Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow talyp mahaly režissýorlyk hünärinde okaýan zehinsiz ýoldaşlarynyň birine bir demir kürüşge duz getirip beripdir-de: «Me, şu duzy al. Täze goýýan spektaklyň duzsuz bolmasyn» diýipdir. Bu wakadan bir ýyl geçenden soňra Baba aganyň ýaňky ýoldaşy ony diplom işi üçin niýetläp goýan spektaklyna çagyrypdyr. «Seň diýeniňem etdim. Dogrudanam, spektaklyň aşhanaly ýerinde duz bolmasa, boljak däl eken. Şonuň üçin men seniň beren duzuňy kürüşgesi bilen stoluň üstünde goýdum. Ol duz başdanaýak şol ýerden üýtgänok» diýipdir. Lapykeç bolan Baba Annanowa onuň arkasyna kakmakdan başga alaç galmandyr.