Türkmenistanyň halk artisti Margarita Farajewa

Onuň Aşgabadyň asuda köçeleriniň biriniň ugrundaky ýönekeýje jaýyna eldar sosnalary saýa salyp otyr. Howla girenimden, edil güller baýramçylygyna gelen ýaly, haýran galyp aýak çekipdirin. Howlynyň içinde adyny tutan gülüň bardy, olaryň jana şypa berýän ysy bark urýardy. 

Al-elwan gülleriň arasynda biriniň aýratyn ýakymly ysy gelýärdi. Be, bu landyşyň ysymy-kä? Dogrudanam, şeýle. Şildiräp akyp ýatan salmanyň boýunda ak düwmeli landyşlar hatar gurap otyrdy. Bu näzijek tokaý güli nädip bu jowzaly ülkä düşdükä? Landyş bilen baglanyşykly gussaly bir waka bar. Ýöne bu baradaky gürrüňi azajyk soňraga goýalyň... 

Tötänlik diýen zat käte adamyň durmuşyny bütinleý üýtgedýär otyryberýär. Margarita Farajewa üçin şeýle tötänlik ykbalyň beren bagtly bir peşgeşi boldy.

Ene-ata gyzlarynyň agronom bolmagyny isleýärdi. Margarita-da muňa garşy bolup durmady. Daşkent oba hojalyk institutyna okuwa girdi. Şol wagtlar moskwaly kinematografiýaçylar Özbegistanda “Baharyň mekany” atly dokumental filmi surata düşürýärdiler. Daýanykly, saçlary ýere ýetjek bolup duran görmegeý gyza filmi surata düşürýänleriň gözi kaklyşdy. Olar Margarita filmiň bir böleginde surata düşmäge çagyrdylar. Soňam: “Size zehin berlipdir. Sesiňizem erbet däl. Ýöne siz okamaly. Şonuň üçinem Moskwa gidiň” diýdiler. Okuwa girende kömegi deger ýaly hatam berip goýberdiler.

Ýaşlyk arzuwlary bilen joşup duran Margarita “Mosfilm” kinostudiýasyny gapysyndan bardy. Ony M.M.Tarhanowyň ussahanasyna kabul etdiler. Okuwy tamamlamak oňa miýesser etmedi. Ýöne talyplykda geçen iki ýarym ýyl Margaritanyň zehinini mazaly ýüze çykardy.   1937-nji ýylda Türkmenabatda sazly-drama teatrynyň açylmagy bilen, M.Farajewany şol teatra işe alýarlar. Ol ilkinji gezek halkyň öňünde jogapkärli wezipäni ýerine ýetirdi. U.Gajybekowyň “Arşin mal alan” atly sazly gülküli oýnunda Gülçehräniň keşbini ýerine ýetirdi. Ine, şu teatrda ol Türkmenistanyň saz medeniýetini, teatr sungatyny ösdürmekde ilkinji ädimini ädýär. 

Soňra ol 1938-1940-njy ýyllarda Mollanepes adyndaky türkmen döwlet drama teatrynda zähmet ýoluny dowam edýär. Sahna ussady Aman Gulmämmedow “Zöhre-Tahyr” dramasynda Zöhräniň keşbini janlandyrmagy ynanýar. Zöhre artistiň döredijilik durmuşynda iň şowly keşpleriň biri bolýar. Soňra M.Farajewa W.Şekspiriň “Otellosynda” Emiliýa bolup sahna çykýar. Onuň döreden Emiliýasy sahnada giň sesi bilen erkin hem çeýe ýaňlanýar. M.Farajewanyň oýnaýşy sadalygy hem-de tebigylygy bilen tapawutlandy, wokal ussatlygy öňe çykdy.

1940-njy ýylda Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň hereket edip başlamagy bilen M.Farajewa opera sungatynda tanalyp başlaýar. Aýdymçy artistiň kalbyndan joşup çykýan pessaýjadan mylaýym owaz diňe bir spektakl keşbiniň aýdymy bolmak bilen çäklenmeýär.

