Türkmenistanyň at gazanan artisti Oguldurdy Annakowanyň ýatlamalary

Türkmenistanyň at gazanan artisti Oguldurdy Annakowanyň ýatlamalary:

—    Mekdepde okaýarkam 10-11 ýaşymdadym, obamyza «Şasenem- Garyp» operasyny görkezmäge bardylar. Ýabyň boýunda, ilkinji gezek oýna tomaşa edipdim. Maýa Kulyýewanyň özüni alyp barşy, aýdym bilen wakany beýan edişi meni eýýäm özüne baglapdy. Şondan soň artist bolmagy arzuw edip başladym. Ýokary synpda okaýarkam, mekdebiň çeper höwesjeňler toparynda çykyş edýärdim. Mekdebi tamamlap, Daşkendiň teatral institutyna okuwa girdim. Talyp döwrümiz Daşkentdäki teatrlara baryp, goýulýan oýunlary sypdyrman görýärdik. Okuwyň dördünji ýylydy. Güseýin Muhtarowyň «Otuzynjy ýyllar» atly eserini sahnalaşdyryp başladyk. Bu biziň diplom işimiz bolmalydy. Men onda Begenjiň söýgülisi Sähranyň keşbini janlandyrdym. Oýun diýseň şowly çykypdy. Biz uly höwes bilen oýnapdyk. Wakalar juda dartgynly ýagdaýda gidýärdi. Tomaşaçynyň ynamyna girmäge dyrjaşýardyk.

1962-nji ýylda instituty tamamlap, Daşoguzdaky teatrda işe başladym. Şonda maňa Beksoltan Jakiýewiň «Atanyň takdyry» sahna eserinde çagaly gelin Zuranyň keşbini ynandylar. Bir ýaşuly adamyň ogly urşa gidip gelmeýär. Gaty gynançly ýagdaýda bolup geçýän wakalary beýan etmeli bolupdy. Halk ony gyzgyn garşylady.

Men ondan soň basym paýtagta, Türkmen döwlet akademiki drama teatra (häzirki Türkmenistanyň beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry) işe geldim. Bu ýerde «Hüýrlukga-Hemra» dessanyny sahna çykarmaga taýýarlyk görülýän eken. Maňa-da baş gahryman Hüýrlukganyň keşbini janlandyrmak miýesser etdi.

Tomaşaçy köp bilýän, sowatly adam. Ony ýöne-möne zat bilen teatra çekip bolmaýar. Maňa Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Oraz Çerkezow, Söýün Amangeldiýew, Sona we Suraý Myradowa ýaly tejribeli artistler bilen işleşmek miýesser etdi. Olar sahnada özüňi alyp barmagyň inçe syrlaryny ýadaman-ýaltanman öwredýärdiler. Her bir hereketiňe uly üns berip, bolmaýan ýeriňi düşündirip, ugrugyp gitmegiňe kömek edýärdiler. Milli dessanlarymyz halkymyzyň kalbynda öňden orun alansoň,  oýun diýseň şowly çykdy. Teatryň içinde dagy ýer-jaý ýokdy. Oýny welaýatlara-da görkezmäge gidýärdik. Tomusky klubyň içine sygmadyklar uly bagyň şahalarynda düzüm-düzüm bolup oturýardylar. Halk teatra uly hyjuw bilen gelýärdi. Dik durup tomaşa edýänlerem bardy. Tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsi täze-täze sahna eserlerine ruhlandyrýardy.

Artist islendik keşbi döretmäge taýyn bolmaly. Emma «Demir aýalda» Soltanatyň keşbi meniň häsiýetime juda gapma-garşy gelýärdi.

Sesine bat berip, goňşularyň göwnüne degip ýören haýýar aýal. Soltanat bolmak üçin köp zähmet çekmeli boldum. Duran ýeriňde biriniň ýüzüni alyp, göwnüne degip goýbermek maňa ýeňil düşmändi. Emma irginsiz çekilen zähmet öz miwesini berende, hemme zat başgaça bolýar. Halkyň
içinde bolsaň, olardan alara, öwrenere zat köp. Şonuň üçin toýa baranymda, bazara aýlananymda, seýrek gabat gelýän häsiýetli adamlara duşsam, olaryň hereketine, gürrüňlerine üns berýärin.
Ine «Gelin gelýär» oýnunda Abadan bolsa, düýbünden başgaça
zenan. Ol sypaýydan, ýuwaş gelin. Hiç kimiň göwnüne degmän, hemme meseläni agzybirlik bilen çözmäge çemeleşýär. Onuň hereketleri öz häsiýetime kybap gelýär diýseňem bolýar.

Hemme zat adamyň ýaşy, tejribesi bilen bagly bolýar eken.