Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu baýramçylyk Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi bilen utgaşyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetinde we sungatynda gazanylan uly üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň aýdyň şöhlelenmesine öwrüldi. Garaşsyz Diýarymyzda Medeniýet hepdeligini edil türkmen toýy ýaly edip geçirmek indi däbe öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda gojaman Jeýhunyň kenarynda geçirilen medeniýet baýramçylygy ýurdumyzyň çar künjeginden ýazyjy-şahyrlary, aýdymçy-sazandalary, suratkeşleri, teatr we kino artistlerini, heýkeltaraşlary bir supranyň başyna jemledi. Onuň çäklerinde uly maslahat geçirilip, aýdym-sazly çykyşlara, täze desgalaryň açylyş dabaralaryna, döredijilik duşuşyklaryna, amaly-haşam, surat sergilerine, teatr, kino sungatynyň ýaýbaňlandyrylmagyna giň orun berildi. Milli medeniýet, onuň däp-des- surlary we ýörelgeleri türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň esasyny düzýär. Ol halkymyzyň ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin-de, «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýilýär. Milli medeniýete we sungata çuňňur sarpa goýýan mähriban Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...» diýen ajaýyp eserlerini döretdi. Milli medeniýetimiziň, edebi mirasymyzyň, aýdym-saz sungatymyzyň taryhyny we nazaryýetini çuňňur öwrenip bolýan şeýle eserleri döredip, dünýä ýaýylmagyna giň ýol açýan hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň müňläp alkyşlary bar.
Ömrüni teatr sungatyna bagyş edip, arzyly kärinden kemal tapan Türkmenistanyň halk artisti Näzik Gurbanowa-da kärdeşleriniň soňsuz alkyşlaryna goşulýar.
Bu sahna ussady köpimize geçen asyryň ýetmişinji ýyllaryndan hem tanyşdyr. Näzik şonda sungat älemine ilkinji gezek gadam basypdy. Şol döwürde tomaşaçylaryň çuňňur söýgüsini gazanan, häzirki wagtda hem uly höwes bilen tomaşa edilýän «Döwranyň başyndan geçirenleri» atly kinofilmde Näzik Maýanyň keşbini janlandyrypdy. Filmdäki iki örüm saçlyja şadyýan gyzjagaz, meger, kino muşdaklarynyň göz öňüne gelen bolsa gerek. Ýaňy ýedi ýaşyny dolduran körpe zehine şowlulyk getiren bu film onda sungata söýgi döretdi. Bu bir, ikinjiden hem meşhur sungat ussady Alty Garlyýewiň Näzigiň näzijek ellerini gysyp: «Sen gowy artist bolarsyň» diýen sözleri soňra onuň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gapysyndan ätläp, «Drama we kino artisti» diýen hünäri ele almagyna getirdi. Näzik Gurbanowa soňra «Suwulganda» Suwulganyň, «Kesekide» Şekeriň, «Garagumuň bürgütlerinde» işçi gyzy Maralyň, «Däli Domrulda» Domrulyň ejesiniň, «Apatda» Derse hanyň gyzynyň, «Oguz handa» Oguz hanyň gyzynyň, «Gyratda» Sapar kösäniň aýalynyň, «Sen söýseň meni» sahna oýnunda Bally ussanyň aýalynyň, «Ömür kerweni» kinofilminde Gülleriň we başga-da onlarça keşpleri janlandyrmak bilen, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy. Sahnada görkezen ýokary ussatlygy üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk artisti» diýen derejeli atlara, döwlet sylaglarynyň birnäçesine eýe boldy.
Ussat zehin söhbetdeşligimizde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, eziz Arkadagymyza çyn ýürekden çykýan alkyşlaryny şeýle beýan etdi:
— Türkmen halky ruhy joşguna baý Ruhy joşguna baý ynsanlar hem arzuwçyl, hem maksada okgunly bolýarlar. Olar öňde goýan maksadyna, köňül arzuwyna ýetmeklige çalyşýarlar. Biz şeýle ajaýyp durmuşyň nesip edendigine buýsanýarys. Uly baýramçylyga, toý-dabara öwrülen ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem ykbalyny bu arzyly käre baglan her bir adamyň geçen zähmet ýoluna nazar aýlamagyna giň mümkinçilik berdi. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gün-günden pajarlap ösmegi, onuň dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda alyp barýan beýik işleri, döredýän mümkinçilikleri begendirýär, kalbymyza egsilmez joşgun berýär.
Men çagalygymdan aýal doganym, Türkmenistanyň halk artisti Gülnabat Aşyrowanyň teatrda döredýän her bir keşbine tomaşa ederdim. Onuň we beýleki meşhur artistleriň çykyşlary meni haýran galdyrardy. Halypalarymyň beren sapaklaryny diňläp, olaryň tejribesini öwrenmäge çalşardym. Her gezek sahna oýnuna taýýarlyk görlende ýa-da täze film surata düşürilende, basymrak tomaşaça ýetirilmegine howlugardym. Tomaşaçynyň gyzgyn söýgüsini gazanyp, öwgüli sözleri eşitsek, zähmetimiziň ýerine düşdügi hasap ederdik. Bu günki gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyp ýaşlara sapak berenimde hem öz ýeňil bolmadyk zähmet ýoluma, durmuş tejribäme salgylanýaryn. Olaryň arasynda guýmagursak, tebigy zehinleriň bardygy buýsandyrýar.
Teatr muşdaklary ömrüniň kyrk bäş ýylyny sahnada geçiren, häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýaşlara aktýorçylyk, režissýorçylyk ugrundan bilim berýän Näzik Gurbanowanyň enäniň keşbini ussatlyk bilen janlandyrandygyny bellediler. Halypany görenimde, onuň bu ussatlygynyň syry öz-özünden aýan boldy. Ýanýoldaşy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamuhammet Gurbanow bilen bagtly durmuşda ýaşap, iki gyz, bir ogly terbiýelän, dört agtygyň enesi bolan bu zenanyň ýüzünde üýtgeşik mähir, ýüreginde mähribanlyk bar. Onuň sadadan sypaýy keşbi, nurdan doly owadan gözleri Näzik ady bilen utgaşyp, has mähriban görkezýär. Ol gürlände, şirin owazy ene hüwdüsi deý ýakymly, mylaýym eşidilýär. Halypanyň Ylahydan berlen bu başarnygy, sada, asylly häsiýetleri, ene hamraklygy diňe çagalaryna däl, eýsem, onuň nusgalyk sungat ýoluny dowam etdirijiler bolan şägirtlerine-de uly mekdepdir.