Gyzlaryň at üstünde ýyldyrym çaltlygynda edýän çylşyrymly oýunlary tomaşaçylary biparh goýanok. Türgen gyzlar her bir çykyşynda diňe aty erjel çapmak bilen däl, eýsem, onuň üstünde pyrlanmak, dürli tilsimleri ýerine ýetirmek ýaly, oýunlaryň täze görnüşleri bilen hem tomaşaçylary haýran galdyrýarlar. Olaryň çykyşlaryna tolgunman tomaşa etmek mümkin däl. «Bäh, gyzlaryň hem, atlarynyň hem çeýediklerini görsene, atyň erkem, jylawam gyzlaryň elinde. Türkmen gyzlarynyň behişdi bedewlere erk etmegi Garaşsyzlygyň miweleri ahyryn» diýeniňi duýman galýarsyň!
Uly toýuň — şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda-ha türkmen halkynyň ýürek joşgunyny söz bilen beýan eder ýaly däl. Dagy näme, mukaddes Garaşsyzlyk hem-de hemişelik Bitaraplyk türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň goşa ganaty bolar-da, oňa ähli süňňüň bilen buýsanmasaň bolmaz-a! Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlan döwrebap, milli öwüşginli, medeni-durmuş maksatly binalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dünýä ülňüleri- ne laýyk desgalar bilen birlikde, milli medeniýetimiziň guwanjy bolan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň her welaýatda açylmagy köňüllere şatlyk eçilýär. «Türkmeniň aköýünde» tutulýan toýlarda sungat ussatlarynyň ýerine ýetirýän aýdym-sazly çykyşlary bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary-da tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. «Asman atlary» diýip at alan uz ýörişli türkmen bedewiniň çarpaýa galyp, ussatlyk bilen ýerine ýetirýän hereketleri, oňa erk edýän türgenleriň erjelligi haýran galdyrýar. Ol atlary golaýdan synlasyň, sypalasyň, türgenlere bolsa, «Berekella!» diýesiň gelýär. Şeýle hyýallar bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň esasy türgenleşik geçýän ýeri bolan Türkmenistanyň Döwlet sirkine baranymda, saz gurallary orkestri «Buýsançly bedew» ady bilen dürli sazlar, milli halk heňleri, şeýle hem meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň gaýtalanmajak saz eserleri, ýaş kompozitor Kerim Berdimuhamedowyň «Rowaç», «Aşgabat» ýaly sazlary bilen baýlaşdyrylan saz çemenini taýýarlamak bilen meşgul eken. Ähli ynsanda bolşy ýaly, duýgulary ynsanyňky bilen çalymdaş atlarda hem saza goşulmak endigi bar. Sazlaşykly hereket üçin bolsa ýüregiňi owsundyrýan saz gerek. Şeýle owaz ýaňlananda, atlar saza goşup, tans edýärler, şonda diňe atyň hereketi tomaşaça täsir etmeli däl.
— Oýunlar gidip durka diňe atyň dükürdisi ýa-da şoňa meňzeş sazyň owazy ýönekeý saz bolmaly däl-de, eýsem, şol wagt aty-da, oňa erk edýän türgeni, artisti, tomaşaçyny-da gaplap aljak başga bir duýgy emele gelmeli. Ol duýgy atyň özboluşly owazynyň, onuň häsiýetiniň saz bilen goşulyşyp, emele getiren üýtgeşik bir dünýäsi bolmaly — diýip, sirkiň orkestriniň baş dirižýory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow gürrüň berýär.
Halkara atşynaslyk merkezine öwrülen mähriban Diýarymyzyň behişdi bedewleri, oňa ussatlyk bilen erk edýän türgenlerimiz Italiýada, Ukrainada, Belarussiýada, Türkiýe- de, Russiýada, Hytaýda geçirilen iri halkara bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna, at çapyşyklaryna, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen halkara festiwalyna we ýene-de ençeme ýurtlarda geçirilen çärelere gatnaşyp, her gezek at üstündäki dürli oýunlary, akrobatik we gimnastik tilsimleri bilen tomaşaçylary haýran galdyrdylar, abraýly baýraklara, şeýle hem halkara Gran-pri baýraklaryna birnäçe gezek mynasyp boldular. Ýürekleri galkyndyryp, ruhy lezzet berýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe boldy.
