Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Basdaş artistleriň biri Aşyr dädäni gyjyklamak isläpdir.

—Aşyr, haýsy ýaýlymy açsam, sen bolup dursuň-la?! Aşyr däde syr bermezlige çalşypdyr:
—Aý, birneme işlenýärem-dä.
—Ýöne, düýn bir multfilm gördüm welin, ol ýerde-hä ýok ekeniň — diýip, kärdeşi hasam degişnui salypdyr.
—Aý, biraz işlidim-dä, ol multfilme ses berip oňmaly boldum — diýip, artist Aşyr Gurbanow çynlakaý keşbini birjigem üýtgetmän jogap beripdir.