Aşgabat. 1941-nji ýyl. Ýaş gyz, her günde on gezek dagy harby gulluga çagyryş punktlarynda, wokzalda fronta ugrajak bolup duran esgerleriň eşelonlarynyň öňünde çykyş edýär. Onuň özüniň hem fronta gidesi gelýärdi. Aýdymlarynyň şol ýerde has gereklidigine ýaş aýdymçy gowy düşünýärdi. Margarita öz islegine-de ýetdi. 

Ýene-de Moskwa. Margarita konsert topary bilen Demirgazyk Günbatar frontuna gidýär. Ol ýerde aýdymçy esger lybasyny, ädigini geýmeli boldy. Garymlar, tokaýlar, ýerkümeler, aerodromlar – ine, aýdymçynyň konsert zallary... Staraýa Russanyň eteginde beren bir konserti Margarita Farajewanyň ýadyndan çykmaýar. 

Nowalary açylyp, biri-birine ýanaşdyrylyp goýlan ýük maşynyndan bize sahna “ýasap” berdiler. Ýadan esgerleriň bizi görüp begenişlerini bir diýseňiz-le! Konsert tamamlandam welin, gyrgy ýaly bolşup, duşman uçarlary göründi. Asmandan inýän bombalaryň şuwwuldysy, ýykylýan agaçlaryň şatyrdysy, aýagyň aşagynda sandyrap duran toprak. Biz, göwnüňe bolmasa, ynha-ynha ýumruljak bolup duran ýerkümede otyrys... Ahyry asudalyk aralaşdy.

Bir ýaş esger agyr ýaralanypdy. Men onuň ýanyna bardym welin, ol “Aýdym aýtsaňyz-la!” diýip pyşyrdady. Hem-ä aýdym aýdýaryn, hemem gözlerimden ýaş paýrap durandyr... Birsalymdan soň ýaşajyk esger uka batan ýaly boldy. Ol hemişelik uka batypdy.

Şol wakadan soň urşuň nähili elhençdigine,ondaky öz borjuma kemsiz düşündim. Jan berjek bolup ýatan adamyň iň soňky arzuwy aýdym diňlemekdi. Diýmek, aýdym her hili ýagdaýda-da adamlara gerek eken. Birneme özüme ynamym artdy, birneme batyrlandym...

Dogrudanam, şu häsiýetleri bolmasa, ýaş gyz ol soňsuz hem howply ýörişlere çydamazdy. Artistleriň üsti bilen çadyr bilen örtülen tonýarymlyk maşyny kä batgada batýardy, kä duşmanyň oka tutmasyna, ýangyna sezewar bolýardy. Konsert beriljek harby bölümleri gözläp, tokaýyň içinde gije-gündizläp pyýada ýol sökmelem bolýardy. 

Bir gezek Lwowyň eteginde polkuň ştabynyň müdiri Farajewa ýüzlenip:
-    Görýän welin, sen batyr gyz. Eger ýanyňda ugradar ýaly adam goşup goýbersek, garymlara baryp, şol ýerde aýdym aýdyp bilmezmiň? Daňdanky hüjümiň öň ýanynda esgerler üçin seniň labyzly aýdymlaryň gerek – diýdi.

Margarita gije iki sany ýaragly esger bilen öň hatardaky garymlara bardy. Ol garaňkydan ýaňa öz diňleýjilerini görübem bilenokdy, ýöne ýuwaşlyk bilen aýdym aýdypdy. 

Ertesi gündiz ol söweşde ýeňiji bolan esgerleriň öňünde arkaýyn çykyş etdi. Ýöne esgerleriň birnäçesiniň şol gije iň soňky gezek aýdym diňleýişleri bolupdy.

Front aýdymçysynyň häsiýetlerem, zehinem taplanýardy, repertuaram baýlaşýardy. Ilki günler ol diňe Merkezi Aziýa halklarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirerdi. Türkmen şahyry G.Gylyjowyň sözlerine “Watanym seni” diýen aýdym şol gowgaly günlerde duşmandan üstün çykyljakdygyna pugta ynam bolup ýaňlanypdy. Konstantin Simonowyň sözlerine ýazylan “Esger nädip gulluk etdi” diýen aýdymam köpleriň göwnünden turupdy. 

