Şamuhammet Akmuhammedow

Şamuhammet Akmuhammedow 1937-nji ýylyň 8-nji iýulynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde eneden bolýar. Çagaka onuň kakasy aradan çykýar. Şeýle kyn günlerde Şamuhammet Mary şäherindäki çagalar öýüne ýerleşdirilýär, ýöne ol ýerde uzak saklanmaýar. 1946-1954-nji ýyllarda Serdar (öňki Gyzylarbat) şäherindäki çagalar öýünde terbiýelenýär.

Şol wagtlar Serdar şäherindäki çagalar öýünde terbiýelenýänlere beýleki sapaklar bilen birlikde şekillendiriş sungaty boýunça--da oňat tälim berilýär eken. Megerem, şonuň üçindir, hut şu çagalar öýünde terbiýelenenleriň birnäçesi Türkmenistanyň belli suratkeşleri bolup ýetişdiler. 

Çagalar öýüniň öz teatry bardy. Oňa ýazyjy Hudaýberdi Durdyýew ýolbaşçylyk edip, uly bolmadyk sahnalary goýýardy. Şamuhammede hem keşpleri ýerine ýetirmegi ynanylan wagtlary az bolmady.

Ol geljekki ykbalyny teatr sungaty bilen berk baglanyşdyrmagy arzuw edýärdi. Onsoň şol maksadyna ýetmek üçin ol bir gün Moskwa şäherindäki M.S.Şepkin adyndaky teatral uçilişesine hat ýazdy. Ýöne onuň hatyna bu okuw mekdebine orta bilimi bolan ýaşlaryň kabul edilýändigini habar berýän jogap geldi. Ol şol wagt ýaňy 8-nji synpy tamamlapdy. Şondan soňra Şamuhammedi çagalar öýünden Aşgabada oba mehanizatorlaryny taýýarlaýan ýörite okuw mekdebine iberdiler. Ýöne şeýle-de bolsa, ol sungatdan arasyny üzüp bilmedi. Özi ýaly birnäçe oglanlar bilen birlikde Aşgabadyň Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine resminamalaryny tabşyrdy. Giriş synaglary şowly boldy.     

Onuň giriş synaglarynda çeken suratlaryna şol ýerde mugallym bolup işleýän Çary Amangeldiýewiň göwni ýeten bolara çemeli.

Şamuhammediň çaga kalby teatry, aktýor bolmagy küýseýärdi. Wagtal-wagtal ol okuwyny taşlamagam pikir etmän durup bilmezdi. Şu ýagdaý ol tä 3-nji ýyl talyby bolýança dowam etdi. Leningradyň (häzirki Sankl-Peterburg) ýokary çeperçilik uçilişşesiniň mugallymy Leonid Aleksandrowiç Wpak Aşgabada – türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesine gelýär. Ol bu ýere okuwçylar bilen duşuşmaga, olara döredijilik maslahatlaryny bermäge gelipdi. Şamuhammet hem onuň bilen ikiçäk gürleşende, okuwyny dowam etdirmegi islemeýändigini, ýüreginde artist bolmak arzuwynyň ýaşaýandygyny aýtdy. Leonid Alekesandrowiç onuň gürrüňini üns berip diňledi. Soňra bolsa onuň çeken suratlary bilen tanyşdy. «Pikiriňi bölme-de, okuwyňy dowam etdiriber» diýip, oňa maslahat berdi.

1959-njy ýylda Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesini üstünlikli tamamlan Şamuhammet Akmuhammedow Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda suratkeş bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ol bir ýyldan soň Moskwanyň B.I.Surikow adyndaky Döwlet çeperçilik institutyna okuwa girýär.

Şeýlelikde, Şamuhammet Pawel Petrowiç Sokolow — Skalýa, Wadim Fýodorowiç Ryndin ýaly sungat ussatlaryndan tälim aldy. Institutyň teatr ussahanasynyň ýolbaşçysy, professor M.M.Kurilko - Rýumin Şamuhammet bilen has içgin işleýärdi. Ol türkmen ýigidinde täze döredijilik ylhamyny oýarmagyň hötdesinden gelipdi.

Talyplyk döwründe Şamuhammet G.Musrepowyň «Söýgi hakda poema» atly pýesasyny bezemek bilen meşgullanýar. S.Balasanýanyň «Leýli we Mejnun» baletine dekorasiýa eskizlerini döretmekde höwes bilen işleýär. Onuň bu işlerine aýratyn üns bermek gerek. Çünki olar suratkeşiň bu ugurdan üşüginiň,  žiwopis taýdan pikir ýöredişinde batyrgaýlygyň hem erkinligiň, reňkleri saýlap almakda üýtgeşik duýgurlygyň bardygyny ýüze çykardy.

