Türkmenistanyň at gazanan artisti Nina Alekseýewna Şumskaýa

Köpden bäri il arasynda şeýleräk bir pikir dowam edip gelýär: artistiň şahsyýeti bilen onuň döredýän keşpleriniň häsiýetiniň elmydama gabat gelmegi hökman zat däl! Elbetde, bu pikir dogrudyr. Ýöne welin, her halda, gahrymanyň sypatlary ony döredýän artistde göze ilmän hem duranok. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň at gazanan artisti Nina Alekseýewna Şumskaýanyň artistlik ykbalyna, döredijilik  ýoluna ser salanyňda-da göz ýetirmek kyn däl. Onuň uzak döredijilik ýoly, oýnan keşpler, öz durmuşy, ozalky Magtymguly adyndaky türkmen döwlet opera we balet teatrynyň sahnasyndaky başarnykly eden çykyşlary, ýaňky ýagdaýy subut edýär. 

...Onuň sahna sungatyna ilkinji gadam uraly bäri ep-esli ýyl geçipdir. Nina Şumskaýa baryp geçen asyryň müň dokuz ýüz elli üçünji ýylynda Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebini gutarýar. Gutaran badyna-da, ony opera we balet teatryna işe alýarlar. Ýaş gyz üçin uly teatryň uly toparyna goşulmak, şeýle teatryň uly talabyny ödemek bir bada aňsat düşmedi. Her halda, topar bir gowy zat. Bu ýaş aýdymçyny artistler mähirli garşyladylar. Ony uly alada bilen mäkäm gurşap aldylar. Şeýle edilmeginiň, elbetde, ýaş zehin üçin, onuň geljekki ýoly üçin uly ähmiýeti bardy. Ozaldan berlen tebigy zehini terbiýelemekde, ýörite sazçylyk mekdepde alnan bilimi kämilleşdirmekde, ýokary derejeli endikleri özleşdirmekde şonuň ýaly uly goldaw hem-de ýaş artistiň döredijiligine eserdeň çemeleşilmegi gerekdi. Şeýle hem boldy. Nina agzybir toparyň goldawy bilen döredijilik ýoluna başlady.

Ol Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýewi uly hormat bilen ýatlaýar.  Alty Garlyýew şol wagtlar opera we balet teatrynyň baş režissýory bolup işleýärdi. Režissuranyň görnükli ussady, ajaýyp drama artisti, zehinli dramaturg, soň bolsa kino sungatynda özüniň ýanbermez pälwanlygyny görkezen Alty Garlyýew opera sungatynyň inçeliklerini hem gowy seljerýärdi. Ol ýaşlara hemişe kömek berýärdi. Nina Şumskaýa hem halypa hökmünde sahawatly goluny uzadanlaryň biri Alty Garlyýew boldy. Onuň oňat maslahatlary, akylly ündewleri Ninany döredijiligiň şowly ýoluna saldy. 

Diňe bu hem däl. Nina Şumskaýa  sahna sungatynyň başlangyjynda Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewadyr Annagül Annagulyýewadan hem kän-kän tälim-terbiýe aldy. Opera sungatynda şöhrat gazanan aýdymçylar ussatlygyň gizlin syrlaryny Nina bilen bölüşdiler. Şunlukda, Nina Şumskaýa teatr durmuşyna şeýle girip, şeýle başlady. Ol begenjini-gynanjyny kärdeşleri  bilen deň paýlaşdy, gabat gelen kynçylyklary olar bilen deň çekişdi. Şahyrana-dramatiki soprano sesine oňat erk edip hem-de daş görnüşiniň sahna gelüwliligi bilen Nina Şumskaýa tiz wagtda teatryň öňdäki artistleriniň hataryna goşuldy. 

