Ömür menzili

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ilhalar spektakllaryň awtory, görnükli kinorežissýor, ýazyjy, alym, halypa mugallym Baýram Abdyllaýewiň hekaýalary, powestleri, çeper we dokumental filmleri maňa işimde uly ýardam berýär. Döredijilikdejogabynytapyp bilmeýän soraglaryma halypanyň eserlerine salgylanyp jogap tapyp bilýärin. Bu gün halypam aramyzda bolmasa-da, onuň eserleri ýaşamagyny dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz ony Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglady.

Ony döredijilik äleminde ussat kino tankytçysy, kino sungatyny öwreniji, kinodramaturg, kinorežissýor we dramaturg hökmünde tana- ýardylar. Ol ýazyjydy. Sahna eserleriniň on üç sanysy ynha, indi, ýarym asyr bäri sahnadan düşmän gelýär. Halypa «Men eserlerimi edil öz çagalarym ýaly görýärin» diýerdi.

Bir gezek oňa Kawkazyň bir teatrynyň sahnasynda sahnalaşdyrylan «Sallahlar» atly eserinden ýygnanan galam hakyny ýollapdyrlar. Welosipedli işe gatnap ýören ýaş ýazyja bu uly peşgeşdi. Ol galam hakyna awtoulag satyn alyndy.

Ol Türkmen döwlet medeniýet institutynda hormat goýulýan ussat halypady. Onuň şägirtleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde abraý bilen işleýärler. Ol çykyş edende, «Meniň şägirtlerim bar. Olar geljekde türkmeniň kino sungatyna uly goşant goşjak ýigitler» diýip, bize uly ynam bildirerdi. Elbetde, şägirt hökmünde şeýle buýsançly sözler meni diýseň galkyndyrýardy. Halypamyň bildiren ynamyny ödemek üçin elimde baryny edýärdim.

Halypa mähirli, nurana adamdy. Ony hemmeler sylaýardy. Onuň iş otagyna gelip-gidýänleriň sany-sajagy ýokdy. Edil adam kalbynyň inženeri ýaly, synan göwünleri seýiklärdi. Bir gezek durmuşy paşmadyk bir adam maňa şeýle gürrüň berdi: «Haçan-da men Baýram Myradowiçiň ýanyna girip, arzymy aýdan mahalym, soňuna çenli diňläp, öz duýgudaşlygyny bildirip, dostluk goluny uzadyp, göwünlik berdi».

Bu hakykatdan hem şeýledi. Meniň özüm hem şeýle ýagdaýa düşen mahallarym esasy howandarym halypamdy. Eneň-ataňa aýdyp bilmeýän pynhan syrlaryňy hem dost ýaly diňläp, dogry ýoly salgy bererdi. Onuň durmuş tejribesi ýetik bolansoň, gabat gelip biläýjek kynçylyklardan habarlydy. Halypa ýatlamalara berlip: «Jaýymyň üçegindäki deşiklerden damýan ýagyş damjalaryna gap-gaçlary goýup soňuna çykyp bilmezdim. Iş stolumy damjalardan sowup, ýazýan eserimi dowam edip, daňa çenli tebigatyň gutarnyksyz hüjümi bilen darkaş gurardym. Gyzjagazymam bäbejikdi, goýup gidere adam ýokdy. Biz onuň daşyndan gulplap, gelnejeňi welosipediň öňüne mündürip, okuwa gatnadardym, özüm bolsa işe giderdim. Yzymyzda çagamyzy alada edip, nähili okap, nähili işleýändigimizi bilmezdik. Emma welin okamalydy, işlemelidi. Ynha, Hatyjany biz şeýdip ulaltdyk» diýipdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň Medeniýet şäherçesinde gurduran ak mermerli, ähli amatlyklary bolan jaýynda eşretli durmuşyň hözirini görüp, sapaly durmuşda ýaşaýandygyny uly buýsanç bilen aýdypdy.

Meni hem ol ýere eltip, täze jaýyň açaryny elime berip: 

— Hany aç-da, gir içine - diýip, ähli otaglaryna aýlapdy.
— Halal zähmetiň bilen Watanyňa hyzmat etseň, nesip bolsa, saňa-da şunuň ýaly eşretli, döwletli-döwranly günler garaşýandyr — diýipdi.

Halypanyň aýdyşy ýaly boldy. Medeniýet şäherçesine ýanaşyk Olimpiýa şäherjigi hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gur- lup ulanmaga berildi. Şol köp gatly, ähli amatlyklary bolan jaýdan nesibäm çekip, oňa göçüp bardym. Indi, halypalara has ýakyn barypdym. Häli-şindi halypamyň maşgalasyndan habar tutup durýaryn.

