Biziň dostumyz, kärdeşimiz we iň gowy aýdymçymyz Ýolaman Hummaýew türkmen opera sungatynyň ösmeginde, onuň kämilleşmeginde uly işler etdi.
Ýolaman Hummaýew 1921-nji ýylda Mary etrabynyň ikinji Goňur oba geňeşliginde eneden doguldy. Ol 1937-nji ýylda obadaky ýediýyllyk mekdebi gutaryp, Mary etrabynyň şol wagtky Stalin adyndaky daýhan birleşigindäki onýyllyk mekdebe okuwa girýär. Ol heniz mekdep partasynda okaýarka-da aýdym aýtmagy söýerdi. Onuň ýakymly owazyny eşidenler «şu ýigit irde-giçde oňat aýdymçy bolar» diýişerdiler.
1939-njy ýylyn awgust aýy Ýolamanyň durmuşynda uly uýtgeşiklik döretdi. Şol ýyl opera studiýasy Ýolamana höwes bilen gujak açdy. Ýolaman studiýa gelen gününden başlap, studiýanyň iň güýçli mugallymlaryndan Sergeý Wladimirowiç Bereznewiň synpynda okap başlady, Çünki Ýolamany studiýa getiren mugallym hem şoldy. Ýolaman opera studiýasynyň birýyllyk kursuny 1940-njy ýylyn awgust aýynda gowy bahalar bilen gutaryp, 16-njy sentýabrda täze açylýan opera we balet teatrynyň aýdymçysy bolup işe geçýär. Ýolaman özüniň aýdymçy we tansçy ýoldaşlary we dostlary bilen opera we balet teatrynyň gapysyny açanlaryň biridir. Ol ilkinji gezek «Bagşynyň ykbaly» diýen operada Woşiniň keşbinde çykyş etdi. Onuň ilkinji çykyşy hemmäniň göwnünden turdy. Şol günden başlap, zehinli aýdymçy öz kärine has-da berk ýapyşdy. Her bir täze keşp onuň üçin doredijilik mekdebi boldy.
Ýolaman «Zöhre we Tahyr» operasynda bagban Hasanyň, Tahyryň keşplerini, «Bagtly ýaşlyk» operasynda brigadir Amanyň, «Leýli we Mežnun» operasynda Mežnunyň we şol operadan şadyýan Kömegiň, «Çio-çio-san» operasynda kapitan Pinkertonyň, «Kemine we Kazy» operasynda Danataryň, «Bagt derýasy» operasynda inžener Serdaryň, «Abadan» operasynda watançy Batyryň, «Şasenem we Garyp» operasynda hem Ilmyradyň keşbini ýerine ýetirdi.
Ýolaman bu keşpleri döretmek üçin köp wagtlap irmän-arman işledi. Her keşbiň özüne laýyk durmuş ýagdaýyny tapdy. Ýolaman ýeke bir opera aýdymçysy bolman, ol birnäçe kinolarda hem çykyş etdi. «Jadyly daş» filminde Tahyryň keşbini ýerine ýetirdi.
1944-nji ýylda orta Aziýa respublikalarynyň Daşkentde geçirilen ongünlüginde zehinli aýdymçynyň döredijiligine uly baha berildi.
Ýolaman Hummaýewe türkmen halkynyň opera teatrynda gazanan üstünlikleri üçin 1944-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakyldy. 1950-nji ýylda Ýolaman Hummaýew «Hormat nyşany» ordeni bilen sylaglandy.
Ýolaman oňat aýdymçy hem-de oňat adamdy. Onuň bilen bile işläp, aragatnaşyk eden adamlar onuň nähili adamdygyny gowy bilýändirler. Ýolaman şadyýan, göwniaçyk, dost-ýarlarynyň gadryny bilýän şeýle bir asylly gowy ýigitdi. Ol özüniň hünärini ýaşlara öwretmegi gowy görerdi.
Zehinli artiste halkymyzyň we hökümetimiziň öňünde bitiren işleri üçin 1952-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň halk artisti diýen at dakyldy. Emma agyr kesel zehinli artistimizi uzak işlemäge goýmady. Biziň eziz dostumyz, bilbil owazly aýdymçymyz agyr keselden soňra 1952-nji ýylyn 7-nji oktýabrynda aradan çykdy. Biz özümiziň in gowy dostumyzy, aýdymçymyzy ömürlik ýitirdik, emma Ýolamanyň ady, bilbil owazly sesi, döreden keşpleri biziň we onuň hünärdeş dostlarynyň ýüreklerinde ömürlik ýaşar we biz hiç haçan eziz dostumyzy ýatdan çykarmarys.
M.MАMMETÝАROW