ARTIST BOLMAK AŇSAT DÄL

Teatryň esasy agramly ýüküni-keşigini çekýän artistler bolýar. Şeýle artistler bütin düýrmegi, on iki süňňi bilen özüne ynanylan keşbiň dünýäsine girmegi başarýarlar. Olar durmuşyň her hili wakalarynyň içine tomaşaçyny yzyna tirkäp alyp gidip, öz ýüregindäki pikirleri olaryň aňyna guýýar. Elbetde, şeýle gahrymanyň keşbini döretmek ýeňil däl. Onuň üçin artist durmuşdaky her hili adamlaryň gylyk-häsiýetlerine, özüni alyp baryşlaryna belet bolmaly. Artist durmuşdaky adamlary içgin synlamagy başarmaly. Köp kitabyň sahypalaryny dörmeli. Oýundyr kinolaryň gahrymanlaryndan sapak almaly. Durmuşda şu ugurdan tejribe toplan şeýle artist ynanylan keşbiň üsti bilen tomaşaçyny gepi-sözi, hereketi bilen özüne maýyl etmegi başarýar. Şeýlelikde, oýnuň başyndan ahyryna çenli tomaşaçy: «Bu gahryman durmuşda sataşan şeýle pursatlardan indi nähili baş çykarka? Özüm şol gahrymanyň deregine hereket etmeli bolsam näme ederkäm?» diýen ýaly soraglary özüne berip tolgundyryjy pursatlary başdan geçirip oturýar. Oýnaýan keşbiniň geýimine girensoň özüni unudyp, täze bir adamyň keşbinde şeýle ynandyryjy oýnamagy başarýan artistleriň biri hem 1991-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda artist bolup işläp gelýän Muhammettirkiş Rustemowdyr.

Ol Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda eneden dogulýar. Onda cagalykdan artist bolmak islegi döreyär. Ol 1987 — 1990-nji ýyllarda şol wagtdaky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasynda okaýar. Okuwyny tamamlandan soň 1990—1991-nji ýyllarda şol teatryň sahna işgäri, 1991-nji ýyldan başlap bolsa Mary welayatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda artist wezipesinde işläp başlaýar. Görşümiz ýaly, bu ugurdan Muhammettirkişiň otuz ýyla golaý iş tejribesi bar. Ol 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar, 2014-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar.

Muhammettirkiş Rüstemow oýun goýujylaryň synagyndan şowly geçip, ençeme keşpleri döretdi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Janserek» pýessasy esasynda teatryň baş ýolbaşçysy tejribeli režissýor Ata Gullarow tarapyndan sahnalaşdyrylan oýunda ol baş keşbi, ýagny, heýkeltaraş Nazar Zamanowyň keşbini janlandyrdy. Artist bu sahna oýnunda öz ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, tomaşaçylaryň göwnüni awlamagy başardy. 

Edebiýatda Syragyň keşbi köp işlenen keşpleriň biridir. Syragyň öz il-gününi uruş belasyndan halas etmek üçin öz janyny orta goýup aňynda aýlaýan pikirlerini tomaşaça ýetirmek maksady bilen bir aktýoryň teatry üçin ýazylan «Watanym» atly oýun dramaturg Gowşutgeldi Daňatarow tarapyndan ýazylypdyr. Diňe bir aktýoryň üsti bilen tutuş bir oýnuň ündejek pikirini tomaşaça ynandyryjylyk bilen ýetiräýmek ýeňil iş däl. Munda oýun goýujynyň çözgütleri esasynda artistiň, yşk bezegleriniň, sazyň şeýle bir sazlaşykly hereketleriniň bolmagy zerur. Bu ugurda esasanam artistiň ýerine düşmegi gerek. Syragyň keşbini ussat artist M.Rüstemowa ynanylmagynyň özi hem tüýs ýerine düşdi. Ol bu keşpde- de hakyky Syrak bolup tomaşaçynyň aňynda galmagy başardy. 

