BEDEW ÜSTÜNDÄKI ÝELGAMAK

Bu sözbaşyny özüm oýlap tapmadym. Öňräk «Zwezda» teleýaýlymynda sirk ussady hem adygan teležurnalist Edgard Zapaşnynyň gepleşigi ýüpsüz daňana dönderdi oturyberdi. Telewi- zoryň ekranyny dolduryp, şabrap duran ak silkme telpekli, ezýaka köýnekli, aýaklary teletin ädikli ýigitler bedew segredip ugradylar weli, aňk bolanymy duýmandyrynam. Gepleşik SSSR-iň hem Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hojabaýewiň at üstünde oýun edýän jigitler topary hakdady. Ine, şonda alypbaryjy «Bedew üstünde ýelgamak ýaly bolup beýle täsin hem töwekgel oýunlary görkezmek ussatlygy heniz dünýäniň hiç bir sirk manežine miýesser edenok» diýdi weli, buýsançdan hem tolgunmakdan ýaňa gözüm ýaşlandy gidiberdi. Şol «heser» bilenem ady äleme belli bu ussat hakda bilýänleriň, gören gözleriň, ýazylan ýazgylaryň... gözlegine ymykly çykanymy duýman galdym.

...Gahba pelegiň keç gerdişine sered-ä! Ýeri, ýaňyja alty ýaşyny dolduran çaga ak bazarda görer guşlukda ýitäýmelimi?! Wah, ejesi Baltäjiň şol döwürdäki Porsy raýonynyň (häzirki Boldumsaz etraby) Gyzylergenek obasyndan çykanda-da bagry hijran, gözi girýandy ahyry. 1935-nji ýylyň agyr açlygyndan öň darap giden garahassalyk nijeme öýe hazan ýelini çaldyrypdy. Adamsy Hojabaýam şonda arman bilen gözüni ýumupdy. Yzam açlyga ýazypdy. Öýde iýere un, ýakara odun bolmasa, balalaryňy aç öldürjekmi?! Öz eli bilenjik çagalar öýüne tabşyryp gaýtjak bolup, ýolugra-da bazara sowlanda bolan bişowluga näderini bilmedik naçar bozlapdyr, ellerini serip, zaru-girýandan ýaňa asmana uçaýjak bolupdyr. Aglap-eňräp ondan kiçisi Abadany Daşoguzyň çagalar öýüne eltse, ynha, öňünde Döwlet oturan. Indi begenjinden aglaýan ene: «Alnyňyza Alla ýagşy günleri ýazsyn-da. Hökümet eýe çyksa-da şükür» diýip, yzyna dolanan.

Indi oýlanýaň. Bu, belki, gudraty güýçli Biribaryň bir oýnudyr?! Ýogsam adaty oba oglany bolup galanda, ol, belki, daýhan ýa çopan, bolmanda mugallym-gullukçy bolardy. Ol Baýramalydaky internata düşüp, ondan Aşgabada gelip, sungatyň ýoluna ulaşýar gidiberýär. Belki, ady äleme dolmagy üçin ilki beýle bişekilligi, bişowlugy Alla maňlaýa ýazandyr?! Gep bar-a: «Taňry söýenini ilki synaga salyp görermiş» diýip.

