Güseýin Muhtarow

Men Güseýin Muhtarow bilen ýazyjylaryň II gurultaýy wagtynda tanyşdym. Biz gurultaýyň delegatlary bolup, Aşgabadyň  myhmanhanasynda gonşy jaýda ýaşaýardyk. Güseýin bilen Bekge Pürliýew ikisi bir jaýda bolýardy. Biz Balkan welaýatyndan myhman bolup gelen bolsak, olar Mary welaýatyndan gurultaýa gelen delegatlardy. Tanyş bolduk. Dostlaşlyk. Aradan şeýle bir köp wagt geçmänke, Beýik Watançylyk urşy başlandy. Men goşun gullugyna çagyryldym. Mary şäherinde ýerleşýen 2-nji Türküstan pulemýot uçilişesine okuwa iberildim. Şonda Güseýin bilen Bekge ikisi meniň ýanyma geldi. Biz Bekge ikimiz öň Aşgabatda birnäçe gezek duşuşypdyk. Sebäbi Bekge Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Mary welaýatyndaky wekili, men bolsam — Balkan welaýatyndaky wekili bolup işleýärdim. Güseýin bilen diňe ikinji gezek duşuşygymyzdy. Ol maňa şeýle mylaýym, mähirli ýoldaş bolup göründi.

—   Näme üçin seni goşuna çagyrdylarka, näme üçin bärik uçilişä okuwa getirdilerkä?—diýip, Güseýin özüniň geňirgenýändigini bildirdi. 

—   Ýazyjylary fronta harby habarçy edip iberýärler ahyryn.

—   Men heniz Ýazyjylar birleşiginiň agzasy däl.

—   Agzasy bolmasaňam, edebiýatçy. Ýazyjylar birleşiginiň işgäri.

Güseýin bilen aramyzda şeýle gürrüňiň bolany meniň ýadymda. Bekge Pürliýew ikisi edil dogan ýalydy, aradan gyl geçmez dostdy. Ikisi mydama bile tirkeşýärdi. Bile pýesa ýazýardy. Uruşdan soň ýurdumyzyň merkezi edaralarynda işlemek üçin köp sanly kadr gerek boldy. Güseýin bilen Bekge Aşgabada göçüp geldi. Güseýin Gara Seýitliýew bilen sungat işleri müdirliginde. Bekge Ýazyjylar birleşiginde işleýärdi. 1947-nji ýylda menem Ýazyjylar birleşigine işe çagyrylyp, Bakandan Aşgabada göçüp geldim. Güseýin bilen ýygy-ýygydan duşuşýardyk. Ol Eýranyň Maşat şäherinde doglupdyr. Çagaka maşgalasy bilen Mara göçüp gelipdirler. Internatda okapdyr, terbiýelenipdir. Onuň teatr, saz sungatyna höwesi örän ir döräpdir. Mekdepde okaýan wagtynda teatr gurnagyna gatnap, sahnada çykyş edýär eken. Saz çalmak bilen gyzyklanýar eken. Bularyň hemmesi oz doredijiligini, ykbalyny hemişelik teatr bilen baglanyşdyrmaga Güseýine mümkinçilik döredipdir. 

Güseýin Muhtarow türkmen teatrlarynyň sahnalarynyň, diňe bir türkmen teatrlarynyňam däl, Moskwanyň, doganlyk ýurtlarylaryň teatrlarynyň sahnalarynda orun alan ençeme pýesalar döretdi. «Allan aganyö maşgalasy», «30-njy ýyllar», «Şadyýan myhman», «Şeýtan zürýatlary» we beýlekiler oňa uly at-abraý, şöhrat getirdi. Bize Aşgabatda köp ýaşamak, işlemek miýesser etmedi. 1948-nji ýylyň oktýabr aýyndaky aýylganç ýer titremesi biziň ähli doredijilik, durmuş meýillerimizi, hatda ykballarymyzy-da düýbünden üýtgetdi. Şol ýylyň dekabr aýynda Güseýin ikimiz Moskwa okuwa gitdik. Ol Moskwanyň Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň ikinji ýyllygyna, men bolsam birinji ýyllygyna okuwa girdik. Onuň ikinji synpa kabul edilmeginiň sebäbi, ýer titremezinden öň, Aşgabadyň mugallymçylyk institutynyň uçünji ýylynda gaýybana okan ýeken. Mugallymçylyk institutda tabşyran synaglary hasap edildi. Ýokary okuwyny dokam etdirmäge mümkinçilik döredildi.