Şamuhammet Akmuhammedow instituty tamamlan ýyly — 1966-njy ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Şondan bäri döwlet derejesindäki, daşary ýurtlardaky çeperçilik sergilerine gatnaşyp gelýär.

Suralkeş Şamuhammet Akmuhammedow 1968-nji ýyla çenli üç spektaklyň bezeg işlerini ýerine ýetirdi. H.Derýaýewiň «Mähri», A.Kekilowyň «Söýgi», M.Seýitnyýazowyň «Şarpyk» spektakllary Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda goýuldy. Şol teatrda suratkeş bolup işlemegi Şamuhammet Akmuhamedowyň ýene bir döredijilik zehinini açdy. Myrat Seýitnyýazowyň «Şarpyk» dramasyny sahnada režissýor Çary Mämmedow goýdy. Dramada gitarada saz çalyp, aýdym aýdýan oglanyň keşbi hem bardy. Režissýor bu keşbi aýdym-saza ukyby bolan Şamuhammede ynandy. Ol özüne ynanylan keşbi sahnada mynasyp janlandyrmagy oňat başardy.

Baryp, 1971-nji ýylda Moskwaly şekillendiriş sungatyny öwreniji Margarita Halaminskaýa Şamuhammet Akmuhammedowyň döredijiligi barada söz açyp, şeýle ýazýar: «Şamuhammet Akmuhammedow teatral-bezeg işleri sungatynda örän işeňňir. Onuň eserleriniň arasynda birnäçe spektakllary bezemek işi hem bar. Şol sanda ol Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda A.Kekilow bilen T.Taganowyň pýesasy esasynda goýlan «Söýgini» hem bezedi, Akmuhammedowyň bezeg işleri professionalizm, keşpleriň talabyna düşünjeli garaýyş, sahna çözgütleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar». 1968-nji ýylda kinorežissýor Polat Mansurow Şamuhammet Akmuhammedowy öz döredýän «Gyrnak» kinofilmine suratkeş bolmagy teklip etdi. Şamuhammet onuň teklibini uly höwes bilen kabul etdi. Şeýlelikde, režissýor bilen suratkeşiň bilelikdäki döredijilikli işi başlanýar. Surata düşüriş işleri Mäne bilen Çäçe obalarynyň töwereklerinde geçirilýärdi. Režissýor, ine, şu ýerde-de kinofilmiň suratkeşi Şamuhammede obany talap ýören galtamanlaryň biriniň keşbini ýerine ýetirmegi ynandy. Onuň döreden keşbi şowly çykdy. Ol režissýoryň hem göwnünden turdy. Ine, şundan soňra Polat Mansurow özüniň soňraky döreden «Ölüm ýokdur, oglanlar» (1970 ý.) atly kinofilminde kapitan Rejebowyň keşbinden çykyş etmegi hem Şamuhammede ynandy. «Serkerdeler» (1972ý,) atly filmde ol ussatlyk bilen terjimeçiniň keşbini döretdi. Şeýdip ol heniz çagalygynda kalbynda beslän arzuwyna-da ýetdi. Onsoňam, onuň aktýorlyk ukybyna köpler göz ýetirdiler.

Suratkeş Şamuhammet Akmuhammedowyň teatr we kino sungatynda bitiren işlerine ser salanyňda «Gyrnak» kinofilminiň has görnükli omy eýeleýändigine bada-bat göz ýetirýärsiň. Ol Minsk şäherinde geçirilen bütinsoýuz kinofestiwalynda şu işi üçin birinji derejeli diploma mynasyp boldy.

Şamuhammet Akmuhammedowyň çeper kinossenariýesi barada gürrüň etsek, 1978-nji ýylda režissýor Boris Annaberdiýew bilen taýýarlan «Bäşim Nuraly» atly telefilmi şekillendiriş sungatyna dahylly bolup, Turkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuraly, onuň özboluşly döredijiligi hakyndady.

Şamuhammet Akmuhammedowyň ssenariýesi esasynda 1978-nji ýylda döredilen başga bir «Gözelligi eçilmek» telefilmi hem türkmeniň gadymy zergärçilik sungaty, ony dowam etdiriji häzirki zaman zergäri Gylyçmyrat Ataýew hakynda gürrüň berýär. «Edep-terbiýe berenler» atly telefilmi 1985-nji ýylda döredildi. Şamuhammet Akmuhammedow özüniň terbiýelenen çagalar öýi baradaky bu işini şol terbiýe mekdebine bagyşlady.

Şamuhammet Akmuhammedow nowelladyr powestleri ýazdy. Onuň makalalary diýarymyzyň döwürleýin metbugatynda çap edildi.