Ýüregi telwasly ýetginjegiň ýaňy Aşgabada öwrenişip ugran mahaly. Bir günem sapakdan çykyp, umumy ýaşaýyş jaýyna tarap ädim urupdy weli, görse dostlary üýşüp bir ýana hyýallanyp durlar. Döwlediň geňirgenip beren soragyna olar: «Sirkçilige girmäge synanyşjak bolýas» diýip jogap berdiler. «Gel-äý, soňy näme bolýa, menem göreýin» diýen ýetginjek işsizlikden olaryň yzyna düşdi. Barsalar, ynha, bir çypar sary adam özüni Eduard Adolfowiç Rogalskiý diýip tanyşdyrdy-da, Aşgabatda täze atly attraksion dörediljekdigini, şoňa bolsa türkmen atly sirk toparynyň gerekdigini, höwesek, iň esasam, başaraýjak ýigit- ýetginjek bolsa kabul ediljekdigini aýtdy. Ol-a asyl tüýs «gep haltasam» eken. Türkmen ýurdunda ýetişýän ahalteke bedewleri, olaryň beýleki atlardan aýratynlygy hakda şeýle bir süýjedip gürrüň berdi weli, agzyny öweldip duran okuwçylaryň islendigem «Ýör, bedewe atlan!» diýilse, gop berilmese-de münüp gidiberjekdi. «Beh, ol ansambla girip bolsa, Moskwa, Leningrad ýaly şäherlerem görüp bolar-ow» diýlen höwese berlen Döwlet:

— Hany, meni ýazyň! — diýenini duýman galdy. Höwes başga, talap başga. Akrobatika, soň saz üşügiň boýunça synagdan geçmeli eken. Ýöne Döwlediňki şowlady. Ylgamakda, bökmekde öňüne ökde geçirmeýän ýetginjek ýaňy aýak bitenden tans bilen meşgullanýany, perwana dek pyrlanyp bilýäni üçin «Sen bolaýjak ýaly» diýdirdi. Gökdäki dilegi ýerde gowşan Döwlet synagdan geçen güni at münmese-de, uçup gezdi. Topar tutuş türkmen ýigitlerinden diýen ýaly düzüldi. Döwlet bilen bile Baýram we Amandurdy Annaýewler, Bally Gur- banow, Kakaly Garamaşalow, azajyk soňrak Erkin Annaýew, Artykmyrat Çakanow, Halyk Köşüliýew dagy okap başladylar. Garaz, ilki kabul edilenler elli çemesi bardy. Ýöne inçeden inçe synag bilen, ýene ökdeden ökdeleri saýladylar. Indi Döwlet Aşgabadyň köne sirkinde ýatyp-turýardy. Adamdan köprägem atlar bilen gepleşýärdi. Ynha-da, ömürylla ýatdan çykmajak waka. Aşgabadyň merkezi seýilbagy 1946-njy ýylyň tomsunyň başynda märekeden ýaňa hyň urýardy. «Türkmen sirkçi jigitleri işe goýberiliş synagyny halkyň öňünde tabşyrjakmyşlar» diýlen habar agyzdan-agza geçipdi. Ýigrimi iki sany zeberdest ýigit wagtlaýyn gurlan kiçiräk manežde ak telpekli, ak ezýaka köýnekli, ýuka teletinden gara ädikli bedew dabyradyp orta çykdylar weli, gören gözleriň gürrüňine görä, şol wagtky «Azatlyk», häzirki Magtymguly şaýolundan geçip barýan maşynlar bag içindäki heniz görülmedik tomaşadan ýaňa sakga duruberipdirler. Göwünleri ýetendir-dä, şondan kän gün geçmänkä, «Topar Kuýbyşew şäherindäki sirkde çykyş etmeli» diýen habar-çakylyk gelýär. Şeýdip Aşgabatdan başlanan ilkinji ýol dünýäniň gujagyna tarap uzap gidýär. Şol wagt Döwlediň gulagyna «Indi sen göbek ganyň daman topragyna seýrek gelersiň, gaýtam älem içine aýagyň kän deger» diýseler, ynanmasa-da ynanmazdy.

Bütin tomus Wolga boýundaky şäherde geçdi. Türkmen atly jigitlerine baý, çapak çaldylar-a! «Indi ugur Leningrada (häzirki Sankt-Peterburg şäheri) tarap!». Newa boýundaky gadymy hem gözel şäheriň äpetden şöhratly sirkinde çykyş etmek aňrybaş bagtdan nyşandy.

— Arenada Döwlet Hojabaýew Meleguş atly bedew bilen çykyş edýär!

