ARTYGYŇ EJESI

Men o mahallar häzirki Türkmenbaşy şäheriniň ýerli telestudiýasynda işleýärdim. «Aýgytly ädim» çeper filmi ýaňy görkezilip başlanypdy. Şäherimiziň telestudiýasyndaky çykyşlarda kompozitor Nury Halmämmedowyň bu film üçin ýazan Artygyň aýdymy ýygy-ýygydan ýaňlanýardy. Meşhur kinorežissýor Alty Garlyýew ilkinji gezek halka özlerini tanadan Baba Annanow, Žanna Smelýanskaýa, Muhammet Çerkezow, Hommat Müllük, Artyk Jallyýew, Durdy Saparow, Oguljahan Mämikowa, Akmyrat Bäşimow ýaly ençeme ussatlaryň tomaşaçylaryň ýadynda hemişelik galjak keşpleriň giden bir galereýasyny döretmegi başarypdy. Türkmenistanyň halk artisti Ogulgurban Durdyýewa hem şolaryň biridi. 

Ogulgurban ejäni diňe bir onuň ýaşaýan şäheri Balkanabatda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzda «Artygyň ejesi» diýip tanaýardylar. Ony tüýs ýürekden sylaýardylar, hormat goýýardylar. Ogulgurban eje toý-baýramyň ýaraşygydy, myhmançylyga çagyrylan ýerinde oňa öýüň töründen orun berilýärdi. Işe ýa-da şähere çykanda, öýüne gaýdyp gelýärkä adamlar: «Hana, Artygyň ejesi barýar!» diýip, esli wagt onuň yzyndan garap galýardylar. 

Ogulgurban Durdyýewa ýygy-ýygydan ýerli telestudiýada çykyş edýärdi. Ömrüni teatr we kino sungatymyza bagyşlan ene geçen asyryň ýigriminji ýyllaryndan bäri bile işleşen kärdeşlerini yzygiderli ýatlardy. «Aýgytly ädim», «Ýanýan arabanyň ýoly», «Gämiçiniň jany bir», «Gelin», «Aýal ata çykanda» ýaly kinofilmleriň surata düşürilişi hakynda gyzykly gürrüňleri bererdi. Şol döwürlerde telestudiýalaryň döredijilik toparlary bir-birleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýardy. Wagt-wagt biz şowly çykan telespektakllarymyzy, aýdym-sazly, taryhy ýa-da jemgyýetçilik ähmiýetli gepleşiklerimizi nebitçi zähmetkeşleriň mekanyna alyp giderdik, döredijilik duşuşyklaryny geçirerdik, agşamlaryna bolsa ýerli telestudiýada çykyşlary gurardyk. Balkanabatly kärdeşlerimizem biziň öňümizde bergidar galmazdylar. Olaryň hem goja Hazaryň kenarynda ýaşaýan tomaşaçylara hödürleýän gepleşiklerine Ogulgurban Durdyýewa hemişe diýen ýaly gatnaşardy, edebi-sazly oýunlarda artist hökmünde özüneçekiji keşpleri ussatlarça ýerine ýetirerdi. 

Söhbetdeşlikleriň birinde Ogulgurban eje nädip teatr we kino sungatyna gelşini gürrüň berdi. Ussat artistimiz Ogulgurban Durdyýewa 1912-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Garahan obasynda dogulýar. Kakasy heniz çagaka aradan çykýar. Maşgalabaşynyň ornunda galan ejesi eliniň hünäri bilen iki gyzyny zada zar etmän ulaldýar. Olaryň maşgalasy 1926-njy ýylda Aşgabada göçüp gelýär. Ogulgurban zähmete ir bişişýär. Ol oba ýerinde önüp-ösen türkmen gyzlary üçin açylan ýörite mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. Soňra şol mekdepde okan Suraý we Sona Myradowalar, Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Jeren Mämmedowa, Olýa Gurbanowa, Mama Babaýewa, Mamur Mämmedowa, Mergub Talaşowa dagy Türkmenistanda ady belli sungat ussatlary we döwlet işgärleri bolup ýetişýärler. 

Bir gezek Aşgabadyň rus drama teatrynyň ýanynda açylan ilkinji türkmen drama teatrynyň studiýasynyň talyplary geljekki mugallymlar bilen duşuşyk geçirmäge gelýärler. Olar täze taýynlanýan Aýtjan Haldurdyýewiň «Galyňsyz», Ata Gowşudowyň «Ganly jeňňel» oýunlaryndan parçalary görkezýärler. Şonda ýaş studiýaçylar öz aralarynda türkmen gyzlarynyň ýetmeýändigini aýdýarlar we dogumly, mahmal sesli Ogulgurbany öz ýanlaryna çagyrýarlar. Şeýdibem, Ogulgurban Durdyýewa jadyly sungat älemine gadam basýar. Çykyşlarynyň birinde Ogulgurban eje artistlik ýoluny saýlap alan pursatynda ata ornunda duran ejesiniň raýyny ýykmagyň özüne nähili agyr degenligini ýatlanda, tas ýarym asyr mundan ozalkysy ýaly gaty gynanypdy. Şol wakanyň özümi-de diýseň tolgundyranlygy şu günki ýaly ýadymda. 

