Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýaşlara bilim berýän Lýubow Garlyýewa iki ägirdiň — Alty Garlyýew bilen Annagül Annagulyýewanyň gelni. Ol sungat ugrundan sapak berensoň, köplenç, öz gaýynatasydyr gaýynenesini ýygy-ýygydan ýatlap, olaryň durmuşy barada gyzykly gürrüňler berýär.
Bir gün meni mugallymymyzyň iş stolundaky bir surat özüne çekdi. Halypa mugallymymyz bu surat bilen gyzyklananymy aňdy-da, ol hakda gürrüň berdi.
— Gaýynatamyň režissýorlyk etmeginde «Magtymguly» filmi Diýarymyzyň dürli ýerlerinde surata düşürilipdir. Bir gezek öýden surata düşürmäge diýip gidenine aý ýaryma golaý wagt geçensoň, gaýynenem hal-ýagdaýyndan habar almak üçin onuň yzyndan gidipdir. Film şahyryň dogduk mekany bolan Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasyna golaýrak ýerde surata düşürilýär ekeni.
Şäherden baran Annagül ejä surata düşürilýän meýdança geçen günleri, durmuşy bolup görnüpdir. Hatar-hatar ak öýler, bedew atlar, adamlaryň mähellesi onda täsin duýgulary döredipdir. Ine, birdenem, onuň gözi işine haýdaşlap ýören Alty agada eglenipdir. Maşgalasynyň ýol söküp gelmegi ussat artisti begendiripdir. Şonda ol bir pursat arakesme yglan edip, filmi surata düşürmegi togtadypdyr.
Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, Alty Garlyýew gaýyneneme çep kisesinden kümüş ýüzügi çykaryp, ony gaýym saklamagy tabşyrypdyr. Edil şol pursadam olary kino düşürmäge gatnaşýan fotosuratçy surata düşüripdir. Taryhy pursatlardan habar berýän bu surat biziň maşgalamyzda ygtybarly saklanýar — diýip, Lýubow mugallym guwanç bilen ýylgyrdy.
Seýitmuhammet Seýitmuhammedow