Kino ussady Hangeldi Agahanow

Biziň bu söhbedimiz geçen asyrda, has takygy, XX asyryň otuzynjy ýyllarynyň başyndan ahyryna çenli türkmeniň dil baýlygyny kämilleş- dirmegiň, şol birwagtda sungatyň kino ulgamynyň türkmen şahasynyň döremeginiň, rowaçlanmagynyň irmän-arman hyzmatynda bolan, zandy bilen edebiýata, edebiýatyň terjime, dil tarapyna ýugrulan şahsyýet bolan Hangeldi Agahanow — kinoçylaryň dili bilen aýtsak, Han aga — türkmen milli kino sungatyny esaslandyryjylaryň biri barada bolmaly.

Kino sungaty XX asyryň ahyrynda — 1995-nji ýylyň dekabr aýynda bütin dünýä jemgyýeti bilen özüniň ýüz ýaşyny belledi. Fransuz inženerleri doganlar Lýumýerleriň 1895-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Parižiň gijeki meýhanalarynyň birinde görkezen ilkinji kinokadrlarynyň güni kino sungatynyň dörän pursady hökmünde taryha girdi we iňňän gysga wagtda ol sungat bütin dünýä ýaýrady.

Kino sungatynyň ilkinji ýöntem ýordumly filmleri eýýäm geçen asyryň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň çäklerine — Gyzylarbada (häzirki Serdara), Aşgabada gelip ýetýär. Bu şäherlerde ilkinji kino görkezilýän tomaşa jaýlary — kinoteatrlar peýda bolýar.

— Meni ilkinji gezek atamyň (oňa Köşi obasynda Tagan aga diýerdiler, ol öz döwrüniň sowatly adamy bolupdy) Aşgabatdaky «Modern» atly kinoteatryna alyp gideni şu günki ýaly ýadymda. Ol kinoteatr paýtagtymyzyň häzirki meşhur «Ors bazarynyň» gündogar burçunda ýerleşerdi. Ekranda özüme tarap tüsseläp (ol tüsse däl-de, bug eken) ýetip gelýän otlyny görüp, men atama gysylypdyryn. Gorkupdyryn — diýip, Hangeldi aga atasyny hoşallyk bilen ýatlardy. Soňra ol kino jaýy köşüli oglanlar — deň-duşlary bilen Hangeldiniň-de söýgüli mekanyna öwrülýär.

Hangeldi Agahanow 1916-njy ýylda Aşgabat şäheriniň etegindäki baglyk-üzümlik Köşi obasynda dünýä inýär. Şol obada ösüp-ulalýar, bilim alýar. Şäher edaralarynyň birinde gulluk edýän kakasy Agahan aga çagalarynyň döwrebap adamlar bolup ýetişmegi üçin alada edýär.

1925-nji ýylyň fewral aýynda häzirki Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň esasy bolup hyzmat eden «Aşgabat kinofabrigi» döredilýär we oňa Moskwadan, Leningraddan (Sankt-Peterburgdan), Kiýewden kino işgärleri çagyrylýar. Hangeldiniň bu ýerde işlemek höwesi bolsa-da, ýaşy ýetmänsoň, hünäri bolmansoň, ol arzuwy hasyl bolmaýar. Ol Agahan aganyň maslahaty bilen Aşgabat oba hojalyk tehnikumyna okuwa girýär.

—    Tehnikumyň üçünji ýylynda (kursunda) okap ýörkäm, obadaş dostum Şadurdy Annaýew (Soňra ol ussat kinooperator bolup ýetişdi, «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ada eýe boldy) geldi-de: «Ohow, seniň habaryň ýokmy, kinotehnikum açyldy, men şoňa girdim, arzuw edip ýördüň-ä, ýör, bile okaly, kinoçy bolaly!» diýdi. Bu hoş habara ýüregim gürsüldäp urdy, nädip göreldeli okuwçysy bolan tehnikumymy taşlap, enem-atamy yranymy-da bilemok, nädip kinofabrige ýetenimi-de. Garaz, gijräge galan-da bolsam, meni okuwa kabul etdiler — diýip, Hangeldi aga gürrüň bererdi.