SSSR-iň halk artisti  Irma Ýaunzem M.Farajewa üçin tapylgysyz halypalygyna galýar. Margarita onuň bilen uruşdan öň tanşypdy, ondan sapak alypdy. 
Belli aýdymçy Margarita rus, ukrain, belorus aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirmegi öwretdi. Farajewa Tamara hanymy tans öwreden uly halypalarynyň biri hasaplanýar. Ol beren maslahatlary üçin Klawdiýa Şulženkony hem minnetdarlyk bilen ýatlaýar.

Margarita üç ýyllap esgerleriň arasynda çykyş etdi. Demirgazyk-Günbatar, 2-nji Ukraina, 1-nji Ukraina, Pribaltika frontlary, ýene 2-nji Ukraina fronty – ine M.Farajewanyň front ýollary şeýle.

1944-nji ýylda onuň durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy. M.Farajewa Pribaltika frontunda serkerdelere konsert bermegi haýyş etdiler. Margarita şonda öňe çykan badyna, goşun serkerdesi Iwan Hristoforowiç Bagramýan ýerinde turdy-da:

-    Hany, aý ýaly gyz, ermeni aýdymynam bir aýdyp bersene. Seniň aýdymlaryňy kän diňläpdim welin, özüňi birinji gezek görşüm – diýdi. Ol iki sany ermeni aýdymyny aýtdy. Şonda gaýduwsyz serkerde gözlerine ýaş aýlanyny duýman galdy. 

Hawa, uruş ýyllary M.Farajewanyň döredijilik ýolunda iň pajygaly döwür boldy. Ussat aýdymçy artiste şol döwürlerde “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakyldy.

Urşuň gümmürdisi barha Berline ýakynlaşýardy. Farajewa Ýeňiş baradaky şatlykly habary Leýpsigden eşitdi. 12-nji maýda-da Dnepr flotiliýasynyň artistleri alyp barýan gämisi Oder derýasynyň üsti bilen Germaniýanyň paýtagtyna girdi. Merkezi Aziýa respublikalaryndan baran artistlerden Reýhstag diwarlarynyň öňünde çykyş etmek bagty diňe Farajewa miýesser etdi. Rehýstag diwarynda ol şeýle ýazgy galdyrypdy: “Margarita Farajewa, aýdymçy, Türkmenistan”. 

Aýdymçynyň durmuşynda bu ýerde hem ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Potsdamda Farajewanyň aýdymlaryny G.K.Žukow. S.I.Rudenko, S.W.Zaharow hem beýleki belli serkerdeler diňlediler. Konsetden soň G.K.Žukow aýdymçy gyza ýüzlenip:

-    Örän gowy aýdýarsyňyz. Siziň halkyňyzy söýýärin. Merkezi 

Aziýadan Sowet Soýuzynyň ilkinji gezek gahrymany bolan hem türkmen ýigidi Gurban Durdy – diýdi. Soňra ol türkmen halky üçin bada götermegi teklip etdi. 

Farajewa urşuň bütin dowamynda eline ýarag alyp gören adam däl. Ýöne ol urşuň garşysyna sungatyň güýji bilen göreşdi. 

Ol Türkmenistanyň dürli etraplarynda bolup döredijilik işini alyp bardy. Ol ozalky SSSR-iň hem dünýä halklarynyň kyrkysynyň dilinde aýdym aýdýar. 

M.Farajewa Mylly Täçmyradow adyndaky türkmen döwlet filarmoniýasynyň edebi-sazly lektorynyň müdiri bolup işleýär. Ol Aşgabatda frontçy aýallaryň klubyny döretmäge hem gatnaşýar.      

Türkmen teatr we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, ussat aýdymçy artiste 1955-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakylýar. Ol Zähmet Gyzyl Baýdak ordenine, medallara, Hökümetiň Hormat hatlaryna mynsyp boldy.

 

 Anatoliý Graçew