SAHNA — ARTISTIŇ BAGTY

Öňki söhbetdeşlikde bolşy ýaly, bu gezegem gürrüňi halypalardan başladyk. Ol heniz Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talybyka, Oguldurdy Mämmetgulyýewa, Öwlüýäguly Kulyýew ýaly sungat ussatlaryndan diňe bir tälim däl, eýsem, olaryň sungatyny, keşplerini kalbyna göçürip alypdy. Olardan özüňe talapkärligi, zähmetsöýerligi, sypaýylygy, sahna dilini, sahnada özüňi alyp barmagy öwrenipdi. Meşhur halypalaryň ýene bir ussatlygy, olaryň şägirtlerine eden sargytlarynda ýaşaýar. Çeper eserleri köp okamagy, sungata durkuň bilen berilmegi hem şolar sargyt edipdiler. Bu gün bolsa onuň özi halypalyga ýetişdi, ol Türkmenistanyň at gazanan artisti, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti Gülşat Meňliýewa. Gülşadyň döredýän keşpleri dürli-dürli. Ýöne olary özara birleşdirýän zat — sungata söýgi. 

Teatra ilki işe gelende, režissýor Goçmyrat Bekiýewiň sahnalaşdyran «Yşkyň gämisi», «Seljuk söýgüsi» ýaly sahna eserleriniň artist hökmünde kämilleşmeginde, özüne ynam döretmeginde uly itergi berendigini Gülşat hoşallyk bilen ýatlaýar. 

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Görogly» sahna oýnunda Zulman kempiriň ýaşlyk keşbi, Bilbil Mämmedowyň «Hüwdi» eserinde Altynaýyň, Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» eserinde Bikeýiň, Mustaý Kerimiň «Ak jigit we Zümerret» oýnunda Şapagyň, Zaki Zaýnuliniň «Alty gelin» sahna oýnunda Serweriň, «Ependi, sen kim?» sahna eserinde Heýjan hatynyň keşpleri Gülşat Meňliýewany tomaşaçylaryň söýgüsine eýe eden keşpler. 

Artist hökmünde onuň ýene bir aýratynlygy, megerem, öz kärini ýürekden söýýänliginde bolsa gerek. Muny onuň teleýaýlymda okaýan goşgularyndan, alypbaryjy hökmünde radioda okaýan hekaýalarynyň gahrymanlarynyň dünýäsine girip bilşinden hem aýdyň görmek bolýar. Sahnada bolşy ýaly, çeper eserleri okanda hem her sözüň manysyna görä, labyzly owazlandyrmagy başarýar. 

— Teatrda halypalardan kän zat öwrendim. Türkmenistanyň halk artistleri Aman Sapardurdyýew, Aşyrmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Handurdy Berdiýew, Hurma Isgenderowa dagy meniň halypalarym. Käte bile çykyş edýän artistiňden hem gowy zatlary öwrenmek bolýar. Köplenç, Oguljan Bekiýewa bilen bile çykyş edýäris. Onuň bilen işlemek ýeňil hem gyzykly. Radioda Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradowdan kän zatlary öwrendik. Sungatda halypalar bilen işlemek, olardan öwrenmek öňden gelýän ýol. Halypalaryň ussatlyk sapaklaryny almak bagt — diýip, Gülşat Meňliýewa sözüni dowam edýär. — Artist üçin ýene bir halypamyz — durmuş.       

Köpçülikde, il içinde bolanyňda, dürli häsiýetli adamlar bilen duşuşýarsyň. Şolardan öwrenýän ýerleriň hem az bolanok. Ýöne esasy halypamyz — teatr. Ol biziň ikinji öýümiz. Adamçylyk, birden ýarawsyzlyk tapynsaň hem sahna çykanyňda, agyry-ünjiň öz özünden aýrylan ýaly bolýar. Ine, şuňa welin, sungatyň gudraty diýäýmeseň, başgaça nähili atlandyrjak? 

Onuň teatr sungatyna söýgüsi maşgalasynda hem uly goldaw tapýar. «Ýoldaşym sungat ugrundan işlemese-de, onuň aşygy. Şonuň üçin öz maslahatlary bilen maňa ýakyndan goldaw berýär» diýip, Gülşat Meňliýewa gürrüň berdi. 

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan toýly ýylymyzda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna şu günlerden ykjam taýýarlyk görülýär. Şanly toýa «Türkmeniň ýoly» atly sahna oýny bilen sowgatly barmagy göwünlerinde besleýän teatr ussatlary bagtyýarlyk döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işlerini wasp edýän goşgulary, aýdym-sazlary, edebi-sazly kompozisiýalary, degişme sahnalaryny hem taýýarlaýarlar. 

— Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eserleri rowaýatlara, tymsallara baýlygy bilen aýratyn täsir galdyrýar. Şolar esasynda surata düşürilýän gysga ölçegli çeper filmlerde hem çykyş edýäris. Ýene-de bir arzuwym — geljekde döwrümiziň waspyny ýetirýän şygyr eserleri boýunça telemonospektakllary taýýarlamak. 

Gahryman Arkadagymyz teatr sungatyna uly sarpa goýýar, döredijilikli işlemegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärin diýip, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Meňliýewa gürrüň berdi. 

Hawa, artistlik sungatynyň esasy artykmaç tarapy, öz döredýän keşbiň bilen Watana, ene topraga, durmuşa, käriňe bolan söýgini belentden beýan edip bilmek. Durmuşyň, sungatyň özara sazlaşygy bolsa şol söýgini ganatlandyrýar. Kalbynda şeýle söýgä eýe bolanlar şahyr aýtmyşlaýyn, dünýäde iň bagtly ynsanlardandyr. 

 

Aýjemal OMAROWA