Ýerli ýaşlardan bary-ýogy bir tapgyr kino hünärmenlerini-režissýorlary, operatorlary, ses operatorlaryny, enjam-abzal hünärmenlerini taýýarlandan soň, 1937-nji ýylda bu okuw mekdebi ýapylýar. Okuwy gowy tamamlan Hangeldini dokumental filmleriň režissýorynyň kömekçiligine (assistentligine) belleýärler.

Ol kino ussatlary Lomidzeden, Obolenskiden, Ledaşewden erjellik bilen öwrenýär, kärine barha kämilleşýär. Erjel ýigit günleriň birinde kinostudiýanyň ýolbaşçylarynyň gözüne ilýär. Ony studiýanyň direktory ýanyna çagyryp:

—    Hangeldi, studiýamyzda dublýaž bölümi, ýagny çeper hem dokumental filmleri türkmen diline geçirýän bölüm açylýar. Sen rus dilinem gowy bilýäň, käbir beýleki dillerem, türkmen diline bolsa sen suwara, şonuň üçin seni şol bölüme režissýorlyga geçirýärin!—diýip, çürt-kesik aýdýar.

Bu oslagsyz teklip, özem täze ugurdan işlemeli boljagy ýaş ýigidi — heniz «ganaty bekemedik» Hangeldini aljyradýar. «Başarmaryn» diýmänem kiçilik bilýär.

—    «Bihabar işim, ony nähili oňaryp bolar» diýip, howsala düşdüň öýdýän. Şu ýaş eliňdekä, şu başarnygyň, zehin-ukybyň bilen zady alada etmäň bolmaýar. Her bir ynanylan işe ýapyşanyňda: «Hany, bolmabilse bolmasyn!» diýip, iňňän ynamly hem yhlasly topulmalydyr. Bizem goldarys, onsoňam, ol işi saňa öwretmek üçin, moskwaly kinorežissýor-dublýažçy Anatoliý Wasilýewiç Konstantinow gelýär — diýip, ýaşuly direktor Hangeldä göwünlik berýär.

Anatoliý Wasilýewiç şeýle mylakatly, ýöne şeýle talapkär adam eken. Ol sähelçe säwligi, ujypsyz sowuk-salalygy çyny bilen, jany bilen ýazgarardy. «Kiçiden uly zat döreýändir, Han» diýerdi. Men ony sähelçe-de käýindirmezlige çalyşdym, öwrendim, kämilleşdim. Onuň bilen bile «Uzak Gündogarda» çeper filmini, ýene bir çeper filmi türkmen diline geçirdik. Ol filmleri oba tomaşaçylary gyzgyn garşyladylar. Bir gün Anatoliý Wasilýewiç: «Han, indi sen özbaşyňa işlärsiň, işiň abyny-tabyny gowy ele aldyň, men Daşkende — «Özbekfilme» gitmeli boldum, başararsyň, işläber, çekinme! — diýdi-de ýola düşdi.

Şondan soň SSSR-iň çägindäki kinostudiýalarda, dünýäniň dürli kinostudiýalarynda öndürilen dürli halklaryň çeper filmleri türkmen dilinde gürläp başladylar. Emma 1939-njy ýylda başlanan goşun gullugy, oňa 1941—1945-nji ýyllaryň urşunyň utgaşmagy Hangeldi aganyň uly döredijilik meýilleriniň arasyny 1946-njy ýyla çenli kesýär. Ol Awstriýanyň paýtagty Wena şäherini azat etmäge çenli urşuň ýoluny geçip, agyr ýaralanyp, Aşgabada dolanýar we esger şinelini-de çykarman diýen ýaly, öz jana-jan kinostudiýasyna barýar.