Türkmeniň ýelden ýüwrük, gözelligi hem-de ýyndamlygy bilen toý-baýramlaryň bezegine öwrülen meşhur behişdi bedewlerini özüňe imrikdirmek, olaryň üstünde dürli oýunlary ýerine ýetirmek sabyrlylygy, şeýle hem şol atlara bolan bimöçber söýgini, mähri, yhlasy talap edýän bolsa gerek. Ata-babalarymyz ýöne ýere: «Aty at edýänçä, eýesi it bolar» diýen däldirler.
— Bu aýtgyda uly many bar. Hakykatdan hem haýsy işiň başyna baranyňda-da, ony göwnejaý etjek bolsaň, ilki bilen, yhlas etmeli, ýapyşan işiňi söýmeli. Behişdi bedewleriň duýgurlygy gaty inçe. Olar seni gözüňden, sözüňden aňýar. Ýalňyşaýsaň hem olar hereketi bilen saňa düzediş berýär. Atlar ýaşlygymyň hemrasyna öwrülen-soň, olar maňa syrdaş, ýoldaş bolup gitdiler. Tüweleme, çagalarym hem şu ýoldan ýöremegi müwessa bildiler. Ynha, gyzym Medine çagalygyndan meniň bilen şu ýe- re gatnap, at mündi. Türgenleşdi, at bilen dostlaşdy, bi- ri-biriniň diline düşünmegi başardy. Köplenç, täze tilsimleri özi teklip edýär — diýip, toparyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk atşynasy Pyhy Baýramdurdyýew guwanç bilen aýdýar. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Medine Baýramdurdyýewa:
— Gije ýatanymda-da düýşümde diňe atlary, dür- li oýunlary görýärin. Ertesi şol gören zatlarymy kakama gürrüň berýärin, onsoň ataly-gyz bolup, täze tilsimleriň üstünde işleýäris. Atyň mähirli gözlerine gözüm düşende, okuwdan soň türgenleşige gelip, maňlaýyndan sypanymda onuň bilen hemişe bile boljakdygyma, «At — myratdygyna» ynanýaryn. Sebäbi ol meniň bilen sazlaşykly hereket edýär, islegimi gözümden aňýar. Edýän işimden lezzet alýaryn — diýip, gürrüň berýär. Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Aýlar Bedilowa hem Medine ýaly ýüregi bilen sirk sungatyna berlen. Onuň hem arzuwy at üstündäki milli oýunlar bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmak. Lilianna Ýusupowa ýaşlygyndan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna işjeň gatnaşyp, ussat tälimçi Pyhy Baýramdurdyýewden sapak alýar, kämilleşýär. Ol atçylygyň syrly dünýäsine içgin aralaşmagy maksat edinip, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň atçylyk bölümine okuwa girip, ony üstünlikli tamamlady. Lilianna diňe at üstünde çylşyrymly oýunlary däl, eýsem, howada ýerine ýetirýän hereketleri hem ussatlarça ýerine ýetirýär. Ol sportuň bu görnüşi boýunça 2018-nji ýylda Gazagystanda geçirilen «Aziýa ýaňy» festiwalyna gatnaşyp, festiwalyň baş baýragyna mynasyp boldy.
Mukaddes Garaşsyzlygyň ýeňişlerine goşulyp, döwür bilen deň gadam urýan, türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä tanadýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň kalbyňy gobsundyrýan çykyşy dowam edýär. At toýnagynyň dokmadaragyňka çalymdaş, dükürdisiniň, türgenleriň at üstündäki çalasyn hereketleriniň, milli halk mukamlarynyň näzijek owazynyň sazlaşygy behişdi bedewleriň aýdymy bolup, türkmen sährasyna ýaň salýar. Ol ýaň «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýýän her bir türkmeniň göwnüni galkyndyrýar. Berdinazar şahyr aýtmyşlaýyn:
Göwni galkyp, ata çykar,
Gamçy bardyr guşagynda.
Bedew münüp bilmeýäni,
Ýokdur oglan-uşagynda.
Ogulbaýram Taganowa