Artistler barada gürrüň edilende sahnada oýnap duran pursadynda bir näsazlygyň ýüze çykaýdygy, onuň sepini bildirmän düzetmegem artistiň ussatlygyna bagly. Şeýle ýagdaý Muhammettirkişiň şu oýunda oýnan wagtynda-da bolup geçýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda «Watanym» spektakly görkezilýär. Bir aktýoryň oýuny seýrek hadysa bolansoň ony görmäge tomaşaçylardan daşary sungat işgärlerem gatnaşýar. Oýnuň dowamynda Syragyň simwoliki äheňde many berýän ak öýüň tüýnügine ýaplanyp öz pikirini beýan edýän pursady bar. Şonda tüýnük berkidilen ýerinden sypýar-da Muhammettirkişiň arkasyna hopba bolýar. Bolan ýagdaýa oýun goýujy Ata Gullarow hem biynjalyk bolýar. Şu ýerde artist özüçe hereket edýär. Ol özüne birneme agram salyp, arkasy tüýnükli, eli bilen gum peşäp sahnada hereket edýär. Munuň bu hereketinde hiç hili ýasamalyk aňdyrmaýar. Gaýtam ony tomaşaçy oňlanaýmaly çözgüt höküminde kabul edýär. Bu bolan ýagdaý oýnuň şol gezekkiden soňky görkezilişlerinde hem artistiň «täzeçe tapan çözgüdi» bilen oýnamak makul bilinýär. M.Rüstemowyň oýnan keşpleriniň sanawyna seredip göreliň. Ol «Gülene gülküde» Marleniň, «Bäş mazarda» Akbaryň, «Musallatda» Ata çüýüň, «Öwez öýlenende» Sapar kösäniň, «Babagammarda» Babagammaryň, «Leýli-Mejnunda» Kaýsyň, «Söýgi ummanynda küreksizde» Halnepesiň, «Keminede» Mürzäniň, «Zenan kalbynda» Selimiň, «Mukaddes söýgüde» Gurduň, «Mülkde» Kerweniň, «Zeýnelarapda» weziriň, «Altyn balykda» nökeriň, «Gyratda» Kösäniň, «Seljuk Soltanynda» weziriň, «Eneler ölmeýärlerde» awtoryň, «Goja çynarda» başlygyň, «Oguz gerçeginde» alyp baryjynyň, «Dogan- doganyň galasynda» hökümdaryň, «Soltan Jelaleddinde» Elçusaýyň, «Berçde» Meretgulynyň, «Sargytda» Gazylmenanyň, «Mälik şada» Abdalyň, «Täze ýyl heserinde» Öweziň, «Halal hazynada» ýaşulynyň, «Jennet mukamynda» Mürzäniň, «Täsin ülkede» professor ýaşulynyň, «Elwan ýaglykly serwimde» Ylýasyň garrylyk çagyny, «Ata pendinde» Sapar kösäniň keşplerini döretdi.

Gündogar edebiýatynda «Ýusup-Züleýha» ýordumy onlarça awtorlar tarapyndan ýazylan eser. Belli dramaturg Begi Suhanow klassik edebiýatynyň görnükli wekili Nurmuhammet Andalybyň eseri esasynda adybir eseri «Ýusup-Züleýhany» sahna diline geçiripdir. Tejribeli oýun goýujy Ata Gullarow ol oýny häzirki wagtda täsin çözgütli ýagdaýda «Ylahy yşkyň kyssasy» ady bilen sahnada goýýar.

