymyzy uly buýsanç bilen ýerine ýetirdik. Geljekde täze oýunlar, täze tilsimler bilen halkymyzyň hem dünýä tomaşaçylarynyň göwünlerini galkyndyrarys. Bize üstünlikli çykyş etmegimiz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza öz hoşallygymy bildirýäris.

—    Pygy aga, bu gün bize toparyňyzyň ýerine ýetirýän dürli oýunlaryny türgenleşik wagtynda synlamaga mümkinçilik berenligiňiz hem-de täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Size alyp barýan işleriňizde uly rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

—    Sag boluň.