Sungatda yz goýan ussat

Daşoguz welaýatynyň iň baýry medeni ojaklarynyň biri hem Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrydyr. Teatr sungatynda zehin ussatlygy, döredijilikli zähmeti netijesinde janlandyran ajaýyp keşpleriniň üsti bilen köňüllere ýol çeken, il içinde ady hormat bilen tutulýan zehinli artistleriň nazary düşen, yhlasy siňen bu ojaga halypa mekdebi diýsek hem ýalňyşmarys.

1967-nji ýylyň 1-nji aprelinde bu teatr döwlet sazly-drama teatry ady bilen açylýar. Medeniýet ministrligi, şol ýylyň iýun, iýul aýlarynda bu täze teatry artistler biten üpjün etmäge uly üns berýär. Şunlukda teatryň artistler toparyna Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni aň bilim  tehnikumynyň teatr bölümini hem-de Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň teatral studiýasyny tamamlan ýaşlaryň uly topary gelip goşulýar. Şolaryň arasynda Atamyrat Ataýew hem bardy. Teatryň şol dabaraly aşylyşynda G.Muhtarowyň we G.Seýitiiýewiň «Bagbanyň gyzy» atly sazly komediýasy görkezilýär. Şonda kärdeşleri we tomaşaçylar tarapyndan sahnada döreden täsirli, ajaýyp keşpleri üçin artistleriň hatarynda Atamyrat Ataýewe hem gowy baha berilýär.    

Turuwbaşdan zehinli ýigit sahnada goýulýan oýunlaryň esasy  gahrymanlarynyň keşplerini janlandyrmak tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp, özüni sungat äleminde  tanadyp ugraýar. 1968-nji ýylyň few- ralynda artistler topary öz döwrüniň uly spektaklyny — H.Çaryýew bilen B.Amanowyň «Zöhre-Tahyr» sazly tragediýasyny goýýar. Onda hem şowly çykan keşpleriň biri, ýagňy Tahyryň keşbini Atamyrat döredýär. Şol döwürler bu teatryň sahna oýunlaryna Türkmenistanyň halk artisti Artyk Jallyýew režissýorlyk edipdir. Özüniň zehin ussatlygy bilen sungatda yz goýan tanymal artist Artyk Jallyýew bilen biregne döredijilikli zähmet çekmek bagty Atamyradyň hem paýyna düşýär. 1970-nji ýylyň ahyrynda teatr has hem ösüş ýoluna düşýär. Ol wagt teatra Durdymämmet Öräýew ýolbaşçylyk edýär. Şol döwürde Mustaý Kerimiň «Aýgülüstan», Bahtiýar Bahabzadeniň «Ýagyşdan soň» ýaly drama eserleri ýaly ýokary çeperçilik bilen sahnada goýulýar. Bularda Atamyradyň döreden keşpleri spektakllaryň şowly  çykmagyna uly ýardam edýär. Guýmagursak zehinli artist Atamyrat öz güýjüni kino sungatynda hem synap gören ussatlaryň biri. Bu hem oňa üstünlik getirýär. Ol Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata  düşüren «Jadyly hünji» atly çeper filminde hünji satyjynyn keşbini ýerine ýetiren bolsa, «Dört derwüş» kinofilminde derwüşiň keşbini janlandyrýar. Şunlukda, Atamyradýň bu we beýleki spektakllarda döreden keşpleri tomaşaçylaryň hakydasynda, kalbynda öçmejek yz goýýar. Teatryň sahnasyny dürli temalardan ýazylan drama eserleri barha baýlaşdyrýar. Tanymal ýazyjylar B.Seýtäkowyň «Doganlar», «Gyz salgydy», H.Meläýewiň «Ýoldaky söweş», R.Sabyrowyň «Gyz badagy», «Bir şaýylyk gudrat»,  «Garaşylmadyk jeza», G.Muhtarowyň «Owadan», A.Mämiliýew bilen B.Suhanowyň «Satylan düýş» ýaly   sahna eserleriniň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagynda  Atamyrat Ataýewiň goşan goşandy has uludyr.    

