Sungat adamlary ysnyşdyrmagyň bir serişdesidir. Kino sungatynda döredijilik toparynyň biri-birine ysnyşyp işlemekleri özboluşly sazlaşyk döredýär. Muňa döredijilik sazlaşygy diýseňem bolýar. Ynha, 1980-nji ýylda Alekper Güseýinowyň düşüren şu synlaýan suratyňyzda türkmen milli kino sungatynyň iki sany meşhur halypalary – belli kinorežissýor, Türkmenistanyň halk artisti Kakow Orazsähedow bilen kinooperator, Türkmenistanyň sungatda at gazanan sungat işgäri Anatoliý Karpuhin bilelikde döreden “Men hemişelik geldim” (1980ý.) atly çeper filmiň ilkinji kadrlaryny synlaýarlar. Olar biri-birine düşünişip işländiklerini şu suraty içgin synlanyňda, duýup bolýar. Çünki, olar türkmen kino sungatynyň döreýiş taryhynyň ilkinji günlerinden başlap, ussatlygyň ýeňil bolmadyk ýoluny geçdiler. Bu ugurda özboluşly milli mekdebiň düýbüniň tutulmagyna goşant goşdular. Olaryň sazlaşykly, biri-birine düşünişip işlemekleri halypalara hemişe üstünlik getirdi. Zehin hem zähmet siňdirilip döredilen filmler şowly çykyp, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmaga ýardam etdi.