1929-njy ýylda Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Gylyç Berdiýew, Galpak Herräýew, Gulkişi Gulmyradow, Sary Garryýew, Gulluk Hojaýew, Suraý Myradowa dagy bilen ilkinji teatr studiýasyny tamamlan Ogulgurban Durdyýewa birinji gezek türkmen dilinde sahnada görkezilen «Ganly jeňňel» dramasyna gatnaşýar. Şol seneden hem türkmen milli drama teatrynyň ajaýyp taryhy başlanýar. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabadyň üstünden inen tebigy betbagtçylyk teatryň jaýyny hem weýran edýär. Şondan soň Ogulgurban ejeler adamsy Ylýas aga işe iberilen ýerine — Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäherine göçüp gelýärler. Ol Balkanabat şäherinde ýaňy işe başlan nebitçileriň Medeniýet köşgünde höwesjeň ýaşlary daşyna ýygnap drama toparyny döredýär. 1962-nji ýylyň ahyrynda häzirki Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde ýerli telestudiýalaryň açylmagy Ogulgurban eje ýaly döredijilige höwes edýänleriň ählisiniň, kiçijik hem bolsa, sungat merkezlerine ýygnanmagyna sebäp bolýar. Täze açylan studiýalaryň işini ýola salmak üçin Aşgabatdan ýa-da Daşkendiň teatral institutynyň uçurymlaryndan işe çagyrýardylar. Şol ýyllarda Nebitdag şäheriniň telestudiýasynda örän agzybir, zehinli döredijilik topary jemlenipdi. Gurban Amangeldiýew, Aman Kömekow we balkanabatly bagşy, sazanda Nurmuhammet Garlyýew dagy yzly-yzyna telewizion oýunlary goýýardylar. Ogulgurban eje bolsa şol telespektakllarda baş gahrymanlaryň keşbini janlandyrýardy. Şu ýerde ýene-de bir wakany — Ogulgurban Durdyýewanyň günbatar Türkmenistanda teatr sungatyny ýola goýmakda çeken ýadawsyz zähmetiniň netijesinde 1970-nji ýylda şol wagtky Nebitdagyň Nebitçiler köşgüniň çeper höwesjeňler toparyna “Halk teatry” diýlen adyň berlendigini ýatlasak ýerine düşer. 

«Çalaran başlar», «Daň ýyldyzy bolup doglanlar», «Dökülmedik gan», «Ajaýyp tebip» ýaly teatr muşdaklarynyň göwnünden turýan eserleriň sahnalaşdyrylmagynda Ogulgurban Durdyýewanyň hyzmaty uludyr. Onuň nebitçileriň halk teatrynyň režissýory Mämmet Annadurdyýew bilen bilelikde Oraz Akmämmedowyň «Üzülen ömür» pýesasynyň esasynda goýan uly göwrümli dramasy 1975-nji ýylda ýurdumyzda Beýik Ýeňşiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Halk teatrlarynyň arasynda geçirilen respublikan bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. 

Ýaşlykda mugallymçylyk höwesinden el çekmek kyn düşse-de, aýgytly pursatda sungaty saýlap alan Ogulgurban ejäniň bu ugurda çeken zähmeti oňa at-abraý getirdi. Geň galaýmaly, ozalky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşürilen «Aýal ata çykanda» atly filmde Ogulgurban ejäniň gahrymany onuň öz ykbalyny ýatladýan wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ol filmiň baş gahrymany Artykgülüň Aşgabada okuwa gaýtmagyny ilki göwnemese-de, soňra onuň päk arzuwyna ýol açan ejesiniň howandar keşbini örän ynandyryjy döredýar. Eýsem, bu başga nähili bolsun, ol öz mähriban ejesiniň gaýratly keşbini döredipdi ahyry. 

Ogulgurban Durdyýewanyň gatnaşan kinofilmlerine ýene-de kän-kän nesiller tomaşa eder hem onuň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlary hemişe ýatlanar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini we sungatyny belende göteren adamlaryň sarpasyny saklamagy biziň her birimiz üçin nusgadyr. 

 

Aýsoltan Pälwanowa, 
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy