BAGT KÖPRÜSINE ÖWRÜLEN SAHNA

Milli teatr sungatymyz — bagtyýar halkymyzyň ruhy dünýäsi. Ol jemgyýetimiziň aňyýetini kämilleşdirmekde möhüm orny eýeleýär. Golaýda biz Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda zähmet çekýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Döndi Sapardurdyýewanyň we Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işleýän Türkmenistanyň halk artisti Amangeldi Sapardurdyýewiň agzybir maşgalasynda myhmançylykda bolduk. Bu artistler öz döredijilik ýolunda ilhalar keşpleri janlandyryp, halkymyzyň söýgüsini gazanyp gelýärler. Gazetiň şu sanynda ykbalyny sungata bagyşlan artist Döndi Sapardurdyýewa bilen eden söhbetdeşligimizi okyjylara hödürleýäris. 

—    Döndi gelneje, her bir sungat adamynyň halypasy bolýar. Söh- betdeşligimiziň başynda sizem zehiniňizi, ukyp-başarnygyňyzy açyp görkezmegiňize goldaw beren halypalaryňyzy ýatlap geçäýseňiz?

—    Islendik adamyň bellibir zada, käbiriniň birnäçe zada aýratyn ukyp-başarnygy bolýar. Ony açmak üçin bolsa, ilki bilen, yhlas, ynam, isleg gursagyňa guýulmaly, ikinjiden, bu nesilem yzarlaýar, bilim-terbiýe alşyňa, ukybyňa-da bagly bolýar. Haýsy işe yhlas bilen ýapyşsaň, şol iş başa barýar. Meniňem bu käre bolan höwesim çagalygymdan başlandy. Çagalykda çeper eserleri okamagy gowy görer- dim, olardaky adamlaryň özüni alyp barşyny seljererdim. Dogrusy, agam ýazyjy hem şahyr Amanny Ataýewiň durmuşyň täsin wakalary hakynda beren gyzykly gürrüňleri meni döredijilik ýoluna atardy.

Ýaş wagtlarymyz obamyza Aşgabatdan teatrlar barardy. Teatr sahnasynyň dünýäsi başgaçady. Halypa artistlerimiziň janlandyrýan keşbine uly joşgun bilen tomaşa ederdik, dürli häsiýetli keşpleri janlandyryşlary barada gürleşerdik. Şonda meni has haýran galdyran, bu sungata bolan höwesimi oýaran Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewa boldy. Onuň sahnada döreden keşplerini synlanymda: «Menem şular ýaly çykyş edip bilsemdim» diýen arzuw öz günüme goýmazdy. Halypalarym hökmünde Oraz Çerkezow, Baýram Seýdullaýew dagyny ýatlasym gelýär. Olar maňa ähli babatda görelde mekdebi boldy. Beren goldawlary meni üstünlikleriň eýesi etdi.

—    Sahnada ilkinji janlandyran keşpleriňiz barada-da aýdaýsaňyz?

—    Ilkinji gezek Türkmenistanyň halk artisti Oraz Hajymyradowyň «Ömrümiň örki» atly spektaklynda Maral atly gelniň keşbini janlan-dyrdym. Bu keşbimi tomaşaçylar gyzgyn garşylady. Şol sebäpdenem «Güýç», «Talyp söýgüsi», «Bu nähili beýle bolýar?», «Şährizada», «Babagammar» ýaly teatr sungatymyzyň taryhyna giren spektakllarda maňa dürli keşpler ynanyldy. Olardan segsen ýaşly Täjigül ejäniň keşbini, şeýle-de Selbi ejäniň hem ýaşlygyny, hem garrylygyny janlandyrmak meniň üçin has täsirli boldy. Soňam yzly-yzyna gartaşan eneleriň keşbini ýerine ýetirdim. Birnäçe gysga göwrümli kinofilmlerde hem keşp janlandyrdym. Garaz, dürli häsiýetli, dürli ýaşly adamlaryň keşbi bilen ýaşadym. Häzirki wagtda teatrymyzda sahnalaşdyrylýan spektakllara gatnaşyp, «Gülki agşamy» atly tomaşalarda yzygiderli çykyş edýärin.

