Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýazgeldi Pirmedow

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Ýazgeldi Pirmedow 1962-nji ýylyň iýul aýynyň 5-ine Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Ýalkym obasynda dünýä inýär. Dokuz ýaşynda ene mährinden jyda düşen Ýazgeldi okuwuny Daşoguz şäherindäki, soňra Görogly etrabyndaky mekdep internatla-rynda dowam etmeli bolýar. Çagalygyndan  aýdym-saza, aýratynda teatr sungatyna höwesli bolansoň, ol 1982-1985-njy ýyllarda Aşgabadyň  Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynda teatr  ugrundan bilim alýar. 1985-1986-njy ýyllar aralygynda Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar» teatrynyň  artisti bolup zähmet ýoluna  başlaýar.  Ol teatryň sahnasynda «Ak derekleriň aýdymy», «Bu sen hakda bolaýmasyn», «Oýun bir maza iki» atly spektakllarynda dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirdi. Sungat ummanynda  bilimini has giňeltmek, ýokary bilim almak maksady bilen, 1987-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tambow döwlet medeniýet institutynyň talyby bolýar. Institutda režissura  hünäri ugrundan Dorina Ýefimowna Frolowanyň elinde tälim alýar.  

Instituty tamamlandan soň, Ýazgeldi Pirmedowyň ýaşlara medeniýet ulgamynda ylym bermek, täze döredijilik gözleglerine bolan höwesi 1992-nji ýylda Gara Seýitliýew adyndaky medeni  aň-bilim tehnikumyna getirýär. Ýaş mugallymyň ýiti zehini medeniýet ulgamynda ussat hünärmenleri ýetişdirmek ugrundaky çekýän zähmetiniň özüne çekijiligi üçin soňra ony Türkmen döwlet medeniýet institutyna işe çagyrýarlar. Ý.Pirmedow mugallymçylyk işiniň daşyndan hem “Ýaşlyk”  teleýaýlymynda «Zehinleriň gözleginde», «Ylham» ýaly gepleşikleri özi gurap, alyp baryp, täze zehinleriň ýüze çykmagynda irginsiz zähmet çekdi. Ýazgeldi Pirmedow «Miras» teleýaýlymynda ýaýlyma  göýberilýän «Käte şeýle-de bolýar...» atly teležurnalynda sahna egindeşleri Türkmenistanyň halk artisti Haýytmyrat Durdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti  Oguljan Bekiýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti  Akmyrat Esenow, Türkmenistanyň at gazanan artisti  Gandym Annadurdyýew dagylar bilen yzygiderli çykyş edip, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanmagy başardy.  Ý.Pirmedow Kiýewiň  Dowženko adyndaky kino  studiýasynyň  «Älemde hiç  kim... » atly  çeper  filminde türkmen esgeri Jallyýewiň keşbini hem ussatlarça döretmegi başardy.

Ýazgeldi Pirmedow ýaz pasly ýaly göwniaçyklyk, degişgenlik, şadyýanlyk, bälçiklik ýaly häsiýetlere diýseň baý.  Ol gitara, dutar, akkerdeon ýaly saz gurallara ussatlyk bilen erk edip, aýdym hem aýdýar. Ýazmak bolsa onuň esasy pişesi. Ol institutda mugallymçylyk käri bilen utgaşyklykda hemişe täze döredijilik gözleglerinde bolup, talyplar bilen täze sahna eserleriniň üstünde yzygiderli işleýär. Çekilen halal zähmet öz miwesini hem berýär. Ýazgeldi Pirmedow 2008-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly ada mynasyp boldy.  2011-nji ýylda  «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.  Häzirki wagtda hem Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyp ýaşlara bilim bermek bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni joşgunly wasp edip, her bir geçirilýän toý-baýramlarda talyplar bilen taýýarlan çykyşlaryny yzygiderli halk köpçüligine ýetirýär.

 

Guwançmyrat Amangeldiýew