Umuman režissýorlaryň, taýýarlygyna oýun taýýar bolýança hiç kimi salmaýarlar eken. Bu teatrlarda kada-kanun ýaly edähet eken. Sebäbi artiste başga biri, ýa-da pyşyrdy, telefonyň sesi, nätanyş adam päsgel berse keşbe zeper ýetirýär, ol artisti häsiýetinden çykarýan eken. Režissýor bilen artistiň arasyndaky döredijilik syrlary, gözlegleri açyk bolmaly eken. Ýöne men haýyş edip, 15 gün ýaly taýýarlyga gatnaşdym. Režissýor yzda görünmän oturmagy haýyş etdi. Şonda artistlik käriniň şeýle agyrdygyna göz ýetirdim. Ol artist sahnada başga keşbi döretmeli gödegräk aýtsak özüne ikilik etmeli, ýagny, sahnada özi däl-de şol talap edilýän keşpde bolmaly eken. Oýunda Muhammettirkiş Rüstemowa ylahy duýgulara ýugrulan Ybraýym Halylyň neslinden bolan Ýusubyň keşbini, has dogrusy Ýusubyň gojalygyny özüniň ynsabyny, özüniň yzasynyň keşbini döretmegi ynanypdyrlar. Ýusup öz duýgusyna şeýle bir berlen gahryman. Özüniň durmuşdaky sataşan şowsuzlyklary sebäpli ol gul hökmünde Mälik söwdagäriň eline düşýär. Aslyny, gelip çykyşyny bilensoň Mälik söwdagär oňa gul hökmünde garasy gelmeýär. Emma Ýusup guldugyna kaýyldygyny aýdyp, ýene özüni gul hökmünde satdyrýar. Ýusup şa gyzy Züleýhanyň çarbagyna düşýär. Züleýha Ýusuba halys ýürekden aşyk bolýar. Oňa gymmat bahaly eşikleri bagyşlaýar. Ýusup Züleýhanyň söýgüsini kabul etmeýär. Mal-pula, zada yrylmaýar. Ony ynanjyndan dändirjek bolup edilen synanyşyklaryň hemmesi puç bolup çykýar. Ýigrenji güýçler oňa ýok zatlary ýöňkäp, onuň zyndana düşmegini gazanýarlar. Emma ol jebirlerem oňa öz täsirini ýetirip bilmeýär. Şeýle çylşyrymly, ejirli gahrymanyň keşbini tomaşaça ýetiräýmek aňsat däl. Muhammettirkiş Rüstemowyň döreden, öz aňynda ýagşy orun aldyryp bilen keşbine halys ýürekden ynanýar. Men şu wagta çenli görülmedik, eşidilmedik režissýorlaryň çözgüdini «Ylahy yşkyň kyssasy» oýunda gördüm. Sahnada 2 Ýusup bar. Birini Türkmenistanyň at gazanan artisti M.Rüstemow oýnaýar. Ýaşlygyny ýaş artist M.Bekmyradow ýerine ýetirýär. Ýöne şu Ýusubyň gojalygyndaky keşpde M.Rüstemow özüniň ýatlamalaryny ýaşlygyny saklap ýanyna baryp elenip, ýatlap, aglap, doňup duran aňyndaky gahrymanlarynyň ýanyna baryp edýän hereketleri, aglaýşy iniňi tikenekledýär diýsem hakykatdan daş düşmerin. Göräýmäge artist bolaýmak aňsat ýaly eken. Ýok. Meniň pikirimçe, dünýäde iň agyr kärleriň biri artist bolmakmyka diýýän. Birinjiden, ylahy zehiniň bolmagy gerek. Onuň üstesine-de irginsiz zähmet gerek eken. Bir sözüň üstünde režissýor iki günläp işläp bilýär. Spektaklda bir bölek bar. Züleýha dyzyna çöküp: «Meni söý, näme diýseň bereýin, mal döküp sadaka bereýin, meni söý!» diýip nalaýan ýerinde Ýusubyň — M.Rüstemowyň horkuldyly agysyny eşideňde, özüňem bile aglaýaň. Şonda režissýor «Ynanmaýan» diýip, sahna çykyp, şol taýyny uzak günläp işledi. Artist bolaýmak aňsat däl. Käwagt taýýarlyga salmaýardylar. Şonda öýkelärdim. Men indi düşündim. Režissýor bilen artistiň arasyndaky gözleglere, agy-gülkülere, ýer bagyrtlap aýdylýan monologlaryň başga bir keşpde döreýşine nätanyş adam spektakl döreýänçä barsa taýýarlyga salmaýanyna dogrusy, soň göz ýetirdim. M.Rüstemow öz döwürdeşlerini täze täze keşpleri döretmek bilen begendirip, Arkadag Prezidentimiziň sungat işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerine jogap edip, öz janypkeş zähmeti bilen ildeşlerini begendirmegiň aladasy bilen ýaşaýar.

 

Baýramdurdy Myradow