Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammet Söýünhanow

Ýagşy ynsanlary ýagşylykda ýatlamak ynsanyň tebigatyna mahsus häsiýet. Aýratynam, öz kärinde ussatlyga ýeten ynsany ýatlamak. Döredijilik adamy bolsaň-a, geçen durmuş ýoluňa täsir eden adamy — ussady ýatlamak has hem ýakymly. Sebäbi teatr, kino sungatynda üstünlik gazanmagyň onlarça adamlara, aýratyn hem halypalaryňa, kärdeşleriňe bagly bolýandygyny hökman bilmek we bellemek gerekmikä diýýärin. Islendik sahna eseri ýa-da kino eseri bolsun, tapawudy ýok, ol birnäçe sungatlary birikdirip bitirilýän eser bolýar. Şeýle-de bolsa, onda režissýoryň işi şol sungatlary biri birine nepis baglap, zergäriň zynjyr düzüşi deý bir sapaga düzmekde bolýar eken. Ol bolsa ussatlardan tälim alan režissýorlara başardýan irnik iş we zähmetden başga-da kän başarnygy talap edýän iş.

Ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp şeýle režissýorlaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammet Söýünhanowdyr. Aktýor hökmünde-de bu halypa režissýory dine bir kinodyr teatr işgärleri däl, eýsem, kino muşdaklary hem ýagşylykda ýatlaýarlar. Her bir döredijilik işgäri öz döreden eserleri bilen halkyň aňynda galýar we ýatlanylýar.

1972-nji ýylda halypa režissýoryň surata düşüren «Meniň dostum Meleguş» atly çeper filmi halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanan filmleriň biri boldy. Bu filmiň tomaşaçylara ýetirilenine ençe ýyl geçen hem bolsa, ol öz tomaşaçysyny köpeltmese azaldanok. Sebäbi ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly bolansoň, ol film häzir hem öz gymmatyny ýitirenok.

Onsoň hem bu filmiň şowly çykmagynda ussat režissýoryň surata düşürmekde ussatlary saýlap bilendigi hem şol döwürlerde kinobilermenler öz makalalarynda belläpdiler. Bulardan başga-da Muhammet Söýünhanow «Ýartygulak», «Küştçi», «Zäherlenen söýgi», «Köýtendagyň eteginde», «Seniň doganyň meniň doganym», «Hesretli söýgi hakynda hekaýat», «Myradyň jadyly kitaby», «Arşyň pynhan hikmeti», «Yşkyň ýoly ýa-da Öwez bilen Aýparça» ýaly başga-da ençeme çeper filmleri surata düşürip, türkmen kino sungatynyň taryhynyň altyn hazynasyna miras goýup gitdi. Şeýle-de, halypa M.Söýünhanow ençeme dokumental, çeper publisistik filmleriň hem režissýorydyr.

Muhammet aganyň türkmen filmleriniň içinde ilkinji gezek Aldarkösäniň keşbini döredenligi hem onuň zehinli artistdiginiň subutnamasydyr. Bu aýdanlarym onuň kinolarynyň diňe käbiriniň atlary.

Emma halypanyň döredijilik ýollaryny içgin öwrenmek, ony Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ör-boýuna galdyryp, ondan nusga alyp sapak edinmek sungat ugrundan bilim alýan ýaşlaryň maksady.

Şu ýerde meniň başga bir zady aýdasym gelýär. Ol hem Muhammet aganyň adamkärçiligi, dostlaryna sarpasy, degişgenligi hem pälipesligi barada. Durmuşda hakyky dostluk örän seýrek bolýar. Türkmen poeziýasynda Gurbannazar Ezizow bilen Halyl Kulyýewň, Atajan Annaberdiýew bilen Nobatguly Rejebowyň döredijilik gatnaşyklary soňlugy bilen dost-dogan gatnaşygyna öwrülip gidipdir. Ussat halypa bagşy Magtymguly Garlyýew bilen Sapar Bekiýewiň, Mäne Garaýew bilen Çary Alladurdyýewiň, Gurt Ýakubow bilen Ýazgeldi Kuwwadowyň dostluk gatnaşyklaryny olaryň öçmejek miras galdyran aýdym-sazlary habar berýär. Muhammet Söýünhanowyň hem ýakyn dostlary türkmen kino we teatr sungatynyň ägirtleri Artyk Jallyýew, Hommat Müllük, Baba Annanow, Baýram Abdyllaýew, Anatoliý Karpuhin, Şükür Kulyýew, Orazmyrat Gummadow, Muhammet Bekiýew dagy ekeni. Käteler iş bilen onuň öýüne ýa-da iş ýerine barmaly bolýardym. Şonda çaýyň başynda ol dostlary barada kän gyzykly zatlary gürrüň bererdi. Artyk Jallyýewiň dogumlylygy, sahylygy, Hommat Müllügiň sypaýylygy, Baba Annanowyň okumyşlygy, inteligentligi, Baýram Abdyllaýewiň üstünligiňi hem bärden gaýtmalaryňy dogruçyllyk bilen aýdyp berýänligi, Anatoliý Karpuhiniň ugurtapyjylygy Muhammet aganyň dilinden düşmezdi. Film surata düşüreninde ol ägirtleriň hiç haçan ýadamak diýen zady bilmeýändiklerini, ynanylan keşbi ynandyryjy döretmek üçin işlerine jany-teni bilen ýapyşýandyklaryny aýdyp bererdi. Ol bir gezek film surata alyş işleriniň tamamlanyp gelýän pursatlary kinosynyň esasy gahrymanlarynyň biri bolan Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Bäşimowyň biwagt aradan çykandygyny gürrüň berdi. Indi çykalga gözlemeli, tapmaly we surata alnyş işlerini tamamlamaly ahyryn. Nätmeli? Muhammet aga oňa çykalga tapýar. Ol Akmyrat Bäşimowyň özüne meňzäp duran inisini tapýar we onuň bilen gürleşýär. Soňam ony kino düşürýär. Uzak aralykdan, aktýoryň gapdal tarapyndan alnan görnüşler şowly netije-de berýär. Şeýdip ol «Geçigaplaň» atly film tomaşaçylara ýetirilýär. Emma ol filme tomaşa edenler režissýoryň ol syrlaryny bilmeýär. «Ajaýyp» atly filmde Galkan kakanyň ýanyna: «Atyňy satýarmyň?» diýip, biriniň gelýän pursady bardyr. Şonda, filmi surat alyp duran režissýor Muhammet aga Galkan kakanyň keşbinde çykyş edýän Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýewe oňa çyndan özem ykjam şarpyk çalmagy tabşyrýar. Muňa garaşmadyk Türkmenistanyň at gazanan artisti Gandym Annadurdyýewiň keşbi örän ynandyryjy bolup jüpüne düşýär duruberýär. Şular ýaly başga-da kän gyzykly pursatlary Muhammet aga şireliligi bilen gürrüň bererdi.

