Ussady ýatlap...

Irki ýyllarda türkmen kino sungatymyzyň döremegine, berkemegine ýardam eden, türkmen kinematografiýaçylarynyň mugallymy hem halypasy Ýewgeniý Alekseýewiç Iwanow-Barkowdyr. Ol 1938-nji ýylda Moskwadan Aşgabat kinostudiýasyna çeper ýolbaşçy bolup işe geldi. Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýraklarynyň eýesi Ýewgeniý Alekseýewiç Iwanow-Barkow 1892-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Kostroma şäherinde dogulýar. 1911-1915-nji ýyllarda Petrogradyň Strogonow çeperçilik-senetçilik uçilişesinde okaýar we sungat ugrundan tälim alýar. Şol ýyllardan hem ýaş kino sungaty bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Kinofilmlerde suratkeşlik edýär. 1925-nji ýylda Iwanow- Barkow I.Ý.Goliç bilen ilkinji gezek «Bulam-bujarlyk» ady bilen ekranlara çykan çeper filme režissýorlyk edýär.

Ilkinji iş, ilkinji üstünlikden soň ýaş hem zehinli režissýoryň dürli mowzukdan, döwrüň talabyna jogap berýän, tomaşaçylary özüne çekip bilnen kinofilmleri yzly-yzyna utgaşyp gidýär. 1905-1907-nji ýyllaryň galagoply wakalaryny, patyşa samoderžawiýesini sarsdyrýar. Birinji rus rewolýusiýasyny  teswirleýän “Zäher” (A.Lunaçarskiý bilen bilelikde), “Dominanyň gahrymanlary”, “Ýezit” filmlerini döretdi. Bu kino eserleri tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylandy. 

1940-njy ýylyň sentýabr aýynda režissýor Iwanow-Barkow, operator Boris Muratowskiý bilen Markin we Withinowskiniň ssenarisi esasynda “Dursun” atly çeper filmi surata düşürildi. Bu film şol döwürde ýurdumyzyň kinoekranlaryna goýberilýär. Ol tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Filmiň režissýory Ýewgeniý Alekseýewiç Iwanow-Barkowyň filmdäki baş keşpleri ýerine ýetiren Nina Alisowanyň (Dursun) hem Alty Garlyýewiň (Nury) 1941-nji ýylyň martynda ozalky SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolmaklary, dürli metbugat sahypalarynda filme ýokary baha berilmegi, millionlarça tomaşaçylaryň filmi gowy garşylamaklary, filmiň beýan edýän wakalarynyň durmuş bilen berk baglanyşyklydygynyň, oba durmuşynyň iňňän täsirli suratlandyrylandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

“Dursun” filmi güneşli ülkämiziň zähmetsöýer adamlary, olaryň bagtyýar durmuşy, şatlygy hem tolgunmalary, maşgala gatnaşyklary barada gürrüň berýär.

Filmiň materiallaryny uly jogapkärçilik bilen birkemsiz öwrenen, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, gylyk-häsiýetlerini gowy özleşdirip, kino eseriň iň bir uşak detalyna-da uly ähmiýet bilen garan ussat režissýor “Dursun” filminde keşpleriň giden galereýasyny döretmekligi gazanypdyr. 

Gulkişi Gulmyradowyň döreden Aşyry, M.Goriçewanyň döreden Ogulgeregi, Aman Gulmämmedowyň Arslany, Ata Durdyýewiň Nepesi, A.Wetrowanyň Gözelidir Sary Garryýewiň Çarysy we beýleki täsirli döredilen keşpler biziň ýokarky aýdanlarymyza mysal bolup biler.

Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen edebiýat we sungat işgärleri öz iş meýilnamalaryny halky duşmana garşy tutanýerli göreşe galkyndyrýan eserleri döretmeklige, watançylyk mowzugyna bagyşladylar.

Türkmen kinematografiýaçylary şeýle mowzuga degişli kinožurnallar, kinooçerkler, dokumental filmler bilen bilelikde çeper filmlerem surata düşürmeklerini dowam etdirdiler. 1941-nji ýylyň ahyrynda ýurdumyzyň ekranlarynda peýda bolan «Prokuror» atly çeper film hem şol kino eserleriniň biridir. 1946-njy ýylda «Türkmenistan» atly çeper-dokumental film ekranlara ýaýrady. Bu filmde Ýewgeniý Alekseýewiç Iwanow-Barkow ssenariçileriň biri bolup hem çykyş etdi. Filmde Türkmenistanyň taryhy yzarlanýar we onuň ýeten derejesi kinokadrlaryň üsti bilen teswirlenýär.