A.Ataýew 1939-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň B.Amanow adyndaky geneşliginde dünýä inýär. Heniz orta mekdepde okaýarka, onuň mahmal owazy hemmeleri özüne  maýyl edýär. Atamyrat şol wagtlar «Men güneşli ýurduň ogly», «Brigadiriň ýeňňeleri», «Keýpim kök»  ýaly aýdymlary ýerine ýetirýär. Ol 1956-njy ýylda orta mekdebi tamamlap, obasynda mehanizator bolup. zähmet ýoluna başlaýar Ýöne ýaş ýigidi  sungata bolan söýgüsi öz erkine goýmaýar. Soňra ol Marynyň Ýolöten etrabyndaky traktorçylyk mekdebine okuwa girýär. Kalby joşgunly Atamyrat bu ýerde hem etrabyň medeniýet öýündäki aýdym-saz toparyna gatnaşýar. 1964-nji ýylda Türkmenistanyň 40 ýyllygyna bagyşlanan “40 baharyň gülleri” atly festiwalda şu medeniýet öýüniň topary bilen çykyş edip, hindi aýdymyny ýerine ýetirýär. Oňa eminleriň göwni ýetýär. Şonda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň direktory Aman Gulmämmedow bilen kompozitor Daňatar Öwezow Atamyrat bilen has içgin gyzyklanýarlar. Ol dutar-gyjak bilen birlikde, beýleki saz gurallaryny hem çalyp bilýändigini, halk aýdymlaryny uly höwes bilen aýdýandygyny ýaňzydýar. Şol günüň ertesi Atamyrat Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň teatr studiýasyna okuwa ugradylýar. Ol okan döwründe şol teatrda goýulýan spektakllarda kiçiräk keşpleri ýerine ýetirip başlaýar. Okuwyny tamamlandan soň, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda işe başlamak bilen, onda goýulýan spektakllaryň ählisinde hem özüne ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Atamyrat Ataýewiň teatr sungatynda bitiren işleri barada, onuň bilen işlän deň-duşlary onuň zehinli artistdigini, işbaşarjaňdygyny, gysga ömrüniň dowamynda teatr sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşandygyny ýatlaýarlar.

Atamyrat aga maşgala durmuşynda hem bagty çüwenleriň biri. Onuň ýanýoldaşy Ogulnabat gelneje ikisi 6 çagany terbiýeläp ýetişdirýärler. Häzirki wagtda olaryň hemmesi öýli-işikli, öz saýlap alan ugurlary boýunça zähmet çekýärler. Gyzy Jennet welaýat sport toplumynda işleýär. Tawus Daşoguz şäherindäki 3-nji saglyk öýünde lukman. Döwran çeperçilik, Perman bolsa telekeçilik işi bilen meşgullanýarlar. Merdan bilen Polat hem “Daşoguzşäheragyzsuw” kärhanasynda zähmet çekýärler. Ogulnabat gelneje 13 agtygyna, iki sany çowlugyna guwanyp, olaryň hem geljekde atasy ýaly ilhalar adamlar bolup ýetişmegini ene kalbyndan arzuwlaýar. Ogulnabat gelneje dürli kärlerde zähmet çekenem bolsa, ýanýoldaşy Atamyrat aganyň döredijilik işinde ýakyn ýardamçysy bolýar. Bu çeper elli zenan artistleriň sahnada geýýän eşiklerini tikmäge kömekleşýär.

Ruhy baýlygyň ojagy saýylýan teatr sungatynda bitiren hyzmatlary üçin Atamyrat Ataýewe 1984-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakylýar. Şeýle hem ol sahnada dürli keşpleri döredendigi üçin döwlet sylaglarynyň hem-de Hormat hatlaryň ençemesine mynasyp bolýar.

 

Gözel Seýidowa