KINO DURMUŞYNDAN PURSATLAR

1955-nji ýylda “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň önümi bolan “Aşyr aganyň hötjetligi” atly çeper filminde Antonina Rustamowa Oguljanyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Şondan soň A.Rustamowa 1956-njy ýylda “Maşgalanyň namysy” atly çeper filminde Allan aganyň gyzy Ýazgülüň, 1958-nji ýylda bolsa, kinorežissýor Hangeldi Agahanow bilen Pýotr Syrowyň bilelikde surata düşüren “Ilkinji synag” filminde Jennet atly gyzyň, “Döwranyň başyndan geçirenleri” filminde mugallym Jereniň keşplerini ýerine ýetirýär. Şeýdibem kino sungatynda döreden şowly işleri Antonina Rustamowanyň  aktrisa bolmagyna sebäp bolýar.