Bu habar aýlaw ýasap oturan tomaşaçylarda gozgalaň döretdi. Ýogsam tutuş Ýewropada sungatyň, medeniýetiň gadymy mesgenleriniň biri hasaplanýan şäheriň tomaşaçylarynyň hele müçük şüweleňe göwni gopjakmy näme? Sirke jigit bolup çykyp, görüp oturanlaryň agzyny aňkartjak bolsaň, bedewiň bilen deň gopmaly. Könelişen ýazgylara Döwlet Hojabaýewiň şeýle ýatlamasy siňipdir: «Arena ilkinji çykamda münen bedewim Meleguşdy. Tüýs adyna mynasypdy. Ahalteke bedewleriniň biri-birinden zyýadadygyna söz ýok. Ýöne Meleguşuň düşbüligi, seniň hereketiňe goşulyşyp gidiberşi, messandan owadan ýöreýşi üýtgeşikdi. Onuň üstünde ýerine ýetiren her dürli çylşyrymly oýunlarymda ol meniň ýardamçymdy. Soňam kän bedewlere münüp orta çykdym. Ýöne Meleguş taýsyzdy».

Hawa, jigit bolup sirke çykjak bolsaň, aýdylyşy ýaly, bedew seniň ýarpy göwräň bolmaly. Ýöne bedewem dogumy gözünden, çeýeligi hereketinden, mähri dilinden görnüp duran çyn jigit bilen höwrügýär. Munuň şeýledigini esger Döwlet Hojabaýewiň goşun gullugyndaky ýyllary hasam aýan edýär. 1953-nji ýylda «Tüweleme, ot ýaly» diýdiren ýigidi hormatlap-derejeläp, iň naýbaşy ýere — S.M.Budýonnyý adyndaky Gyzyl Baýdakly ýokary atly polkuna ugradýarlar.

...Bir gezek şeýle waka bolýar. Öz döreden atly goşun birikmesini görmäge gelen marşal görkezme okuw-türgenleşigi mahaly sarç bedewiň üstünde her hili oýunlar edýän, çapyp barýarka düşüp-münýän, dabyrap barýan atyň garnynyň astyndan geçip, ýene-de eýere ýelmeşene dönýän, dik durup çapýan, atyň boýnundan syrylyp, soň ýa:lyna ýapyşman diýen ýaly ýene üstüne gonýan esgeri görüp: «Bu adam däl-de, al-arwah bolaýmasyn, beýle görülmedik hereketi ynsan balasy ba- şarmaz-a» diýýär. Esgeri çagyrmagy buýurýar. Haýran galmakdan gözi tegelenen Semýon Mihaýlowiç esgerden özüni tanyşdyrmagy towakga edýär.

— Türkmenistandan, Döwlet Hojabaýew — diýenden ady rowaýata öwrülen marşal baryp, esgeri gujaklaýar.

— Berekella, beýle batyrlygy hem başarjaňlygy diňe doganda jigit bolup doglan türkmen ýigitleri başarar. Men ol millete juda beletdirin. Olar özünden atyny gowy görýändir.

Şol ýeriň özünde seržant harby çini berlen Döwlet Hojabaýew wzwod serkerdesiniň orunbasarlygyna bellenilýär. 1956-njy ýylyň tomsunda esger geýimini çykaran Döwlediň tazygyp ýeke galan ýaly göwni alakjap durdy. Tizräk sirk toparynyň arasyna ýetesi gelýärdi. Olar bolsa Ukrainanyň Harkow şäherindedi. Harby ýolbaşçylaryň agzyna-diline düşen türkmen ýigidiniň deb-debesi, hatda Kremliň içine hem kürsäp urupdy. Şeýle bolansoň, goşun gullugyndan boşatmak bilen deň wagtda diýen ýaly Döwlet Hojabaýewi täze döredilýän «Güneşli Türkmenistanyň jigitleri» attraksion topara ýolbaşçy bellemek hakynda «Soýuzgossirkiň» buýrugy hem çykypdy.

