Sary Garryly gürrüňler

Bir gezek Sary Garryýew Sahy Jepbarowyň konsertinden soň, oňa ýüzlenip:
—Sag bol, Sahy, hezil etdim. Ýüz ýaşadym - diýipdir.
   

Sahy aga gülüp:
—Ýüz ýaşjagaz nämejik, ýüz ýigrimi beri diý ahyryn  - diýipdir.
—Ýüz ýigrimimde-de Görogly ýaly gaýratly bolup bilermikäm? - diýip, Sary aga-da myssa ýylgyrypdyr.

Toý edeňokmy?

«Aýgytly ädim» filmini surata alyp ýörkäler, kinorežissýor Alty Garlyýew toýly ýerini surata düşürmek üçin, birnäçe gazan nahar atarypdyr. Ýöne gün öýläne sapýança surata alyp gutarmandyrlar. Garaşyp garaşmazy çykan Sary Garryýew Alty Garlyýewiň ýanyna baryp:

—    Hany, Alty jan, toý edeňokmy? — diýip sorapdyr. Alty aga Sary aganyň näme diýjek bolýandygyna düşünip, şeýle jogap beripdir:
—    Toý etsegem boljak, ýöne Aýnany kime berjegimi bilemok.
—    Aý, Alty jan, Aýnany kime berseň, şoňa ber, ýöne basymrak toý et- seň bolýar.