«Saz rowaýatyndaky» sungat hakykaty

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry «Saz rowaýaty» atly täze oýny bilen Medeniýet hepdeligine sowgatly geldi. Bu oýun Lebap sebitlerinde irki döwürlerden bäri aýdylyp gelinýän «Gelin ýöreýşi» atly dessan esasynda sahnalaşdyryldy. Oýnuň sahna bezegini Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Myrat Haýtyýew bilen Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň baş suratkeşi Merdan Akmämmedow, saz bezegini Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezow ýerine ýetiripdir. Türkmenistanyň halk artistleri Akjagül Suhanowanyň, Babageldi Rejepowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrowyň, zehinli artistler Jemal Saparowanyň, Şöhrat Illiýewiň, Döwlet Hojanazarowyň we beýlekileriň ýerine ýetirýän keşpleri arkaly wakalar janlandyrylýar. Sahna oýnunyň awtory we režissýory Perhat Hudaýbergenow bilen guran söhbetimiz hem bu sahna oýnunyň döredijilik pursatlary hakynda boldy.

— Perhat, söhbedimizi täze sahna eseriniň mazmuny baradaky gürrüňden başlaýaly?

— Sahna eserindäki wakalar geçmişde Lebap welaýatynda bolup geçýär. Şirin sazlary bilen adamlaryň göwünlerine gül eken Gubaly bagşynyň iki ogly hem dutarynyň sapyna bilbil gondurýan goç ýigitler. Oýunda goja sazandanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrow ýerine ýetirýär. Öýüňde goşa tardan şeýle jadylaýjy owazyň döreýşiniň syryna düşünmek islegi Gubaly bagşynyň gyzy Nowgüli hem öz gününe goýmaýar. Ýöne eli dutarly saz çalyp, aýdym aýtmak o döwürlerde aýyp hasaplanypdyr. Sahnanyň üsti bilen şu meseläniň çözgüdini tapmaga oýlanyşykly çemeleşdik. Oýunda aýdyljak aýdymlary, sazlary gaýtalap-gaýtalap diňledik. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Jemal Saparowanyň dutarda saz çalşyny, türkmen halk aýdymlaryny aýdyşyny synlap, bu zehinli gyza baş keşbi ynandyk.

— Sahna bezeginiň ýerbe-ýerligi teatryň altyn kanuny. Ýerlikli goýlan her bir sahna bezegi dramanyň «çöregini bitin edýär». Oýnuň sahna bezeginde «goçak» nagşynyň üsti bilen nähili pikirleri öňe sürmek islediňiz?

— «Goçak» nagşy bir seretseň guýy, bir görseň ak öýüň işigi bolup dur. Myrat baýyň Nowgüle öýlenen güni edilen toýda ýerbe-ýer goýlan bu milli nagşymyz toý mähellesini, başga wagt bolsa eline bilini tutup duran erkek kişiniň keşbini ýatladýar. «Goçak» nagşynyň etegindäki dürli reňkli ýüpleri dutaryň taryna, türkmen sazlarynyň müň dürli öwüşginine çalym edýär. Diýmek, türkmeniň gara gazmasynyň şirin owazy adamzadyň ynsanperwer pikirlerine gulluk edýär. Sahnada ýerleşdirilen «goçak» nagşy ýene-de Nowgüli gözden-dilden goraýan ýaly bolup dur.

— Oýnuň baş gahrymanlarynyň häsiýet aýratynlyklary nähili ýüze çykaryldy?

— Myrat baý Nowgül eline küýzäni alyp ýörände «Gelin ýöreýşi» atly täze saz döredýär. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, zehinli sazanda Mährem Jumaýew bu sazy süýjüligi bilen diňleýjä ýetirýär. Ýaş artist Jemal Saparowa türkmen gelniniň oturyp-turşuny, edalylygyny, durmuşyň täze gapysyny açan gelinlik dünýäsiniň özüne mahsus gözelliklerini inçelik bilen açmaga çalyşýar. Myrat baý Nowgülüň eline dutar alyp saz çalşyna, aýdym aýdyşyna garşy çykmaýar. Bu syr ile paş bolanda, onuň namysyna degýän sözler gulagyna ilýär. Ol Nowgüle: «Obadan çykyp git» diýmäge mejbur bolýar. Nowgül erkek lybasynda ýola çykýar. Uzak obada bir öýe myhman bolan Nowgül goluna goşa taryny alyp, özüniň başyndan geçiren wakalaryny beýan edýär. Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa bilen zehinli artist Myrat Hekimow Nowgülüň myhman alýan öý eýeleriniň keşplerini janlandyrýarlar. Garaz, wakalar şeýdip çekeleşikli dowam edýär.

