Kino durmuşyndan pursatlar

Türkmen kino sungatyna özboluşly döredijilik ýoly bilen belli bolan  ýaşuly režissýor Hangeldi Agahanow bilen Pawel Syrowyň 1958-nji ýylda surata düşüren “Ilkinji synag” atly çeper filmi türkmen kino sungatynyň altyn hazynasynyň abraýly törüni eýeledi. Bu filmde Baba Annanow kino sungatynda özüniň ilkinji keşbini döretdi. Filmde döreden suratkeş Gulmanowyň keşbi onuň üçin ilkinji synag boldy.