—    Ýanýoldaşyňyz, Türkmenistanyň halk artisti Amangeldi Sapardur- dyýew bilen ykbalyňyzy sungat ýoly birleşdiren bolsa gerek.

—    Teatr sungaty biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolşy ýaly, bagtly günlerimiziňem şaýady. Aman bilen kärimizem bir, häsiýetimizem juda ýakyn. Şonuň üçinem maşgalada düşünişmek diýseň ýeňil bolýar. Sahna bizi birleşdiren bagt köprüsi diýsemem ýalňyşma- ryn. Aslynda ikimizem sahnada gülküli, şadyýan adamlaryň keşplerini janlandyrmagy gowy görýäris. Aman diňe bir sahnada däl, öýde-de degişgen. Käte beren soragyňa şeýle bir aýlawly sözler bilen jogap berýär welin, onuň näme diýjek bolýanyna esli wagtdan soň düşünip galýan. Menem ondan pes oturmajak bolup, degişmesine degişme bilen jogap berýärin. Kähalatlarda bolsa Aman çagalara degşip: «Gaýrat edip, bize ýüz ýaşaýançak serediň. Soň özümiz başymyzy çararys» diýip, olary gülüşdirýär. Biz bir öýde iki ykbal, iki artist bolsagam, sahnada dürli keşpleriň döredijileri. Biz maşgala durmuşymyzy diňe bir öýde däl, eýsem, dürli spektakllarda-da janlandyrdyk. «Ene toprak» filminde är-aýalyň keşbini ýerine ýetirdik. «Söýgi jezasy hem wepasy» pýesada bile işleşdik. Ýaňky diýşim ýaly, esasan, gartaşan adamlaryň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirendigim üçin, «Söýgi jezasy hem wepasy» sahnasynda maňa Nartäç ejäniň keşbi ynanyldy. Aman bolsa oglumyň keşbini janlandyrdy. Aman bilen spektakllarda bilelikde keşp janlandyrmak ýeňil düşýär. Ýöne kähalatlarda Aman durmuşda degişgen bolsa-da, kinofilmde ýa sahnada agras ýa-da gaharjaň adamlaryň keşbini ýerine ýetirende gaharlanyp, gaşlaryny çytyp, bir zatlar diýýär welin, birhili aljyrap, aýtmaly sözlerimem ýatdan çykaryberýän. 

—    Döredijilik ýoluňyzda ýatda galan şatlykly pursatlar barada näme aýdarsyňyz?

—    Biz zähmete, döredijilige mynasyp baha berilýän ajaýyp zamanada ýaşaýarys. 2013-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 22 ýyllyk toýy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýesi boldum. Hormatly Prezidentimiziň milli teatr sungatymyzy dünýä çykarmakda döreden giň mümkinçilikleri netijesinde sahna ussatlarymyz geçmiş hem häzirki zamana ýüzlenýän sahna eserlerini umumadamzat ruhy isleginiň kabul ederlikli derejesine ýetirmek üçin irginsiz zähmet çekýärler. Häzirki wagtda teatrlaryň ýaş artistleriniň öz zehin-başarnyklaryny açmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Hut şonuň üçinem türkmen teatr sahnasynyň keşbi täzelenýär, kämil, özboluşly zehinleriň akymy peýda bolýar. Şeýle bolansoň, ýurdu-
myzyň islendik teatrynda zähmet çekýän sungat ussadynyň ylham-yhlasy umman ýaly joş urýar. Milli teatr sungatymyzda şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürek-den alkyş aýdýarys.

— Döndi gelneje, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size sungat äleminde uly üstünlikleriň, agzybir maşgalaňyza şatlygyň, bagtyýarlygyň hemişe hemra bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

—    Sag boluň.

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Merjen Jumagylyjowa