Suratkeş Şamuhammet Akmuhammedowyň «Güneşli ülke» (1975 ý.), «Köpetdagyň ýodalary» (1979 ý.), «Gadymy Nusaý» (1981 ý.), «Kaspiý deňzinde» (1993 ý.), «Awçy» (2005 ý.), «Türkmen bazary» (2004 ý.), «Könekesiriň ýollarynda» (1977 ý.) ýaly işlerini synlanyňda, onuň duýgur synçydygyna, ajaýyp tebigat täsinliklerini -  türkmen topragynyň gözelligini ussatlyk bilen janlandyranlygyna akyl ýetirýärsiň. Bu işler seni türkmen tebigatynyň, durmuşynyň ruhy dünýäsine aralaşdyrýar. Dürli milletleriň wekilleri hem olar arkaly türkmen ýüregi bilen söhbet gurap bilýärler.

Ynha. dutaryň sapyny emaý bilen saklap duran kinoaktýor H.Öwezgelenow grimm stolunyň garşysynda çuňňur oýa batyp otyr. Şu portretde suratkeş psihologiki taýdan örän dürs häsiýeti bermegi başarypdyr. «Tüýs ýürekden gürrüň» (1976 ý.) atly suratda kinematografiki häsiýet goýlandyr. Onda ýetginjegiň syryny gyzygyp diňleýän ene bilen onuň gyz agtygy şekillendirilipdir. Suratkeş ähli zada ünsli garaýar. Ynha, onuň nazary güne gaýzygan pyýada-da («Telpek satýan» (1982 ý.), gözel gyzyň gelşikli nagyşly lybasynda («Nagyşlar», 1981 ý.), şowhunly şäherde welosiped sürüp barýan ruhany aýalda («Ruhany aýal», 1986 ý.) eglenýär. «Magtym aga - uruş weterany» (1973 ý.), «70-nji bahar» (1975 ý.), «Miweler» (1981 ý.) ýaly işlerinde ol gojalaryň keşbine parasatlylyk hem mähremlik çaýýar.

Şamuhammet Akmuhammedow özüniň işleriniň birini «Erik ýene-de gülledi» (1987 ý.) diýip atlandyrypdyr. Onda örän dabaraly, hoşboý ysyny çar ýana ýaýradyp duran bir agaç şekillendirilipdir. Bahar buşlukçysy bolan bu güllerde geljekki baharlara bolan ynam, şonuň ýaly-da döredijilige bolan teşnelik aýratyn duýulýar.

Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Lýudmila Truhaçýowa: «Gülbahar», «Bahar-ýaz güli», «Katýuşa» ýaly çagalar portretlerinde Ş.Akmuhammedow adaty ýaly zatlarda hiç haçan gaýtalanmajak öwüşginleri bermegi başarýar. «Suratkeş görnüş hökmünde giňden açylan penjireleri, gülläp oturan gülälekli meýdany şekillendirip, ene süýdi deýin halal arzuw-hyýallaryny hem-de şahyranalygy nygtaýar» diýip ýazýar.

Suratkeş Şamuhammet Akmuhammedow Hindistana bagyşlap çeken suratlar toplumynda arhitektura ýadygärlikleriniň şekillerinde gadymy binagärlik sungatynyň gözelligini ussatlyk bilen suratlandyrypdyr. Şonuň üçinem «Patyşanyň köşgi» hem-de «Delidäki gümmez» atly grafika eserleri tomaşaçylaryň ýadyndan uzak wagtlap çykmaýar.

«Türkmenistan-Hindistan» jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary, belli suratkeş Şamuhammet Akmuhammedowa 1990-1991-nji ýyllar üçin Jawaharlal Neru adyndaky halkara baýragy gowşuryldy.

Ussat suratkeş Şamuhammet Akmuhammedow Braziliýada, Germaniýada, Hindistanda, Bolgariýada we başga-da birnäçe daşary ýurtlarda geçirilen sergilere gatnaşýar. Bulardan başga-da Iordaniýada, Marokkoda, Hindistanda onuň şahsy sergileri guralýar.

Şamuhammet Akmuhammedow 1968-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň jogapkär sekretarlygyna, 1976-njy ýylda başlyklygyna saýlanýar.

1982-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasarlygyna, 1983-nji ýylda birinji orunbasary wezipesine bellenýär. 1987-nji ýylda bolsa Medeniýet gaznasynyň Türkmenistan bölüminiň başlyklygyna saýlanýar.

Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň, J.Neru adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň professory Şamuhammet Akmuhammedow ömrüniň soňky ýyllary Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Bäşim Nuraly adyndaky baýragy bilen hem sylaglanýar.

Ussat suratkeş Şamuhammet Akmuhammedow 2010-njy ýylyň 9-njy maýynda biwagt aradan çykýar. Onuň döreden her bir eseri sungat muşdaklarynyň göwnünden turup, uzak-uzak ýyllar ruhy lezzet paýlar.