Öňki toparyň, dogrusy, diňe ady galypdy. Ýigitleriň beýlekilerem harby gulluga gidensoň, belli ýolbaşçysy bolmansoň, tomaşanyň «ýüzi ýitipdi». Ähli zady tarpdan başlamalydy. Döwlet Görogly begiň «Ýigidiň aty-esbaby şaý bolmaly» diýen ýörelgesinden başlady. Aşgabada gelip, saýlama ahalteke bedewleriniň gözlegine çykdy. Maneži bezäp, toýnagyndan ot syçradyp duran, gamyşgulak, oýunbaz, duýgurdan düşbi bedewler bolmasa, oýnam, täsinligem, üstünligem bolmajagy düşnüklidi. Her-nä bu meselede döwlet derejesinde ýardam edilip, dokuzy düzlendi. Galan gaýrat özüňe baglydy. Üç aýlap öýe gitmän diýen ýaly taýynlyk-türgenlik geçirildi. Bedewlerem seýislendi, «dile düşer» edildi, ýigitlerem edil gamçy ýaly boldy. Täze toparyň sirke çykanda, tomaşaçylaryň öňünde ýüzi gyzjak däldi. D.Hojabaýew ähli çykyşlary düýp millilikdäki «üçlüge», ýagny türkmen sazlary — türkmen bedewleri — türkmen jigitleri diýlen aýratynlyga jemledi. Gören tomaşaçy: «Ine, bular türkmenler!» diýmelidi. Ynha-da, «Alynyň ala meýdany». Onda-da Älem gözi eglenerlik — Moskwada ýaşlaryň we talyplaryň VI Bütindünýä festiwalynda tomaşa görkezmeli! Şol gezekmi?! Moskwanyň «Dinamo» stadionynda görkezilen at üstündäki oýunlara seredenleriň şol döwürdäki merkezi gazetleriň ýazyşy ýaly, «Heniz görülmedik täsin tomaşadan ýaňa başlary aýlanyp, huşlary uçupdy».

«Döwlet Hojabaýewiň ýolbaşçylygyndaky atly jigitler sirk toparyny bize çykyş etmäge ibermegiňizi haýyş edýäris». Şeýle hatlar günde diýen ýaly «Soýuzgossirke» gelýärdi. Onsoň ýigitler hemişe «ýol ogludy». Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Fransiýada, Italiýada, Belgiýada, Ýugoslawiýada, Finlandiýada, Meksikada... «taýak atsaň ýere düşmez» diýdirýän tomaşaçylar ör turup, elleri ýadaýança çapak çalyp, hormat-hoşallyklaryny bildirýärdiler. «Bedewleriňize şu çagamy mündürip göräýeýin», «Silkme telpegiňizi elläp görmek bolýarmy? Bu nämeden, nädip tikilýär?». Oýun gutarandan soňam daşyň egele bolýardy.

«Üstünligiň çägi ýog-a. Onsoňam bir depelän ýeriňi torç etseň, özüň-ä tosun bolarsyň, tomaşaçam beziger. Tüweleme, indi sirkde at üstünde oýun görkezýän dagystanlylaram, ruslaram, Don boýundaky kubanlylaram bar. Onsoň nädeňde-de görkezilýän oýunlaryň gaý- talanýanam tapylman duranok. Şonuň üçinem, illeriňkiden üýtgeşik bir «hokga» çykarmaly. Görenem «Bäý-bä!» diýmeli».

Ine, Döwlet Hojabaýewiň serinde diňe şu pikir-hyýal aýlanýardy. Nätmeli? Nämeden başlamaly? Sungatyň bu ugrunyň aýak basylmadyk «tarp» ýeri nirede? Indi «ýüňi ýeten» diýdirýänem bolupdy. Döşüne «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen nyşan dakylypdy.

Finlandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde geçirilen talyplaryň we ýaşlaryň VIII Bütindünýä festiwalynda türkmen atly jigitleriniň görkezen tomaşasy agyzlary açdyrypdy. «Ýigidiň özünden abraýy uly bolar» diýleni. Ildeşleriniň alys ýurtdaky üstünligi şan-şöhratyň çawy bolup Diýarymyza doldy. Şeýdibem Döwlet Hojabaýew «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada eýe boldy.

Ummanlardan aşyp, deňizlerden geçip gidilýän döredijilik saparlaryň yzy bolsa uzap otyrdy. Ýolda-da, öýde-de, hatda bedew segredip, maneže çykanda-da heniz görlüp-eşidilmedik «hokga» hakdaky ham-hyýal onuň beýnisinde hekem edipdi.

...Maneždäki sahna oýnunyň ady «Aziýanyň ýaňy». Ol «ýaň» lowlap-lowurdap, görüp oturan tomaşaça «Aperin!» diýdirýär. Dutaryň gümmürdisi egri gylyçdyr jyzanyň şarkyldysy bilen garyşyp, iniňi dygladyp gidýär. Ine-de, sirk «sahnasynda» ýeňiş tebli kakylýar! Bedewler eýerde oturanlaryň köňül telwasyny aňyp, çarpaýa galyp, haýkyryp, toýnak uranda, heýem zöwwe ýeriňden galman oturybilermiň?! Sirk sungatyndaky öňki ýörelgäni çepbe çöwren bu täsin oýna-spektakla tomaşa eden SSSR-iň halk artisti, meşhur sirk ussady Ýuriý Nikulin şeýle diýýär: «Heniz sirk manežinde beýle spektakl goýulmandy. «Aziýanyň ýaňy» ansambly sirkde bu ýakynlarda hiç kim dalaş edip bilmez derejede täzelik Fransiýanyň paýtagtynda edilen çykyşdan soň Parižiň metbugaty şeýle ýazýar: «Moskwanyň Uly teatrynyň çykyşy biziň ýüreklerimizde ýer eden bolsa, Türkmenistanly sirk jigitleri şeýlekin ussatlygy bilen biziň ýüreklerimizi özleri bilen äkitdiler».

Döwlet aga hemişe degişmä salyp şeýle diýer eken: «Sirkde işleýäniňki sergezdançylykdyr». Ine, äpet gämi bilen Atlantik ummanynda ýüzüp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna barylýar. Nýu-Ýork, Waşington, Çikago, Kaliforniýa, Boston ýaly köpmilletli şäherleriň howalaly sirklerinde tomaşa görkezilýär. Şonda «Nýu Ýork Taýms» gazetiniň sahypalarynda şeýle setirler peýda bolýar: «Amerika yklymy «Jigitler» diýen düşünjäniň nämedigini ilkinji gezek manežde gördi. Türkmen atly jigitleri tüweleý ýaly hereketleri bilen golliwud kowboýlaryny çaňlaryna garyp gitjekdiklerini görkezdiler».

Dünýäniň dürli ýerlerinde beýle baha-sarpa mynasyp bolmagyň birje hupbatyndan habar ber! Sirk sungatynda heniz görülmedik bu täsin tomaşa — «Aziýanyň ýaňy» spektakly üçin 1988-nji ýylda Döwlet Hojabaýewiň toparyna sirk artistleriniň Bütinsoýuz bäsleşiginde baş baýrak berlip, I derejeli diplom gowşurylýar. Şonda halypa ýolbaşçy Erkin hem Durdy Annaýewleri, Artykmyrat Çakanowy, Halyk Köşüliýewi, Nesip Goçakowy, Sona Berdiýewany, Gunça Sa- parowany, Raýa Antohinany töweregine üýşürip: «Maňa gowşurylanam bolsa, bu baýraklaryň hak eýesi sizsiňiz!» diýipdi.     

Metbugat sahypalarynda bolsa türkmen jigitleri hakda «At üstündäki ýelgamaklar» diýen jümle peýda bolupdy.

