Bekge Pürliýew

Çagalyk, ýetginjeklik günlerimden bäri söwer dostum bolan Bekge Pürliýew birgepli, adalatly, batyrgaý kişidi. Ol tüýs şu döwrüň adamsydy. Ýöne şo-ol durgunlyk ýyllarynda-da öz döredijiliginde durmuşy, durmuş wakalaryny ýuwmarlaman, dogruçyl teswirälp, düşünjesiniň, öz akyl ýetiren meselesiniň üstünde berk durmagy başarýan şahsyýetdi. Onuň şol häsiýetini tassyklaýan birje mysaly getireýin.

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda Bkgi Pürliýewiň sahna eseri boýunça goýlan spektaklyň jemgyýetçilik gözden geçirilişi guralypdy.

Sahnadaky gapma-garşylyk barha güýjäp, tomaşaçyny aldym-berdime salýardy. Zaldakylaryň birindenem ses-üýn çykanokdy. Olar bar düýrmegi bilen sahna berlipdi.

Hawa, ýokarda nygtaýşym ýaly, Bekge Pürliýew bilen çagalyk, ýetginjeklik günlerimden başlap tirkeşipdim. Biz arasyndan gyl geçmeýän dostlar diýilýänlerdendik. Ol oglanlyk çaglarynda-da her kesiň ýanynda öz pikiriniň arkasynda tutanýerlilik bilen durup bilýärdi.

Otuzynjy ýyllaryň başlarydy. Ol wagtlar dörediji ýaşlaryň özara gatnaşygy süýtdeş doganlaryň biri-birine hormat goýşuna çalym berer durardy. Bekge Pürliýew, Kössek Atanyýazow, baýram Welmyradow dagy Mary şäherindäki mugallymçylyk tehnikumda okaýardy. Men Mary şäherindäki   Magtymguly adyndaky internatynda okaýardym. Biz günde-günaşa diýen ýaly duşuşyp, ýazanja zatlarymyzy biri-birimize okap berýärdik. Şol günlerem Bekge dostumyzy öz ynanjyndan dönderip bolanokdy. Bardy-geldi, tankydy belligiňiz subut edip biläýseň welin:

- Berekella! Şeýt ahyry! Bi diýeniň ýüregime jüňk boldy – diýerdi.

Ol döredijilik ýoluny, aglaba köpümiz ýaly, goşgudan başlapdy. Onuň sadadan akgynly şygyrlary bardy.

Özem mugallymçylyk tehnikumdan soň, obada mugallymçylyk edipdi. Onsoň gazet işgäri, ýaşlaryň Mary welaýat guramasynyň kätibi, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň edebi geňeşçisi, ýurdumyzyň radiosynyň, “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň baş redaktory bolupdy. 

Baý durmuş tejribesine eýe bolan şahyr proza bilen dramaturgiýa žanrlarynda-da basalykly hem üstünlikli işläp, adygan ýazyjylaryň hataryna goşuldy. Onuň “Aýlawda” (hekaýalar, 1955 ý.), “Ilkinji gün” (hekaýalar, 1955 ý.), “Ökünen Oraz” (hekaýalar, 1957 ý.), “Söýgi mukamy” (powest, 1959 ý.), “Çeleken şemaly” (roman, 1953 ý.), “Dowzahdan çykan gyz” (roman hem powestler, 1981 ý.) atly kitaplary edebiýat muşdaklarynyň uly söýgüsini gazandy. “Täze teklip”, “Bagtly ýaşlyk”, “Men gelnimden razy”, “Açylan syr”, “Myhman”, “Meniň mugallymym”, “Wyždan”, “Sapançaly aýal” sahna eserleri dürli ýyllarda dürli neşirlerde çykarylyp, çeper höwesjeňler toparlaryna-da, okyjylar köpçüligine-de ýetirildi.

Senagat kärhanalary, daýhan birleşikleri, mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, harby bölümler bilen birlikde, ony nebitçilerdir, lukmanlaryň arasynda-da ýygy-ýygydan görmek bolýardy. Nebitçileriň, lukmanlaryň içinde işläp, “Çeleken şemaly” romany bilen “Söýgi mukamy” powestini döredipdi. 

“Söýgi mukamy”, “Çeleken şemaly”, “Dowzahdan çykan gyz” ýaly proza eserlerindäki, sahna eserlerindäki dartgynly wakalar, awtoryň olara siňdiren suratkeşligi okyjylarda, tomaşaçyda-da ömrylla unudylmaz täsir galdyrýar. Sebäbi, ol her sözüniň, setiriniň, jümlesiniň üstünde irginsiz dümtünip işläp, olary telim ýola göçürip, taraşlama kemini goýanokdy.

Onuň ýazyjynyň takaty bilen ussatlygyna galamdaşlary belent sarpa goýýardy. Bekge “Az bolsun – uz bolsun” diýen ýazyjylardandy. Uly dramaturg Güseýin Muhtarow ýekeje sahna eserinäm oňa okatman, teatra hödürlemändi.

Bekgäniň döredijiligi edebi tankytçylar bilen ýazyjylaryň, sungaty öwrenijiler bilen okyjylaryň üns merkezinde boldy. Saýlaw Myradow, Güseýin Muhtarow, Meret Atahanow, Öde Abdyllaýew, Jora Allakow, Anna Paýtykow, Sapar Kürenow, bäşim Ataýew, Kakaly Berdiýew, Anna Gurtgeldiýew, Babyş Mämmetýazow, Hudaýberdi Bäşimow we başgalar onuň eserleri barada makala ýazypdy. Olaryň hemmesäm onuň döredijiligine gowy baha beripdi. Diňe şularyň özem Bekge Pürliýewiň eserleriniň nä derejededigine güwä geçýär.

Ol meniň öwüt-nesihatçylarymyň hem halypa saýýanlarymyň biridi. Pomma Nurberdiýew, Anna Kowusow ikisi bilen bile Bekge Pürliýew Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilmegime hödürnamada beripdi. 

Dünýäniň ajysam bar, süýjüsäm bar. Dünýäniň ajysy onuň başyndan biçak ir indi. Ol ýaňy elli iki ýaşynyň içindekä aramyzdan armanly gitdi.

Edebiýaty ösdürmekdäki hyzmatlary üçin medallar, Türkmenistanyň hökümetiniň Hormat hatlarynyň ikisi bilen sylaglananda-da ol gutlag-arzuwlarymyza:

- Iňňän minnetdar – diýipdi.

1969-njy ýylda kyssaçy, dramaturg Bekge Pürliýewiň elli ýaşy dolupdy. Onuň durmuşyndaky şu sene mynasybetli Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde dabaraly ýygnak geçirilipdi. 

Kiçigöwünli dostumyz ýygrylyp, derçigip otyrdy. Kärdeşleri ony ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglygyny, döredijilik bagtyny ak göwünden arzuw edip, elini gysýardylar.

Nobat ýurdumyzyň halk ýazyjysy, akademik Aman Kekilowa ýetipdi. Ol agraslyk bilen ornundan galyp, ilki zalda oturanlary, onsoň Bekgäni synlapdy. Birmeýdan oýlanyp durupdy-da, ardynjyrap, söze başlapdy:

- Dostum Bekge, men seniň öz adyňa aýdylýan öwgüli tarypnamalary halamaýanyňy örän oňat bilýän. Şonuň üçinem hokgy-hokgy edip, men saňa öwgüli sözleri aýdyp durmakçy däl. Ýöne hakykaty welin aýtmaly. – Ol ýene ilki zalda oturanlara, onsoň Bekgä gözüni aýlady. – Bekge Pürliýew kim? Özüm-ä şu sowala şeýle jogap berýän. Bekge Pürliýew – türkmen edebiýatynyň özboluşly Nurmyrat Saryhanowy...

 

Aşyr NAZAROW.