Öz jogapkärçiligine gowy düşünen, zehinini birsyhly taplan, halka hyzmat edýänini duýýan dörediji adam üçin hiç haçan wagt biderek geçenok. Geçýän günler, aýlar, ýyllar onuň durmuşyna täzelik, döredijiligine üstünlik getirýär. Şeýle adamlaryň biri bolan Nina Şumskaýanyň sahna bilen aýrylmaz baglanyşan döwri hem şowly geçdi. Ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň içinde onuň zehinine eýlenen keşpleriň giden bir tapgyry döredi. Ol keşpler naýbaşy operalardaky baş gahrymanlar boldy. Tomaşaçylar onuň Tamarasyny, Tatýanasyny, Mikaelasyny, Oksanasyny, Margaritasyny, Mariýasyny, Neddasyny, Çio-çiosanyny, Natalýasyny, Annasyny... diňlediler.  Ýöne bu hem zehinli aýdymçynyň doly düzülen repertuary däl. Dürli häsiýetli, dürli garaýyşly, dürli ykbally şeýle zenanlar onuň repertuarynda sanardan kän. Bu sanalanlar şindiz türkmen we daşary ýurt kompozitorlaryny opera teatrlarynyň sahnalarynda şöhrat gazanan naýbaşy operalarynyň gahrymanlary. Olary türkmen opera teatrynyň sahnasynda Nina Şumskaýa iňňän ynandyryjylyk bilen döretdi.

Döretdi diýen söz örän gowy söz. Ýöne döretmek aňsat zat däl. Şumskaýa şol döreden keşpleriniň her birine, gör, näçe zehin, näçe yhlas siňdirendir! Ol keşpleriň hiç biri hem artiste aňsat düşmedi. Her keşp üçin ukusyz geçirilen gijeleriň, agtarylan ýazgylaryň sany-sajagy galmady. Wagtlaýyn umytdan düşülen, gaýgy-gussa batylan halatlar hem az bolmady. Eýsem-de bolsa, ol kynçylyklar ýeňlip geçildi. Ynha, şeýlelik bilen dörän keşpler hem opera sungatynyň kyn talabyny ödeýän, tomaşaça tükeniksiz lezzet berýän, galyberse-de, hyjuwly artistiň baý döredijilik repertuaryna ymykly giren keşpler bolup janlandy. 

Şeýle keşpleriň biri-de Tatýanadyr. Çaýkowsiniň “Ýewgeniý Onegin” operasynyň baş gahrymany. Bu keşbiň sahna çykmagy Nina Şumskaýanyň güýçli zehinini, artistlik ussatlygyny äşgär görkezdi. Kimde-kim Nina Şumskaýanyň Tatýanasyny sahnada gören bolsa, keşbiň neneň-niçik döränine göz ýetirendir. Munda artiste ilkinji söýgä uçuran gyzyň içki dünýäsini, onuň öz duýgusy bilen söýen adamyna ynanyşyny ýakymly ses, yanandyryjy hem tomaşaçyny gozgalaňa salýan jaýdar hereket bilen berýär. Tomaşaçy Tatýanada ýasama hereket görenok. Onuň sesinde-de, hereketinde-de arzuwçyl, arassa hem mährem ýürekli gyzy görýär. Operanyň hatly sahnasynda hem-de Tatýananyň Onegin bilen duşuşýan ahyrky sahnasynda Şumskaýanyň döredijilik zehini has-da açyk görünýär. Aýratynda şol ahyrky sahna tomaşaçyny heýjana salýar. Tatýananyň ýüreginde şindizem Onegine söýgi bar. Ýöne ol indi Greminiň aýaly. Şol pursatda Tatýana – Şumskaýa ärli aýalyň buýsanjy bilen Onegine şeýle jogap berýär: “Men indi başga biriniňki, şoňa-da ömür boýy wepaly bolaryn”. Sahnadaky şeýle dartgynly hereketi synlan, ýaňky sözleri diňlän tomaşaçy parahat oturyp bilenok. Elbetde, bu ussatlygyň etdirýän işidir.

