ARTISTLER SUNGAT HAKDA

Muhammet Çerkezow, Türkmenistanyň halk artisti:

Artist isle, sahna bolsun, isle-de, ekran, hökman öz tomaşaçysyny 
tapmalydyr. Tomaşaçynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmak üçin tebigy zehin bilen gujur-gaýratyňy gaýgyrman zähmet çekmeli.

*     *    *
 Ussatlyk ýolunda ýaşlara goldaw-hemaýat bermegiň seniň borjuňdygyny unutmaly däl. Ýaşlar bilen işläniňde, özüň hem ýigdelýäň. Zehini hemişe goldamaly.