Amangül Mämmetýazowanyň degişmelerinden

Işjanlylyk

Amangül süňňi agyrlyk zerarly birki hepdeläp spektaklyň taýýarlygy- na gijä galyp barmagy tapynypdyr. Onuň bu bolşy režissýoryň halys degnasyna degipdir. Duýduryşam Amangüle kär etmändir. Ahyry pal- tasy daşa degen režissýor beýleki işgärlere:

— Amangül gelende, hemmejäňiz ony görmedik boluň, salam berse- de, eşitmediksiräň — diýip tabşyrypdyr.

Şol mahalam gapydan Amangül giripdir:
—    Salam, hanymlar we jenaplar!

Hiç kimden ses çykmandyr, her kim öz işine gümramyşyn. Amangül gaýtadan dillenipdir:
—    Salam, gyzlar!

Ýene-de ýerden ses çykypdyr, sahnadakylardan ses-üýn bolman- dyr. Işdeşleriniň bu bolşunyň hikmetine düşünmedik Amangül olaryň özlerindenem beter bolup:
—    Wah-eý, asyl bu gün taýýarlyk ýogam oguşýa. Işjanlylygymyz gal- jak däl-dä, ýeke özümiz galýançak, gatnap ýörüs — diýip, öýlerine gaý- dyberipdir.

Owadanlyk

Amangül orta ýaşdan agan zenanyň gujagynda oturan çagalyk sura- tyny Ýumşak gyza görkezipdir:
—    Men mundan otuz ýyl ozal, ine, şunuň ýaly owadanjadym — diýse, Ýumşak gyz ýüzünem çytman:
—    Onda suratdaky gyzjagaz kim? — diýip sorapdyr.

Oňa geregem şol

Teatra täzeräk işe gelen aýdymçy oglanlaryň biri Amangülüň ýanynda:
—    Öten agşam pylanynyň toýunda görünmediň? Men iki sagatlap aýdym aýtdym — diýip, öwünjek bolsa, ozalam täze işgärleriniň aýdym aýdyşyna syny oturman ýören Amangül:
—    Muny oňarypsyň, oňa geregem şol — diýip jogap beripdir.

Petekler pianinonyň üstündedi

Teatryň işgärleri Balkanda boljak baýramçylyk çäresine gatnaşmak üçin goş-golamlary bilen demir ýol menziline barypdyrlar. Topara ýolbaşçylyk etmek hem Amangüle tabşyrylan eken. Ol agyr-agyr goşly ýoldaşlaryna gözi düşende:
— Wah-eý, öýdäki pianinony-da alaýmaly ekenim-ow — diýipdir.

Ozalam nämedir bir zada gahary gelip duran artistleriň birine Amangülüň oýun etjek bolşy ýaramandyr:
—    Bu sözüňde gülkünç zat ýok...
—    Menem şony diýýän-dä. Dogrudanam, bu sözümde güler ýaly zat ýok. Ýöne ählimiziň otla peteklerimiz şol pianinonyň üstündedi-dä — diýip, onuň odunyň üstüne ýag sepipdir.

Eliňiz sowgatly bolsa...

Amangül işdeşlerini doglan gününe çagyrypdyr-da, öýleriniň jaňynyň işlemeýändigini, gelenlerinde gapyny aýaklary bilen depmelidigini aýdypdyr. Ondan:
—    Näme üçin aýagymyz bilen depmeli, elimiz bilen kakaýanymyzda bolmaýarmy? — diýip soranlarynda:
—    Wiý, toba, siz eliňiz boş geläýesiňiz ýog-a, «Maňa getirjek sowgat- laryňyzy ýerde goýup heläk bolmaň» diýip aýdaýdym — diýip mönsüräpdir.

Söýgi näme?

Talyplar bilen bolan duşuşyklaryň birinde Amangülden:
—    Söýgi näme? — diýip sorapdyrlar. Ol ilki «Ýadymdan çykypdyr» diýip dymypdyr. Birhaýukdan soňam:
—    Öz-ä, gyz, şol diýýän zadyň bir gowy zatdy öýdýän — diýip, degişmä salyp jogap beripdir.