Ony şol kinostudiýada surata düşürilip ýören çeper kinokomediýanyň režissýory meşhur Iwanow-Barkow: «Be-eý, Han, meniň, Hudaýdan eden dilegim ýerine düşdi. Maňa seniň ýaly türkmen halkynyň dilini, däbini-dessuryny, geýim-gejimlerini, şaý-seplerini bilýän egindeş derwaýys gerekdi-dä» diýip, gujak açyp garşylaýar we ony ikinji režissýorlyga alýar. 

— Biz «Uzakdaky gelinligi» 1948-nji ýylyň awgust aýynda Moskwa tabşyrdyk. Men şol ýylyň oktýabrynyň 5-inde ol filmiň bir nusgasy bilen ýarym gije Aşgabada geldim. Biz ony ertir irden döwlet ýolbaşçylaryna görkezmelidik. Filmiň nusgasyny studiýanyň garawulyna tabşyryp, «Ors bazaryň» ýanyndaky öýüme ýetip barýarkam, şol apy-tupan ýer yranmasy boldy. Aşgabadyň, onuň töwereginiň ilaty bilen bilelikde kino işgärleriniň onlarçasyny, filmimiziň operatory Gylyç Kyýathanowy, Gözeliň keşbini döreden Sona Gylyjowany, Annaberdi Geldiýewi... şonda ýitirdik... — diýip, Hangeldi aga ýatlaýar.

Şondan soňra Hangeldi aganyň işi tä altmyşynjy ýyllara çenli türkmen çeper filmlerini döretmek bilen baglanyşýar.

«Çopan ogly», «Maşgalanyň namysy», «Aşyr aganyň mekirligi», «Aýna», «Aýratyn tabşyryk». Bu filmleriň baş režissýorlarynyň başga studiýalardan çagyrylyp getirilendikleri üçin, kino eserleriniň milli däp-dessurlaryna, dil baýlygyna mynasyp äheňde bolmagynda Hangeldi aganyň uly hyzmaty bildirýärdi.

Hangeldi Agahanow «Türkmenfilm» kinostudiýasynda çagalaryň durmuşyna bagyşlanan «Ilkinji synag (ekzamen)» (moskwaly kinorežissýor Pawel Syrow bilen bilelikde) çeper filmini döretdi. Ol film wagtynda halkara baýraklaryna mynasyp boldy. Şeýle-de, onuň režissýorlyk eden «Gündogara tarap on ädim», «Horaz», «Şahyr» ýaly çeper we ençeme dokumental filmleri tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.

Hangeldi aga Alty Garlyýewiň meşhur «Aýgytly ädim» filminiň montažçy režissýory hem tekstlerini timarlaýjy bolupdy. Ol Türkmenistan kino işgärleriniň birleşiginiň döredijileriniň biri boldy hem oňa köp ýyllar ýolbaşçylyk etdi.

Ol geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda ýene-de öz başyny başlan işine — filmleri türkmen diline geçirmäge ymykly geçýär we ömrüniň ahyryna çenli ýer ýüzüniň onlarça, ýüzlerçe halkyny öz ene dilimizde kämil gürledýär.

Onuň bilen işleşen belli terjimeçiler Garaja Burunow, Baýram Annanurow, Allaýar Hydyrow, Täşli hem Arap Gurbanowlar, Döwlet Esenow, Gurbandurdy Gurbansähedow bir agyzdan diýen ýaly: «Hangeldi aga on iki süňňi bilen kino sungatyna berlen, adamkärçilikli, kiçi göwünli adam. Onuň bilen işlemek hem ýakymly, hem agyr, çünki ol iňňän talapkär, ondan köp zat öwrenip bolýar» diýerdiler.

Bu gün Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ençeme döwlet baýragynyň we sylagynyň eýesi, kinorežissýor Hangeldi Agahanowyň döredijilik işini Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň işgärleri — onuň şägirtleri dowam etdirýärler hem öz Garaşsyz, baky Bitarap diýaryny, halkyň Arkadagyny, halkyň bagtyýar durmuşyny, azat zähmeti, dostluk-doganlygy wasp edýän kino eserlerini kämil derejede döredýärler.

 

Gurbanmuhammet Rejebow, žurnalist