Keşpleriň hemmesi hem şeýle döräp, tomaşaça şeýle täsir edýär. Şolardan biri Maskaniniň “Oba namysy” operasyndan tekepbir sisilian gyzy Santussanyň keşbi. Santussa Turidu atly oba oglanyny söýýär. Ol ýigit üçin hemme zada taýyn. Bu keşpde artistiň ussatlygy Turidu bilen Santussanyň ybadathananyň öňündäki duetinde ýüze çykýar. Bu dartgynly duet bary-ýogy birnäçe minuta çekýär.  Emma ol artistden diýseň kämil ussatlygy talap edýär. Şol talaby hem Nina Şumskaýa uly tejribesi, ussatlygy bilen ödeýär. 

Şumskaýa tüýs tetar adamy. Häzirki zaman opera artisti. Wokal hem dramatik ussatlygy pugta utgaşdyryp bilýän artist. Haýsy hili keşp bolsa bolsun, baş keşp ýa-da epizodiki keşp tapawudy ýok, ol hemmesine tüýs döredijiji adamyň jogapkärçilgi bilen çemeleşýär. Şeýle jogapkärçiligi ol  teatr sahnasynda-da, konsert zallaryndad-da, ýurdumyzyň dürli etraplaryna iş saparyna çykyland-da asla, hemişe duýýar. Biziň ýurdumyza iş saparyna gelýän görnükli opera ussatlary bilen bilelikde hem Şumskaýa kän sapar çykyş etdi. SSSR-iň halk artisti N.Ognisew, A.Grigorýew, B.Minjylkyýew, Z.Anžaparidze dagy, Budapeşt operasynyň aýdymçysy Dýerd Beneş dagy bilen bilelikde türkmen teatrynyň sahnasynda bolan çykyşlary hem tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Nina Şumskaýa Russiýanyň halk artisti Zinowiý Babiý bilen “Toska” operasynda çykyş edende, myhman artist artistiň sungatyndan diýseň hoşal boldy. Ol gazetleriň birine beren interwýusynda Şumsaka barada gürrüň edip, özüniň hakyky Toskany tapandygyny aýdýar. 

Hakyky sungat adamlary diňe bir ýerde däl, köp ýerde tanalýar. Nina Şumskaýa hem şeýle adamlaryň biridir. Onuň şirin owazyny Moskwanyň K.Stanislawskiý we W.Nemirowiç-Dançenko adyndaky akademiki teatrynda-da, Woronežiň, Duşenbäniň, Çelýabinskiniň, Kostromanyň, Bakuwyň hem gaýry şäherleriň teatrlarynda-da opera sungatyny söýüjiler diňlediler. Tomaşaçylaryň hemmesi-de oňa minnetdarlyk bilen el çarpdy, ter gül desselerini gowşurdy.  

Artist halky gezende bolýar. Nina Şumskaýanyň hem döredijilik örüsi diňe opera teatrynyň sahnasy bolmady. Beýleki kärdeşleri ýaly, ol hem iş saparlarynda boldy, konsertlerde çykyş edýär. Onuň konsert repertuary hem diýseň baý. Ninan Alekseýewna Daňatar Öwezowyň beren ýadygärlik ýazgyly bir notasyny gymmatly ýadygärlik hökmünde aýratyn aýawly saklaýar.Ol Şasenemiň ariozasynyň notasy. Bu ariozany artist baryp mundan epe-esli ýyl ozal ýaşlaryň Bütindünýä VI festiwalynda-da aýdypdy.  

Zehinli artist döredijilikden daşary teatryň jemgyýetçilik işlerine-de işeňňir gatnaşýar. Şonuň ýaly-da ol özüniň okan ýerinde -  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýaşlara aýdymdan sapak berdi. Ussat opera aýdymçysy oglan-gyzlara sungatyň nämedigini,  artistiň näzeýilli bolmalydygyny düşündirdi. 

Uzak ýyllaryň dowamynda türkmen opera we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Nina Alekseýewna Şumskaýa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly ada eýe boldy.

 

O.Saýatly