Güseýin Moskwa maşgalasy bilen göçüp bardy. Aýaly, ogly, gyzy, jemi dört adam bolup, Moskwanyň etegindeki Peredelkinoda aýyna belli mukdarda pul tölemek şerti bilen biriniň hususy jaýyndan - wagtlaýyn iki otag edindi. Biziň okuwa baran wagtymyzda Ýuriý Trifonow, Ýuriý Bondarew, Resul Gamzatow, Wladimir Solouhin, Wladimir Tendrýakow, Konstantin Wanşenkin, Grigoriý Baklanow, Andreý Dementew dagam institutda okaýardy. Azerbaýjandan köp talyp okaýardy. Nobi Hazri, Jebir Nowruz, Salim Kadyrzade, Aly Kerimow, Isa Güseýinow, Alyaga Kurçaýly we beýlekiler. Biz öňden okap ýören talyplar bilen tiz öwrenişdik, dostlaşdyk, institutyň rektoraty, mugallymlary, talyplar bize aýratyn hormat goýýardy. Uly heläkçilige sezewar bolan Aşgabatdan gelendigimiz üçin olaryň hemmesi biz barada uly alada edýärdi.

Güseýiniň adamkärçilikli alçak häsiýeti, zehini, rus diline örän ökdeligi onuň örüsini has-da giňeltdi. Ylaýtada, azerbaýajanly talyplar onuň töwereginden aýrylmaýardy. Güseýin aramyzda ýaşy ulumyzdy. Onuň ömür, durmuş, doredijilik težribesi, öwüt-nesihaty şol wagtlardaky ýaş ýazyjylar bolan bize edil howa ýaly gerekdi.

Mei Güseýiniň üsti bilen Moskwada atlary dünýä belli ençeme adam bilen tanyşdym. Abulkasym Lahuti, onuň aýaly Banu Hanym, Simat Wurgun, Nazym Hikmet, «Mossowet» teatrynyň baş režissýory Ýuriý Zawadskiý, «Teatr» žurnalynyň baş redaktory Wladimir Pimenow. Bularyň hemmesi Güseýiniň ýakyndan gatnaşýan adamlarydy. Ol rus, pars, türk dilini gowy bilýärdi. Lahuti bilen parsça, Nazym Hikmet bilen türkçe gepleşýärdi. Bir gün biziň institutymyza Nazym Hikmet geldi. Onuň bilen talyplaryň duşuşygy boldy. Onuň rus dilini bilşiniň kän ugry ýokdy. Näme üçindir onuň terjimeçisi wagtynda gelmedi. Güseýin terjime etmeli boldy. Duşuşygyň ahyrynda Nazym Hikmet Güseýiniň elini gysyp, minnetdarlyk bildirdi. Güseýin ikimizden başga Edebiýat institutyna okamaga Türkmenistandan Wadim Zubarew, soň Aýjemal Omarowa, Şäher Borjakow dagam geldi. Güseýn Moskwada okan, ýaşan, işlän ýyllaryny öz ömrüniň, döredijiliginiň iň gymmatly döwri hasaplaýardy. Sebäbi ol pýesalarynyň ençemesini Moskwada okap ýören wagtynda ýazypdy. Ol bir gün maňa:

—   Eger men Moskwanyň Edebiýat institutynda okamadyk bolsam, şeýle pýesalar ýazaryn öýdemok! — diýdi...

Moskwanyň «Teatr» žurnalynda Güseýiniň birnäçe pýesasy çap edildi. Onuň «Allan aganyň maşgalasy» diýen pýesasy «Maşgala namysy» ady bilen Moskwanyň «Mossowet» teatrynyň sahnasynda goýuldy. Biz talyplar bolup, onuň ilkinji görkezilişine gitdik. Ilkinji görkeziliş örän üstünlikli geçdi. Awtory, režissýory sahna çykaryp, tomaşaçylar uzak wagtlap el çarpyşdy.

Az wagtdan soň Güseýiniň durmuşynda, doredijiliginde ýene-de bir uly waka boldy. «Allan aganyn maşgalasy» diýen sahna eseri Türkmen döwlet akademiki teatrynyň sahnasynda goýlup, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanandygy üçin uçunji derejeli Döwlet baýragyna mynasyp boldy. SSSR Ministrler Sowetiniň karary bilen sahna eseriniň awtory Güseýin Muhtarowa, sahna eseriniň sahnada goýulmagyna gatnaşan artistlerden Aman Gulmämmedowa, Sona Myradowa, Ata Durdyýewe, Muhammet Çerkezowa, Atamyrat Bekmyradowa, Myrat Seýitnyýazowa Döwlet baýragy berildi.

