PURSATLAR

— Sungata bagyşlan ömrümde ýurdumyzyň belli artistleri bilen bile işleşmek miýesser etdi. Şol ussatlaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Suraý Myradowa hem bardy. Ol sada göwünli, zehinli artistleriň biridi. Onuň bilen gürleşmek, teatr sungatynyň aýratynlyklary barada pikir alyşmak diýseň ýakymlydy. Öz işiniň ussady ýaş artistler bilen du- şuşmaga, olar bilen söhbetdeş bolmaga hem wagt tapýardy.

Onuň bilen gürrüňdeş bolmagyň ýakymly täsir galdyryşy ýaly, sahnada döreden keşplerine tomaşa etmek hem özboluşly sungat mekdebi bolupdy diýsem, hakykatdan daş düşüldigi bolmazdy. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başlarynda şahyr A.Kekilowyň «Söýgi» romany esasynda spektakl sahnalaşdyryldy. Belli teatr režissýory O.Hajymyradowyň sahnalaşdyran bu spektaklynda uruş ýyllarynda türkmen obasynda bolup geçen waka çeper keşpleriň üsti bilen beýan edilýärdi. Şonda bu spektaklda halypa artist S.Myradowa ýeke ogluny urşa ugradan Nurtäç eje atly mährem enäniň keşbini döredýärdi. Wakalar gaty dartgynly, ynandyryjy bolup tomaşaçylar sahnada bolup geçýän wakany edil öz durmuşyndaky waka ýaly kabul edýärdi.

Sahnada urşuň agyr günlerini başdan geçiren, ýeke ogly uruşdan maýyp bolup gelip, öz söýgülisine gowşup aradan çykan mährem ene Nurtäç eje — S.Myradowa peýda bolýar. Şol pursat tomaşaçylar halypa artistiň özüne ynanylan keşbi ussatlarça döretmegi başarandygyna haýran galdylar. Olar sahna ussadyna öz obadaşlary, ýakyn garyndaşla- ry ýaly garaýardylar.

Spektakl tamamlanandan soňra tomaşaçylar öz söýgüli artistine gül desselerini gowşuryp, oňa işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler. Milli teatr sungatymyzyň taryhyna giren spektakl ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldy. Aýlar aýlanyp, ýyllar geçse-de, halypamyň döreden bu özboluşly keşbi häli-häzirem göz öňümde janlanýar. Şol pursat men: «Suraý Myradowa hakyky ussatdy!» diýip seslenenimi-de duýman galýaryn.

 

Nurmuhammet Keşşikow, Türkmenistanyň halk artisti