...Belgiýa Patyşalygyna barlanda, tötänlikden kassa nazar aýlan Döwlet Hojabaýew haýran galmakdan ýaňa baş ýaýkaýdy. Hümer bolşup duran adamlar «Näçe bahadanam bolsa şu oýny görjegimiz çynymyzdyr» diýşip, itenek-çomanakdylar. Iň gyzykly ýerem, paýtagtdaky çykyşdan soň bu ýeriň esasy beýemçileri guramaçylary gelip: «Jenap Hojabaýew, siziň bilen ýurduň patyşasy Bolduin duşuşmak isleýär» diýlen garaşylmadyk täsin habar boldy. Şonda jenap Bolduin segräp duran Täze diýen ahalteke bedewini gaýta-gaýta sy- palanda, aýaly ýuwaşjadan pyşyrdady: «Näçä durýanam bolsa, şu aty alaýaly!». Iňlis dilini suw ýaly bilýän Döwlet jogaby nagt edýär: «Türkmen bedewiniň gadyryny pul bilen ölçemeýär». Gözüni Täzeden aýryp bilmän duran hanym ýuwaşja dillenipdi: «Şeýledir-le, ýöne dünýäniň ähli puluna degýän atdygyna söz ýok».

Şu setirleri ýazyp otyrkam, belli ekolog alym, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, ençeme ýyllap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutyna ýol- başçylyk eden Palta Esenowyň beren gürrüňi güpbe ýadyma düşdi:

— Şol döwürde — 80-nji ýyllaryň başynda bir gezek Aşgabadyň Kemi- ne köçesiniň ugrundaky hemmä belli «Aspirantlar öýi» diýilýän ýerde dynç güni üýşüp, çaý-nahar edinip otyrdyk. Daşoguzdan Durdy Gylyç şahyryň ogly Aman (ol ençeme ýyllap Daşoguz welaýat sport komitetine başlyklyk etdi), ýene birlän-ikilän myhman bardy. Birdenem biri: «Täze açylan sirke Döwlet Hojabaýewiň ýolbaşçylygyndaky artistler gelipdir, agşam çykyşy bar» diýip täzelik tapdy. Bu habardan soň böwregi böküp duran ýaş ýigitler, «Gideliň-de, göreliň» boluşdylar. Topumyzy bozman bardyk. Kassanyň agzynda weli bar keýpimize sogan dograldy. «Petekler satylyp gutaryldy» diýdiler. Bizem her zat etjek, görjek. Biziň halymyza dözmedik kassir zenan: «Oglanlar, Hojabaýewi tanaýan bolsa- ňyz, göni ýanyna baryň. Ol her çykyş üçin 10-12 petegi özüne goýdurýar, iň öňdäki hatarda tomaşa edibem bolýar» diýdi. Keýpikök, göçgünli ýigitler «ýör-hä-ýör» boluşdyk. Görsek, suraty gazetleri bezäp ýören, telewizorda bir görlende keşbi ýatda galýan adam sirkiň ýeňse gapysynyň agzynda üç-dört adam bilen mesawy gürrüň edip otyr. Baryp salam berenimizden bir öwşerilip seretdi. Ýagdaýymyzy aňandyr-da:

— Hä, ýigitler, petek gerekmidi? — diýdi.

Aman dilewarrak bolansoň:

— Wah, şo gerek-dä. Daşoguzdan ýöriteläp şu sirki görmäge gelenlerimizem bar içimizde — diýdi. Döwlet Hojabaýew ýerinden turdy-da, biz bilen elleşip salamlaşyp çykdy. Hoşgylaw ýylgyrdy:

— Oglanlar, doglan topragyň hemişe ýatda durýandyr, bilseňiz. Boldumsazy göresim gelýän-ä çyn. Ene ýabyň boýunda oturyp, gyzgynjak tamdyr çöregi gaýdyp geläýjek ýaly göwnüme. Hany, ýörüň, sizi ýerleşdirip gaýdaýyn men.