Ýyllyk işlerimi surata düşürip başlamankam, pikirlerimi halypama gürrüň bererdim. Ol goşmaly wakalary maslahat berip, artyk ýerlerini aýyrmagy öwrederdi. Okuwyň daşyndan bolsa, surata düşürýän filmlerinde ýanynda işlederdi.

«Türkmen owazy» teleradio ýaýlymynda çagalar bölüminde işläp, her gün bir pikiri orta atardym.

Bir gün ol:

—    Sen ilki bilen bir işi tamamla, onsoň beýlekisine ýapyş — diýip, gatyrgandy. Bir hepde diýen ýaly wagt geçenden soň halypa:
—    Meni bagyşla, Ýagmyr jan! Arada seniň göwnüňe degip, badyňy alanymy bilýärin - diýip, ötünç sorady.

Bu diňe mert hem hakyky halypanyň başarjak zadydy. Meniň bogazym dolup, gözlerime ýaş aýlandy. Halypa bolsa:

—    Durmuşyň kynçylyklaryna ýegşerip, hiç haçan ýan berme! Ruhuňy belent tut, ümzügiň diňe öňe sary bolsun. Hany indem, näme hyýalyň bolsa aýdyp otur, entekler seniň öňüňde bitirmeli işleriň köpdür — diýdi. Bu sözleri halypanyň ak pata berdigi diýip kabul etdim we hyjuwly okamagymy we işlemegimi dowam etdiripdim.

Halypamyň bitiren işleri boýunça ilki bilen bäş sany ylmy kitabyny içgin öwrendim. Şeýle-de on ýylyň dowamynda öwrenip ýetişenlerimi kagyza geçirip, ýaş alymlaryň arasynda geçirilen bäsleşige gatnaşyp, birinji orny eýeledim. Çykyş etmeli pursadym otuz sany alym adama gözüm düşdi-de, aljyradym. Sussum basylyp, der basdy. Näderimi bilmedim. Hemmeleriň gözi mendedi. Şonda halypanyň ruhy goldawyny duýdum. Ol meni synlap duran ýaly boldum. Soňra bolsa gulagymda şu sözler ýaňlandy:

— Aljyrama! Men seniň ýanyňda ahyryn. Arkaýynja aýdyber.

Dogumlanyp, söz bilen beýan edip bolmajak güýç-kuwwat tapdym. Ýeňijilige mynasyp gördüler.

Arada Baýram aga barada ýazan makalam «Miras» radioýaýlymynyň «Türkmen ýoly» edebi-sazly gepleşiginiň «Halypalar unudylmaýar» atly sahypasynda ussat diktor, aktýor Batyr Çaryýewiň okamagynda halk köpçüligine ýetirildi. Şol ýazgyny halypanyň maşgalasyna eltip berdim. Ogly Ahmetdir gyzlary Hatyja we Şemşat diňläp, öz pederlerini ýatlap, olary begendirendigimi aýtdylar.

Halypam şeýle sadady, edil çaga ýalydy. Bir gezek halypanyň penjegine meňzeş penjek satyn aldym. Şol gün geýnip onuň ýanyna bardym. Ol synçydy. Derrew egnimdäki penjegi görüp:

—    Meniň penjegim ýaly eken. Sen diňe meniň berýän ylym-bilimim bilen çäklenmän, eýsem egin-eşik meselesinde hem maňa meňzemek isleýärsiň - diýdi. Dogrudan hem penjegi oňa meňzäsim gelip alypdym.

Ol gaty syrdam, ykjam geýinmegi gowy görýän adamdy. Edil ýaş oglan ýaly üst-başyna üns bererdi. Geýimlerini bolsa diňe özüniň ütükle- ýändigini aýdardy. Ýogsam bu meselede onuň gyzy Şemşat «Kaka, getir, özüm ütükläýin» diýip, elinden aljak bolsa-da, özi ütüklär eken. Halypa şeýle gürrüň beripdi:

—    Men daň atmanka oýanyp, irdenki maşklarymy ýerine ýetirýärin. Soňra bolsa ýazjak zatlarymy oýlap, ütüge güýmenýärin. Ol maňa nähilidir bir ýardam berýär. Şonuň üçin ütük meselesinde hiç kime azar bermeýärin. Olaryň zat oňarmaýanlygy üçin däl-de, özümiň höwesimiň bolanlygy üçin şeýdýärin.