Biz Türkmenistanyň Moskwadaky Hemişelik wekilhanasynyň jaýyna göçüp geldik. Bärde köp sanly doktorantlar, aspirantlar, talypar ýaşaýardy. Kompozitor Weli Muhadow, taryhçy Öwlüýaguly Kulyýew maşgalalary bilen, kompozitorlar Daňatar Öwezow, Nury Muhadow, suratkeş Aýhan Hajyýew, baletmeýster Goşa Japaroý, lukmanlar Han Japow, Nurjemal Ysmaýylowa. Eziz Ysmaýylow dagam şol ýerde ýaşaýardy. Biz dynç günlerinde, baýramçylykda, Täze ýylda hemişe bile ýygnanyşýardyk, çaý başynda söhbet edýärdik, kim saz çalýardy, kim aýdym aýdýardy, kim goşgy okaýardy. Güseýin saz çalmaga, aýdym aýtmaga ökdedi. Oňa pianino boldy, garmon boldy, tapawudy ýokdy. Barmaklary perdelere kaklyşan badyna, saz gurallary täsin owaz bilen saýrap başlaýardy. Biz okuwy gutaryp, Aşgabada geldik. Men Medeniýet ministriniň orunbasary, Güseýin Medeniýet ministrliginiň sungat işleri müdirliginiň ýolbaşçysy bolup işleýärdik.

Güseýiniň bir aýagy ministrlikde bolsa, bir aýagam teatrlardady. Ol goýulýan oýunlaryň çeperçiliginiň ýokary derejede bolmagy, repertuarlaryň oňaýly saýlanyp alynmagy ugrunda alada edýärdi.

Gara Seýitliýew bilen Güseýin söwer dostdy. Bile tirkeşýärdi, bile pýesa, kinossenari ýazýardy. Güseýinem edil Gara ýaly ir aradan çykdy.           

Bir waka ýadyma düşýär. 1963-nji ýylda Gazagystanda türkmen edebiýatynyň günleri boldy. Ondan gowrak ýazyjydyr şahyr bolup, şol günlere gatnaşdyk. Aramyzda Güseýinem bardy. Garagandada şahtaçylar bilen duşuşdyk. Şonda şahtaçylaryň brigadari:

—   Kim şahta girmek isleýär?— diýdi. Ilki bilen Guseýin:

—   Men girmek isleýärin — diýdi. Yz ýanyndanam Wadim Zubarew:

—   Menem – diýdi Başga isleg bildiren bolmansoň, Güseýin bilen Wadimi şahta alyp gitdiler. Biz bolsa, Temirtawa tarap gitdik. Soň Wadim Zubarew gürrüň berýär:

Bizi lift bilen aşak alyp gitdiler, Şahtaçylaryň geýim çalşyrýan otagyna eltdiler. Bize bolar ýaly, şahtaçylaryň ýörite geýýän kostýumy tapylmady. Hemmesi dar bolýardy. Ahyry iki jübüt jalbar bilen gimnasterka getirdiler. Olary zordan egnimizde saklanar ýaly etdik. Onsoň şahta girdik. Gap-garaňky, kömüriň ysyndan ýaňa dem alar ýaly däl. Dar çukurlaryň içinde diňe bagryň bilen süýşüp hereket etmeli. Çukura göwrämiz, zordan sygýardy. Güseýiniň gimnastýorkasy egninden sypyrylyp galdy. Men onuň yzyndan gelemsoň, gimnastýorkasyny getirip berdim. Ahyry kömür çykarylýan giňişlige çykdyk.

Güseýin bilen Wadim Temirtawda biziň yzymyzdan ýetenlerinde, men Güseýinden:

—   Şahta neneň eken? — diýip soradym.

—   Sen sorama, men aýtmaýyn! Halal, şahtaçylaryň zähmetine! Olara neçe pul töleseň, şonda-da az! — diýdi.

Garagandanyň jemgyýetçilik guramalary edebiýat günlerine gatnaşýan türkmen ýazyjylarynyň hemmesini «Şahtýorlyk şöhraty» diýen nyşan bilen sylaglady. Şahta girip, batyrlyk görkezendikleri üçin Güseýin Muhtarow bilen Wadim Zubarewe birinji derejeli nyşan, galanlarymyza bolsa, ikinji, üçünji derejeli nyşanlar gowşurdylar.

 

Anna KOWUSOW