Türkmen bagşysy Bagşyçylyk sungatynyň I halkara festiwalynda birinji orna mynasyp boldy

Türkmen bagşysy Kerwen Ýowbasarow Özbegistanyň Termez şäherinde geçirilen Bagşyçlyk sungatynyň I halkara festiwalynda birinji orna mynasyp boldy. Bu barada Özbegistanyň milli habarlar agentligi habar berýär. 

Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen we mundan beýläk her iki ýyldan bir gezek geçirilmegi göz öňünde tutulýan festiwalda dünýäniň 74 döwletinden 160-dan gowrak gatnaşyjy bäsleşdi. Şeýle hem festiwalda ÝUNESKO, ISESKO ýaly iri halkara guramalaryndan. Türkmenistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Täjigistandan we Owganystandan görnükli sungat ussatlarynyň myhman bolup gatnaşandygyny hem aýtmak gerek.

Eminler bäsleşigiň baş baýragyna Gazagystandan gelen bagşy zenan Uljan Baýsubinowany mynasyp gördüler. Birinji orny biziň ildeşimiz bilen özbegistanly bagşy Abdunazar Poýonow paýlaşdy. Ikinji orna russiýaly Ilgam Baýbuldin we azerbaýjanly ýerine ýetirijiler Aşyk Aly, Aşyk Şamir dagylar mynasyp boldular. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Garagalpagystandan (Özbegistan) Gülnara Allamberganowa bilen Koreýa Respublikasyndan gatnaşan Kim Huo Sun çykdy.

Ýeňijilere pul baýraklary, ýörite diplom we bäsleşigiň nyşanjygy gowşuryldy. Bäsleşigiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylaryň dabaraly konserti geçirildi.