Ýerlerde bolanymda «Baýram Abdyllaýewiň şägirdi» diýsem, ony diňe gowulykda ýatlaýarlar. «Olar ýaly köptaraply ussat adamynyň tälimini alan bikemal bolmaz» diýýärler.

Halypamyň okuw otagy halypalaryň ýygnanyşýan, ýatlamalaryň mesgeni, şatlyk-şowhunyň gaýnap-joşýan ýeridi. Gully Akynyýazow, Halmämmet Kakabaýew, Nury Keşşikow, Gurban Maşrykow, Bally Orazow, Myrat Gurbangylyjow, Ilmyrat Bekmiýew we merhum Kerim Annanow, Şyhmyrat Annamyradow, Nurýagdy Şamuhammedow dagyň ýygnanyşyp, döredijilik, medeniýet-sungat baradaky söhbediň joşýan jaýydy. Olaryň gürrüňleri biz ýaly şägirtler üçin uly mekdepdi. Gürrüňdeşlik şeýle bir gyzgalaňly ýagdaýda geçerdi welin, sen goýaý. Döredijilikde bilmeýän zatlaryňy öwrenersiň. Indi, öz-özüme: «Wah şol pursatlary yzyna gaýtaryp bolsady» diýýärin.

Biziň kafedramyz Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň binasynyň dördünji gatynda ýerleşerdi. Halypam hemmelerden ilki iş ýerine gelerdi. Sapaga baran wagtym, hemişe däliziň ugrunda dutar saz guralynda «Şükür bagşy» filmindäki baş keşbi ýerine ýetiren Aman Handurdyýewiň çalmagynda «Ýandym» sazynyň owazy ýaňlanardy. Saz uzak dowam ederdi. Tä tamam bolýança garaşyp durardym. Saz tamam bolansoň, ses ýazýan enjamy yza saradyp täzeden goýýança, okuw otagyna girip, salamlaşyp ýetişmelidi. Sazy bölseň welin halamazdy. Ol şonda:

—    Bu sazy diňlesem, kalbym lerzana gelýär. Içimde gopýan harasaty basmarlaýan. Döredijilik meselesinde welin, kellämde dörän pikir- lerimi ýerbe-ýer saýpallamaga ýardam berýär - diýip, bu halk sazyny ýaran edinip ýaşaýandygyny aýdypdy. «Ýandym» ady bilen döreden awtorlyk işi dünýäniň on dört ýurdunda abraýly halkara kino festiwallaryna gatnaşyp, birnäçe baýraklara mynasyp bolup, türkmen kinosyny arşa götermäge goşandyny goşupdy. Dünýä kino tankytçylary «Ýandym» filminiň režissýorlarynyň pikir ýöredişini Parajanow, Federiko Fellini, Akiro Kurosawa ýaly meşhur režissýorlar bilen deňeşdiripdirler.

Ýakynda Baýram aganyň ogly Ahmet ogluny öýerýändigini aýdyp, halypanyň egindeşlerine çakylyk gowşurdy. Elbetde, olar bu dabara gatnaşyp, toýuň bezegi boldular. Men hem Şirli Mollaýew bilen toýa göründim. Ahmet şonda ogly Azymy ýanymyza çagyryp, bizi görkezip:

—    Oglum, ine, şu görýänleriň ataň şägirtleri, seniň-de agalaryňdyr - diýdi. Soňra biz Baýram aganyň wesýetlerini ýatlap, ep-esli wagt gürrüňdeş bolduk. Şonda Ahmet kakasynyň aýdanlaryny ýatlady.
—    «Ahmet, ikimiz diňe bir ataly-ogul däldiris, biz syrdaş dostdurysam. Dostuň derdini öz derdiň bilip ýaşasaň ana, şol hakyky dostlukdyr. Ikimiziň aramyzda hiç hili gizlin zat bolmaly däldir. Hemişe maslahatlaşyp, bir işiň başyna barsak, almajak galamyz bolmaz.

Şuny berk belle! Özüňem geljek nesliň bilen edil şeýle gatnaşykda bolgunyň» diýipdi. Aýdyşy ýaly, öz oglum bilen hem edil şol gatnaşygy saklap gelýärin - diýdi.

Baýram Abdyllaýew barada aýtmaga, ýatlamaga zat köp. Pursatdan peýdalanyp, halypalarymyz baradaky ýagşy ýatlamalary halk köpçü- ligine ýetirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Yagmyr Türşekow