Kösenip ýören ýok
Kärdeşleriniň biri:
— Juma diýýän-ä, sen hemişe itiň, möjegiň, şagalyň ýa pişigiň sesine öýkünip ýörsüň welin, bu saňa kyn düşenokmy? — diýip sorapdyr. Onda Juma:
— Eger-eger kyn düşenok. Bi- rinjiden-ä, o janawarlar menden hiç zady gaty görenoklar. Ikinjidenem, «Keşbimi gowşak döretdiň» diýip, ýüze gelip duranoklar — diýip ýylgyrypdyr.
Saňa ynanýan-la...
Goňşularynyň biri Jumadan karzyna pul sorapdyr. Juma ikirjiňläp ep-esli du- rupdyr. Şonda goňşusy:
— Juma, näme, basym gaýtarmaz öýdýäňmi ýa maňa ynanaňokmy? — di- ýipdir. Şonda Juma:
— Saňa ynanýan-la... Ýöne şujagaz pulumyň gaýdyp geljegine şübhelenýän — diýipdir.
Entek oýanmakçy däl...
— Juma jan, ýatyrmydyň? Ýa oýamyň?
— Nädersiň goňşy?
— Oýa bolsaň, az-owlak karz pul so ramakçydym.
— Wah-eý, bolmajak zad-a däl eken welin...
— Welini näme, goňşy?
— Welini: men entek-entekler oýanmakçy däl.
Güjük bilen deň bolmasana.
Bir gezek Juma işden gelýärkä ýaşaýan jaýlarynyň öňünde oýnap ýören oglanjyga bir kiçijik güjügiň jabjynyp duranyny görüp:
— Haý, bisyrat, çaga bilen deň bolýaňmy? — diýip, oňa elini sal- gapdyr, aýagyny tarpyldadypdyr. Güjük “jöw-jöw” edip gaçyp başlapdyr. Juma-da onuň yzyndan galmandyr. Muny synlap duran oglanjygyň:
— Daýy, güjük bilen deň bolmasana – diýen sesini eşidip, hyrra yzyna öwrülipdir.