Gülsoltan Halmämmedowa

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ynsanyň döwletiň iň gymmatly hazynasy hökmünde görülýän zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluna berýän çäksiz üns-aladasynyň neneňsi wajyplygyna ýyl geçdigiçe çuňňur akyl ýetirýärsiň. Halypam Baýram Abdyllaýewiň bize — şägirtlerine diňe bir kär, hünär babatynda däl, eýsem-de bolsa durmuş babatynda hem bahasyz sapak berendigine durmuş ýoluňdaky gabat gelýän synaglarda ýene-de bir ýola göz ýetirýärsiň. Göwheriň hak ussasyna duşýança ýönekeý daş bolup galyşy ýaly, zehinli adamlar hem zehinlilere gadyr goýýan adamlaryň yhlasy bilen äşgär bolýarlar. Halypalar zehiniň zergärleridir. 

Halypalaryň käbiri ýörite derslerden sapak bermese-de, onuň özüni alyp barşy, ömri sapak hökmünde hakydaňda galýar. Bu makalamyz hem hut şeýle ynsanlaryň birine bagyşlanýar. Sungatda, ylymda, döredijilikde özboluşly mekdep hökmünde ömri nusgalyk adamlaryň gadyryny bilmek bize Gahryman Arkadagymyzdan gelýän nusgalyk göreldedir. 

Halypamyz Gülsoltan Halmämmedowa tutuş ömrüni kino sungatyna bagyş eden zenan. Ol 1941-nji ýylyň güýz aýynda Aşgabatda eneden dogulýar. Onuň kakasy meýletin urşa gidip, Stalingratdan Kaliningrada çenli söweş ýoluny geçip, ýeňiş bilen dolanyp gelýär. Şol ýyllar ejesi gyzy Gülsoltany alyp Babadaýhana göçüp barýar we kolhoz başlygy bolup işleýär. Gülsoltan bolsa garry enesiniň elinde terbiýelenýär. Uruş tamamlanyp, kakasy dolanyp gelensoň, ony iş bilen Daşoguz welaýatyna ýollaýarlar. Gülsoltanyň mekdep ýyllary şol ýerde geçýär. Mekdebi tamamlap, Leningradyň kinoinženerçilik institutyna okuwa girip, bu hünäri ele alýar. Talyplyk ýyllary “Daşgaladaky waka” atly çeper filimde surata düşýär. Okuwy tamamlap Watanyna dolanyp gelip, kinostudiýada kinoinžener bolup işe başlaýar. 

Soňra uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti göz öňünde tutulyp, Alty Garlyýew adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy wezipesine bellenilýär. Ol öz ornuna Kerim Annanowy şol wezipä hödürleýär. Özi bolsa Kinematografiýaçylar birleşiginiň ýolbaşçysy bolup işini dowam etdirýär. Ol şu wagta çenli jan aýaman zähmet çekip gelýär. Esasy işiniň daşyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sungat mekdebinde bilim alýan talyplara kino ugry boýunça bilim berýär. Bir gün bizi Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine gyssagly çagyrdylar. Barsam Şirli Mollaýew, Sähragül Janmämmedowa, Pälwan Geldiýew hem bardy. Halypalar Gapbar Hümmedow, Öwez Welmyradow, Roza Kulyýewa, Çaryýar Seýidow hem oturan ekenler. Az salymdan Kinematografiýaçylar birleşiginiň başlygy Gülsoltan Halmämmedowa gelip, hoşamaýlyk we sypaýylyk bilen salamlaşyp, söze başlady: 

— Hormatly ýaş kinoçylar! Biz siziň ýaşlygyňyza garamazdan, şu wagta çenli döreden eserleriňize tomaşa edip, biziň yzymyzy dowam edip biljek kinoçylaryň barlygyna begendik hem-de sizi Kinematografiýaçylar birleşigimiziň agzalygyna kabul etmegi makul bildik - diýip, bize şahadatnamalary gowşurdy. Bu uly hormata halypalaryň ak pata berdigi diýip düşündik. 

Gülsoltan halypa meni tanaýandyr hem öýtmeýärdim. Ol asyl meniň ähli surata düşüren kinolarym bilen tanyş ekeni. Soň ol bizi öz mukaddes ojagyna myhmançylyga çagyrdy. Myhmanlaryň arasynda Mylly Täçmyradowyň çowlugy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy, meşhur kompozitor Meret Annamyradow, ýaş aýdymçy-kompozitor ýigit Mekan Nuryýew hem bardy. 

Gülsoltan halypa Nury Halmämmedowyň edim-gylymlaryny ýol-ýörelge edinip ýaşaýar ekeni. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: 

— Nuryjan hemişe öz ýaranlaryny çagyryp, täze ýazan eserlerini diňledip, pikirlerini sorardy. Gurbannazar Eziz, Atageldi Garýagdy hersi öz ugrunyň ussady bolsa-da, birigen mahallary aýratyn dünýäni döredýärdiler. Men olaryň çaýyna-suwuna seredip, beýleki otagda Gurbannazaryň täze eserlerini öz okamagynda diňlärdim hem-de şeýle ynsanlar bilen döwürdeşdigime buýsanardym. Gurbannazaryň goşgularyndan ruhlanan Nury täze sazlary ýazardy. Soňra Atageldä aýdym edip aýtdyryp, diňlärdiler. 

Kinorežissýorlar Alty Garlyýew, Halmämmet Kakabaýew, Osman Saparow, Sapar Mollanyýazow ýaly egindeşler-de gelip, täze döredilen eser barada öz pikirlerini aýdyp, daňa çenli söhbet ederdiler. 

Meret Annamyradow Nury Halmämmedowyň iň gowy görýän zehinli şägirdi eken. Ol halypasy barada gyzykly wakalary gürrüň berdi. Soňra bolsa beýleki otaglaryň birine gitdi. Gülsoltan halypa: “Ýörüň, onuň ýanyna baralyň!” diýip, bizi hem onuň giden otagyna alyp bardy. Meret aga halypasy Nury Halmämmedowyň öz elleri bilen çalan goňurymtyl, ýaldyrawyk, ýarym asyr wagt geçse-de, edil täzeje ýaly saklanan pianinonyň öňünde durdy. Ol pianinonyň üstüne örtülen ak örtügi aýyrdy: 

— Halypamyň elleri gezmelän saz guraly-da bi. Ol meni sapakdan soň öýüne — hut şu ýere çagyryp, saz çalyp bererdi — diýip, usullyk bilen klawişleriň üstünde ellerini iki baka ýöredip, saz çalyp başlady. 

Nury Hälmämmedowyň meşhurlyga eýe bolmagynda Gülsoltan gelnejemiziň orny uludy, ol durky bilen onuň sungatyna düşünýärdi. 

Gülsoltan halypa dünýäniň köp döwletlerinden ýüztutmalar yzygiderli gelip gowuşýar. Olarda saz sungatyny söýüjiler N.Halmämmedowyň sazlarynyň hemmeler üçin düşnüklidigini aýdýarlar we öz ýurtlarynda onuň hatyrasyna medeni duşuşyklary geçirmek boýunça teklip bilen ýüzlenýärler. 

Kärdeşim Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň kinooperatory Nurmuhammet Borjakow ýyllyk işini surata düşürişini gürrüň berdi. Dokumental filmiň wakasy Russiýanyň ýangyn dörän tokaýly obalarynyň birinde tomus günlerinde bolýar. Şol pajygaly pursady surata düşüren ýaş operator “Keçpelek” sazy bilen filmi synag toparyna gowşurýar. Synag topary şekiliň gamgynlygyna sazyň täsiriniň uludygyny belläp, türkmen kompozitorynyň waspyny ýetirip, Nurmuhammediň bu işine gowy baha berýärler. Men bu wakany Gülsoltan halypa gürrüň berenimde, ol mähirli ýylgyrmak bilen oňdy. 

Halypam Baýram Abdyllaýew “Gumly gelniň aýdymy” eseri kino geçirilende Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” saz eserini bir sahnada görýänligini aýtdy. Şekil bilen bile biten ýaly bolan şol sahna filme öz täsirini ýetiripdi. 

Gahryman Arkadagymyz sungat adamlaryna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” eserinde Nury Halmämmedow ýaly ägirtler barada gyzyla gaplaýmaly çuň manyly sözlerini beýan edýär. Bize — ýaş döredijilik işgärlerine sungatyň hak howandary Arkadagymyz barka, döredip işlemek galýar. 

 

Ýagmyr Türşekow