— Oýundaky aýdym-sazlaryň tomaşaçynyň ýüreginde ýer edýänliginiň syry nämede?

— Myrat baý (bu keşbi ýaş artist Şöhrat Illiýew janlandyrýar) ilki bilen Nowgüle gözi düşende «Görogly» şadessanyndan Aşyk Aýdyň piriň aýdýan namasyny aýdýar. Bu şirin owazly aýdymy Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezow ýerine ýetirýär. Aýdymy diňlän islendik adam türkmen sazlarynyň nähili gulaga ýakymlydygyna göz ýetirer. Bir gün oýny surata düşüren Wiktor Togtaýew ýanyma gelip: «Türkmen aýdym-sazlary şirin eken. Men beýle sungaty döreden halkyň arasynda ýaşaýanlygym üçin bagtly» diýdi. Heý, suhangöý bagşysynyň şireli dessanyny türkmen bolup biparh diňläp bolýarmy?! Oýnuň toýly pursadynyň üsti bilen toýuny toý şekilli geçirýän bu şahandaz halkyň içki dünýäsiniň gözelligi, maşgala ojagynyň abatlygyny saklap oturan zenan maşgala goýýan sarpasy hem degişmeleriň üsti bilen açylyp görkezilýär.

— Söhbedimiziň şu ýerinde döredijilik gözlegleriňiziň käbiri bilen tanyşdyraýsaňyz.

— Baş üstüne. Halkymyzyň arasynda çaga gyzamyk çyksa, dutar bilen açylýar diýen düşünje bar. Nowgüliň çalan sazy hem bir çagany ajalyň elinden halas edýär. Şondan soň halk bagşy zenany ykrar edýär. Nowgül özge obada toýlarda aýdym aýdýar. Indi ol toýlarda ese-boýa galan ogly bilen çykýar. Oýnuň ynandyryjy bolmagy üçin her bir gahrymanyň özüne mahsus sözleýiş aýratynlyklarynam gözledik. Munuň üçin birnäçe çeper edebiýatlardan, sözlüklerden bagşylara mahsus jümleleri gözläp tapdyk. Gubaly aganyň maşgalasynda ulanylýan «Eli ýaltarak», «Dutar şanyň gyzy ýaly kejirdir» diýen jümlelere olaryň özi düşünýär.

Oýnuň dowamynda Nowgülüň aýdym aýdyp, saz çalýan toýlarynyň birine kakasy Gubaly bagşy we Myrat baý hem myhman bolýar. Olar biri-birini tanaýarlar we sözsüz düşünişýärler. Nowgül şonda «Görogly» şadessandan aýdym aýdýar.

— Perhat, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Size döredijilik äleminde üstünlik arzuw edýäris!

 

Mahym Rozyýewa
Awtordan: Hawa, şygyrda her bir jümläniň alaw dek ýanyp durşy ýaly, teatryň sahnasynda her bir hereket, her bir söz duýgularyňa, aňyňa täsir edýär. Teatryň her bir artisti hem ýüreginiň odundan bir ülşüni sahna çykarýar. Teatr halkyň ruhy hasaplanýar. Ol durmuşyň aýnasy. Pederlerimiz saza we söze gadyr goýupdyrlar. Halk hakydasy mundan birnäçe asyr öň Lebap sebitlerinde ýaşap geçen Nowgül atly zenanyň ykbaly hakyndaky wakalary biziň günlerimize alyp geldi. Teatr sungaty şol wakanyň üsti bilen öz tomaşaçysyna türkmen saz sungatynyň ähmiýetini, Hakdan içen zehinleri halkyň depesine täç edýänligini... çeper suratlandyrdy. Iň esasy zat bolsa, «Saz rowaýaty» atly oýun sungatyň hakykatyny adamlaryň aňyna ýetirdi.