Aşgabadyň kinostudiýasynyň önümi bolan «Uzakdaky gelinlik» atly täza film adamlaryň päk duýgulary, halklaryň dostlugy, söýgi we ýaşlyk barada gürrüň berýär.

Bu filmi döretmäge gatnaşanlaryň bir topary: režissýor E.A.Iwanow-Barkow, operator A.Bulanskiý, baş keşpleri ýerine ýetiren A.Garlyýew (Kerim), W.Neşiplenko (Zahar) 1949-njy ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldular.

E.A.Iwanow-Barkow bilen aragatnaşykda bolan ýaşuly ýazyjymyz Gurbandurdy Gurbansähedow:

—Ýewgeniý Alekseýewiçi men 1940-njy ýyldan bäri tanaýardym. Onuň «Dursun» çeper filmi ekranlara ýaýrap, uly meşhurlyk gazanypdy. Şol döwürde biz Aşgabadyň pedagogik institutynyň talyby ýaşajyk Inna Alisowanyň türkmen gelniniň keşbini ýerine ýetirişine, Alty Garlyýewiň ilkinji üstünliklerine diýseň guwanardyk – diýip ýatlaýar. - «Dursun» çeper filminden soň Ýewgeniý Alekseýewiç «Prokuror» atly çeper filmini surata düşürdi. Ýöne bu film zehinli režissýora onçakly üstünlik getirmedi. «Uzakdaky gelinlik» sazly kinokomediýasynyň ekranlara ýaýramagy Ý.A.Iwanow-Barkowyň “Dursun” filminden gelen şöhratyny ýene-de ýokary göteren çeper lenta boldy. Ýewgeniý Alekseýewiçiň «Türkmenfilmde» surata düşüren iki filminiň SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolmagy, türkmen kinoçylarynyň öňe äden aýgytly ädiminiň ýene-de bir gezek ykrar edilmegine getirdi. 

Men «Uzakdaky gelinligiň» meşhurlyk gazanan döwürleri  “Türkmenistan” gazetinde işlämsoň Ýewgeniý Alekseýewiçden filmi 
döredişleri barada birnäçe gezek söhbetdeşlik guradym. Şondan on ýyl geçenden soň Ý.A.Aýzenberg bilen bilelikle işlän ssenarimiziň surata düşürilmegini üçin režissýor gözläpdik. Türkmenistanda raýatlyk urşuny açyp görkezýän ssenariý boýunça režissýor tapmaklyk aňsat düşmedi. Haçanda biziň ssenarimiz boýunça «Aýratyn tabşyryk» atly çeper filmi surata düşürmekligi Ý.A.Iwanow-Barkowyň öz üstüne alandygyny eşidenimizde, biziň begenjimiziň çägi ýokdy.

Ýewgeniý Alekseýewiç Moskwadan gelen badyna filmi surata düşürip başlar diýip pikir etdik. Emma bu beýle bolmady. Biz:

—Ý.A.Iwanow-Barkow, geljekki filmiň baş gahrymany hem-de ikinji režissýory A.Garlyýew, Ý.Aýzenberg dört bolup, ssenariniň üstünde işlemekligimizi Pöwrizede dowam etdirdik. Biz bütin tomus işlänimizden soň, Ý.Aýzenberg ikimiziň ýazan ssenarimizden hiç zat galmady. Bütin ssenarini Ýewgeniý Alekseýewiçiň maslahaty we ýolbaşçylygy astynda täzeden ýazmaly bolduk. Dynç alan wagtymyz ol bize Wsewolod Pudowkin hakynda, şeýle hem S.Eýzenşteýniň «Bronenoses Potýomkin», «Aleksandr Newskiý» filmlerini surata – düşürişi barada gürrüň bererdi. Ol bu zatlary biziň şol filmlerden öwrenmekligimiz üçin aýdardy. Biz ona düşünerdik. «Aýratyn tabşyryk» filmi 1958-nji ýylda ekrana çykaryldy. Bu Ýewgeniý Alekseýewiçiň türkmen mowzugy boýunça iň soňky filmi boldy. Film kabul edilenden soň, yzyna Moskwa ugramakçy bolup durka onuň «Men in ajaýyp aktýorly bolan bolsam, bu gün şol ajaýyp aktýoryň ajaýyp režissýor bolup ýetişeninem gördüm» diýeni şu günki ýaly ýadymda. Bu sözler Alty Garlyýewe degişlidi — diýip, Gurbandurdy Gurbansähedow ýatlaýar.

 

Annameret Durdymämmedow
Gurbanmuhammet Rejebow