TEATR DURMUŞYNDAN PURSATLAR

Özbek dramaturgy Seýit Ahmediň “Gelinleriň gozgalaňy”  atly komediýasy Baş  drama teatrynda kyrk ýyldan bäri birnäçe gezek goýlup, sahnadan düşmän gelýär. Bu üstünligiň  syry elbetde, gozgalýan meseläniň gyzyklylygy, tolgundyryjylygy  üçin we köplere tanyş, degişli bolan maşgala durmuşynyň meseleleriniň gozgalýanlygyndadyr. “Gelinler”  atly gülküli sahna oýnunyň baş gahrymany Permanbibiniň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Abasowa çykyş edýär.