Şeýle diýip, ol öňümize düşüp, arenanyň iň öňdäki hataryndan bize ýer görkezdi. Hezil edip tomaşa gördük. Dogrusy, at üstünde ýelgamak bolup pyrlanýan ak telpekli, gyrmyzy donly jigitleri synlap, agzymyz açyldy.

Sirk gutaransoň, taňryýalkasyn aýdaly diýip, ýene-de Döwlet Hojabaýewi gözläp tapdyk. Ol Duşanbeden öňňin gelendiklerini, bir aý gowrak Aşgabatda boljakdyklaryny aýtdy. Biz edilen ýagşylygyň aşagynda galmajak bolup, ony çaýa çagyrdyk. Ol: «Wah, siz ýaly ýigitler bilen oturyşyp bilsem, ne armanym!» diýip, begenip, ylalaşdy. Biz gününi belleşip, ony Köşüdäki howlularyň birinde bolan toýa alyp gaýtdyk. Mymyk bagşy aýdym aýdýardy. Döwlet aga ýazylyp-ýaýrap oturdy. «At üstem-ä hezil weli, ýerde oturyp, aýbogdaş gurup, türkmen bagşysyny diňleseň başga bolaýýar» diýdi.

Sirk sungatynda ady rowaýata öwrülen ussada 2002-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti iň ýokary döwlet sylagyny — «Hormat» ordenini gowşuranda gazetdäki söhbetdeşlikde Döwlet Hojabaýew şeýle diýipdi: «Türkmenistanyň bir kiçijik obasyndan gaýdan oglandym. Oýnagy bedew bolan, gaýduwsyzlygyny, edermenligini taryha altyn harplar bilen ýazan bu şöhratly milletiň häzirki at-abraýyna azda-kände dahyllydygym üçin türkmenligime buýsanýaryn». Hawa, hemmeler oňa hormat bilen «Jigitlerbaşy» diýerdiler.

Türkmenistanyň halk atşynasy, Pygy Baýramdurdyýew şeýle gürrüň berýär:

— 2013-nji ýylda Moskwanyň döwlet sirkinde biziň «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparymyza baş baýrak gowşuryldy. Şonda öň hatarda oturan Döwlet Hojabaýew ylgap gelip, bizi ýekän-ýekän gujaklady. Soňam şeýle diýdi:

— Indi armanym ýokdur, ildeşler. Türkmen atly jigitleriniň sirk dünýäsindäki şöhrat-şanynyň mynasyp dowamatyny görüp, gözüme ýaş aýlandy. Ahalteke bedewi bilen jigitlik ussatlygynyň utgaşyklygyna döwlet derejesinde ak ýol açan Gahryman Arkadagymyza alkyşlar bolsun!

Uzynakdan saryýagyzrak, at ýüzüne çal murtlary gelşik berip duran hortapdan gerdenlek, ýaşy gaýdyşyberende-de basan ýerinden ot çykaraýyn diýýän Döwlet Hojabaýew eli sypynsa, Aşgabada gaýdyp, Daşoguz taraplara seýran-zyýarat edipdi. Ussat jigitlerbaşy bedewlerimize bagyşlanan dabara-baýramçylyklara gatnaşyp, «Ýylyň iň owadan bedewi» bäsleşiginde birnäçe gezek eminlerbaşy hem bolupdy.

Ady rowaýata öwrülen ussat ömrüni 87 ýaşda paýawlap, 2019-njy ýylyň sentýabrynda aradan çykdy. Sirk sungatynda bolsa «Hojabaýewiň ýoly» diýen nusgalyk mekdebi döredip gitdi. Ol mekdebiň inçejik uşlyby gadymy türkmen obasyndan — Gyzylergenekden başlanyp, dünýä ýüzüne aýlanypdy.

 

Gurbannazar ORAZGULYÝEW