Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň „Galkynyş“ milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň döwlet sirkiniň „Türkmen“ jigitler toparynyň 2014-nji ýylyň oktýabrynda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda baş baýraga — Altyn kuboga we Italiýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň diplomyna mynasyp bolmagy bu toparyň dünýä ýüzünde nobatdaky gezek ykrar edilmesi boldy.