Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülsere Jumaýewa

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri zähmet ýoluny, zehin-yhlasyny çagalara bagyşlaýan adamlar. Özleri-de şeýle mähriban hem güler ýüzli, üstesine-de, çagalar bilen çaga ýaly gülşüp-degişýärler, ýeri gelende, ýaşululyk öwütlerini hem berýärler. Ylaýta-da, Gülsere Jumaýewany diýsene! Diňe teatrda däl, toý-baýramlardyr köpçülik ýerlerinde, hatda ýolda-yzda bolsa-da, çagalara güler ýüz berip, şirin söz gatýar. Hatda körpeleriň ählisini öňden tanap, her biriniň «içini» bilýäne-de meňzeýär ol. Şonuň üçin bolsa gerek, çagalaram çaga gö- wünli bu mähriban zenany diýseň gowy görýärler.  

— Çagalygym dogduk obamda — Köýtendag etrabynyň Daşrabat obasynda geçdi. 1962-1972-nji ýyllarda obamyzdaky 4-nji orta mekdebi tamamladym. Kakam türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolansoň, agam Kerime, maňa we jigim Ogulnabada çeper eserleri köp okadardy. Şonuň üçin elim kitaply ulaldym diýsem, ýalňyş bolmaz. Başlangyç synplarda okaýarkam mekdebimizde dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirilende, labyz bilen goşgy okamaga höweslidim.

Köpçüligiň öňüne çykyp, joşup-joşup çykyş etmekden lezzet alýardym. Rus dili mugallymymyz Kadyr Ulaşow rus, iňlis dillerinde goşgulary öwretdi. Aýdym-saz dersinden okadýan Merdan mugallym bolsa aýdym aýtmaga höweslendirdi. Aýdym-saz gurnagyna gatnadym. Gurnakda mugallym: «Hany, sesiňizi tapaly bakaly» diýip, her birimizi aýry-aýry seslendirip görende, hiç zada düşünmän, näme tapmalyka diýerdim. Şonda mugallym sesimiziň belent-pesligini notalar boýunça öwrenen eken, muňa soň-soňlar düşündim. Ilkinji gezek akkordeona goşup «Ak pagtam», «Men güneşli ýurduň ogly» diýen aýdymlary aýdanym şu günki ýaly ýadymda. Şonda meni sahna çykmagyň täsiri jadylady. Hossarlarym şeýle bir höwesli goldamasa-da, sahna çykmakdan el çekmedim. Mekdebimiziň çeper höwesjeňleri bilen Daşrabat oba klubynda, etrap, welaýat bäsleşiklerinde aýdym aýtdym. «Munuň geljekde gurjak teatrynyň artisti bolmaga nähili dahyly bar?» diýjeksiňiz. Asyl mesele-de şunda. Men sahnada özümi gurjak ýaly erkin, şadyýan we ruhubelent duýýardym. Göýä men çaga däl-de, Gülsere atly gurjak saýardym.

Biz çagakak, onda-da Köýtendag ýaly çet etrapda gurjak ýok diýen ýalydy. Mata gyýkyndylaryndan biçip-tikip, içine pamyk dykyşdyryp, dürli-dürli gurjaklary ýasardyk. Gamyşdyr saman baldaklaryny boguşdyryp hem gurjak ýasanardyk. Gurjaklarymyza owadan egin-eşikleri, tahýajyklary tikip geýdirerdik. Palçykdan gap-gaç, käse-çäýnek, oturgyç ýaly zatlary ýasap, olary-da guradyp, ejemiziň ýüň boýagy bilen reňklärdik. Ine, haýsy ertekini sahnalaşdyrjak diýsek, gurjaklarymyz taýýardy. Goňşy gyzjagazlar bolup «oýun» baryny goýardyk. Olar çagalara hezil bermek bilen birlikde, köp-köp erteki öwrenmegine hem sebäp bolupdy.

Ata-babalarymyz «Yhlasa-myrat» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Sahna mukaddesliginiň ýüregimi eýelän ataşy hiç wagt sönmedi. Orta mekdebi tamamlap, oba hojalyk işinde işledim, ykbalym paýtagta çekensoň çagalar bagynda eneke, kinostudiýada režisýor-montažçy bolup işledim, köp filmlere, multfilmlere ses berdim. Göwün goýan ugrumdan haýsy okuw mekdebinde okamalydygymy bilmeýärdim. Me- deni aň-bilim tehnikumyna barsam, «Biz artistleri däl, klub işgärlerini taýýarlaýarys» diýdiler. Maňa bolsa klub däl-de, sahna gerekdi. Diňe şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki döwlet teatryna baryp, baş režissýor Türkmenistanyň halk artisti Aman Gurbandurdyýewe «Artist bolasym gelýär, heý okuwy ýokmuka?» diýip, ýüz tutanymdan soň maksadyma ýetmek ugrunda ädim-ädim ilerläp ugradym. Şol wagt teatra artist gerekdigi üçin, meni kiçiräk bir synagdan geçirip, kömekçi topara işe aldylar. Teatrda ilkinji janlandyran keşbim hyzmatkär gyzyň keşbidi. Sözsüz keşpdi, şeýle-de bolsa, gaty tolgundyran, buýsandyran işdi. Sebäbi şonda Ata Alowow, Fahriýa Aliýewa, Täçbibi Gafurowa ýaly ägirtler bilen bir sahnada çykyş edipdim.

Teatr işi arzuwlarymy ganatlandyrdy. 1977-nji ýylda bu teatryň ýanyndaky drama studiýasyna okuwa girip, Oraz Hajymyradow, Nurmuhammet Keşşikow, Aman Kömekow ýaly ussat halypalardan hünär öwrenip kämilleşdim.

Adam kesp-kärine ýürekden göwün berende, hünäri onuň ykbalyna öwrülýän eken. Meniň üçin hem artistlik — ykbal, sahna bolsa mukaddes mekan boldy. Bu hünär meni Türkmen döwlet gurjak teatryna eltdi. 1990-njy ýylda açylan şu teatrda ilkinji günden bäri işläp gelýärin. Ata Salyhyň «Ýolbars we tilki» basnýasy esasynda goýlan oýundaky «Tilki» — gurjak teatrynyň sahnasyndaky ilkinji keşbim boldy we örkümi çagajyklaryň söýgüli sahnasyna, olaryň el çarpyşmalaryna, güler ýüzüne we gülküjiklerine baglady. Ýüzlerçe keşp döretdim, şolaryň hemmesiniň aňyrsynda mukaddes sahna we mähriban tomaşaçylaryma bolan beýik söýgim bar. Üç perzendimiň körpesi Aýnanyň ýokary bilim alyp, öz kärimi dowam etdirjekdigine-de örän buýsanýaryn.

Hormatly Prezidentimiz köp ýyllarda teatr sungatynda bitiren işlerim üçin maňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakdy. Özüme bildirilen bu uly sylag-sarpa üçin Gahryman Arkadagymyza köp alkyş aýdýaryn.