1936-njy ýylda Kaka etrabynyň Duşak obasynda doglan Muhammet aga artist bolmagy çagalygyndan ýüregine düwýär. Ol bir gezek şeýle gürrüň beripdi: «Artist bolmak höwesi ýüregimde möwç urup, çyrpynyp dursa-da, ejemdir kakamyň raýyny ýykmajak bolup, orta mekdebi tamamlap, tehnikumda weterinariýa ugrundan bilim alyp, obama dolandym. Olar muňa diýseň begendiler. Soňra-da az wagt işläp, maljanly hünärmen bolup, olara bolan söýgimiň galanyny kino sungatynda beýan edeýin diýibem, enematamy, agam Mämmedi ynandyryp, niredesiň Moskwa şäheri diýip ýola düşdüm. Ol ýerdäki Döwlet kinematografiýa institutynyň kinorežissýorlary taýýarlaýan bölüminde okap bilim aldym. Halypalarymyň biri meşhur kinorežissýor Aždar Ibragimow boldy. Men ondan soňam kän zatlary öwrendim. Soňam ýörite ýollama bilen Russiýanyň dürli şäherlerinde işledim. Soň M.Gorkiý adyndaky «Mosfilm» kinostudiýasynda-da zähmet çekdim. Ýöne ata Watan, dogduk mekan örän küýsedýär ekeni. «Türkmenfilm» kinostudiýasyna gelibem, şondan bärem şu ýerde kinolar bilen başagaý. «Ajaýyp» atly filmiň, edebi esasy Nobatguly Rejebiňki, bu film Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 2005-nji ýylda maňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at berildi. Men ykbalymdan razy» diýip, soňundan hem ol ýylgyryp: «Men enem-atamyň ynamyny ödedimmikäm-ä diýýän» diýdi.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň Muhammet aga bilen tanyşdyrmagy, ýaş tapawudymyz esli bolsa-da, ýakyn döredijilik gatnaşygymyza syrykdyrdy. Ol satiriki ýazyjy Arslan Mäterowyň «Yşkyň ýoly ýa-da Öwez bilen Aýparça» çeper filmine baş keşp bolan Öwez atly ýigidiň keşbinde çykyş etmäge aktýor gözläp ýören ekeni. N.Rejebowyň ýanynda-da muny agzaýar. Ol şol gün derhal meni kino synagyna çagyryp, ertesi hem Muhammet aga jaň etdi: «Gutlaýan. Kino synagymyzdan geçdiň. Surata düşüriliş işlerine-de ertir başlaýas, taýýar bol. Ynamymyz gaty uludyr. Onsoňam özüň bilen bile saýlanyp alnan iň zehinli artistlerem bardyr. Şonuň üçin biliňi berk guşa. Men wagtyňy alyp durmaýyn, kömekçilerim habar ederler «sýomkaň» wagtyny. Hoş, görüşýänçäk» diýdi. Dogrudanam, görüp otursam, ol filmde M.Bekiýew, G.Hajyýewa, Ý.Bekiýew, M.Aradow ýaly ussat artistler bilen kino surata düşmek ömrümde ýatda galan pursatlar boldy. Ol film ýaýlyma gideninden soň, Muhammet Söýünhanow halkymyzyň saýhally, suhangöý ýaşulularyň degişme şahandazlygy bilen bagly filmi surata almagyň üstünde işleýärdi. Ýazyjylardyr kinossenariçiler bilen maslahatlaşyp, gyzykly wakalary öz içine alýan gülküli ýordumy esas edip alýan kinony düşürmegiň aladasynda boldy. Ýöne halypa oňa ýetişmedi. Bary-ýogy iki gün hassa bolan Muhammet agamyz 2006-njy ýylyň mart aýynda biziň bilen baky hoşlaşdy.

Türkmenistanyň at gazanan artisti, ussat kinorežissýor Muhammet Söýünhanow aramyzdan juda ir gidenem bolsa, onuň zehin siňdirip surata düşüren kinolary hormatly Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de öz ähmiýetini ýitirmän, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp gelýär. Hakyky eserler şeýle-de bolmaly.

 

Batyr Çaryýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti