Türkmenistanyň at gazanan artisti Durdy Magtymow

Parahatçylygy, birek-birege düşünmegi ündeýän sahna oýunlary ýurdumyzyň her bir teatrynyň repertuarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu mowzuk aýry-aýry artistleriň döredýän keşplerinde has-da aýdyň görünýär.

Şeýle keşpleri döreden artistleriň biri Türkmenistanyň at gazanan artisti Durdy Magtymow şol gezek teatryň gapysynda arassa howadan dem alyp oturan eken. Salamlaşdyk. Ýazyň howasynda oturyp, bir howa gürrüňdeş bolduk. Ol gürrüňini soňlap, uzaklara nazaryny dikdi. Megerem, ol bu wagt öz halypasyny ýatlaýandyr...

Ondan bäri ep-esli ýyl geçen bolsa-da, onuň aýdan sözleri Durdy Magtymowyň kalbynda müdimilik orun alypdy. Onuň at-abraýynyň belende göterilmeginde-de ol sözler belli bir derejede öz roluny oýnapdy. Şol sözler ony täze üstünliklere ruhlandyrypdy.

-    Durdym, senden tamam uludyr. Yhlas etgin, köşek. “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýipdirler. Yhlas etgin!

Ine, türkmen teatr sungatynyň ilkinji binýadyny tutanlaryň biri, Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedowyň aýdan bu sözleri Durdynyň ýaşlyk kalbyna siňýär.

Ondan bäri aý aýlanyp, ýyllar geçdi... Durdy pikir kölüne gark bolup oturyşyna teatra gelen ilkinji günlerini ýatlaýar... Ol Türkmenbaşy şäherindäki 2-nji mekdebiň 8-nji synpyny gutaryp, Bäherdende mugallym bolup işleýär. Şol ýerde hem döredijilik iş saparyna baran teatryň topary bilen gürrüňdeş bolýar. Durdy Magtymowyň daýaw göwresi, güýçli sesi Aman aganyň göwnünden turýar. Şondan soň Durdy Magtymow köp oýlanýar. Aradan esli wagt geçensoň Aşgabada gelip, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň garamagyndaky studiýa okuwa ýerleşýär.

1946-njy ýylda studiýany tamamlan ýetginjegi teatrda işe alyp galýarlar. Studiýada okan döwründe ol ilkinji gezek “Zöhre we Tahyr” sahna oýnunda Moýsepit serdaryň serkerdesi bolup sahna çykýar. Ine, şujagaz kiçijik keşp onuň sahnada özüni erkin duýýandygyna güwä geçýär. Şondan soň ol bu spektaklda Kamarlyzamanyň-da, Wahyt galandaryň-da keşplerinde oýnaýar. Şeýdip, ol teatr sungatynyň çylşyrymly, kyn hem uzak ýoluny külterläp ugraýar. Ýöne bu ýolda ençeme kötelleriň boljakdygyny, ony ýeňip geçmelidigini halyp artist Aman  Gulmämmedow öz şägirdi durdy Magtymowa düşündirýär.

Durdy Magtymow teatr sungatynyň inçe, çylşyrymly ýollaryny ele almaga, ony özleşdirmäge çyny bilen ýapyşýar. Teatryň ýaşuly, tejribeli artistleriniň döredýän her bir keşbi Durdy Magtymow üçin uly mekdep, uly sapak bolýar. Ýyllaryň geçmegi bilen Durdy Magtymow olardan köp zat öwrendi, tälim aldy. Ol özüne tabşyrylan her bir keşbe özüçe çemeleşdi.

Ynha, onuň “Keýmir kör” spektaklyndaky Aýly batyry-da, “Keminedäki” Ahmet naharçysy-da, “Derňewçidäki” Pristawy-da, “Agyryly dişlerdäki” baş gahryman Marasuly-da şeýle gözlegler netijesinde dörän keşplerdir. Teatrda goýulýan spektakllar Durdy Magtymowa üstünlik getirýär. Ol köp spektakllarda çykyş edip, dürli häsiýetli, dürli ykbally gahrymanlaryň ençemesini döredýär. Şol gahrymanlaryň içki dünýäsini açyp görkezmegi, keşbi gutarnykly häsiýetlendirmegi başarýan artist hökmünde özüni tanadyp ugraýar. Onuň “General Kulyýew: spektaklyndaky Tregubowy bilen “Tupandaky” Kuliçinini ýatlamak hem ýeterlikdir. Spektaklda Tregubow ýetginjek Ýakuby harby mekdebe ýerleşdirjek bolanlarynda “Ýeňiýoluk, garamaýak halkdan general çykmaz” diýip, onuň üstünden gülýär. Aradan birnäçe ýyl geçýär. Beýik Watançylyk urşy başlanýar. Öz güýjüne daýanan Tregubow meýletinlik bilen urşa gidýär. Haçan-da ol general-maýor Ýakup Kulyýew bilen duşuşanda özüniň “ýeňiýoluk, garamaýak halk” baradaky aýdan sözleri ýadyna düşüp utanýar.

Artist Durdy Magtymow bu keşbi döretmek üçin köp oýlanýar. Netijede bolsa, ol akylyna aýlanan adamyň ruhuny çuňňur yzarlap, ony öz geçmişine ökünýän adam hökmünde tomaşaçylara hödürledi. Artistiň Kuligini başgaça häsiýetdäki keşpdir. Ol polady ýumşak, mähirli adam. Onuň bu gahrymany il-günüň aladasyny edýän keşp hökmünde ör boýuna galýar. Ussatlyk bilen döredilen şeýle keşpler artist Durdy Magtymowyň döredijiliginde az däl. Onuň döredijilik ukyby-da şol keşplerde taplandy. Artistiň sahnada döreden ol gahrymanlary durmşyň dürli wakalaryna siňip giden dürli häsiýetli adamlardyr. Şeýle keşpleriň hatarynda onuň “30-njy ýyllar” sahna oýnundaky Çerkezi, “Duzakdaky” Kamaşkini, “Aýgytly ädimdäki” Alýoşa Tyçenkony, “Üç çynardaky Möwlamy... we beýleki birnäçe keşpleri görkezmek bolar.

Göräýmäge “30-njy ýyllar” sahna oýnundaky Çerkez bilen “Üç çynardaky” Möwlamyň keşplerinde çalymdaşlyk bolaýjak ýaly. Sebäbi olaryň kisi-de baý ogly. Şeýle ýagdaý artistide howatyrlanman duranok. Birdenkä bu keşbiň öňki döreden keşbiňe meňzeş bolup, öz-özüňi gaýtalamagyň-da mümkin. Ýöne artist  Durdy Magtymow bu keşplere özboluşly öwüşgin çaýyp, olaryň iki dünýäsini inçeden yzarlap, ony tomaşaçylaryň gözüniň öňünde aýyl-saýyl edýär welin, ol çalymdaşlyk diýen zat asla ýadyňa-da düşenok. Durdy Magtymowa hem döredýän keşbine töwerekleýin çemeleşmegi, ony inçeden yzarlamagy sahna ussady Aman Gulmämmedow öwredipdi. Dogrudanda, artist durdy Magtymowyň sahna gahrymanlarynyň arasynda ussatlyk bilen döredilen keşpler az däl. Ol öz döredýän   her bir gahrymanynyň üstünde işlän wagty oňa tüýs ýürekden gyzyklanýar, sahnada bolup geçýän wakalara ynamly garaýar. Artist öz oýnaýan her bir keşbine çuňňur düşünip, soňra hem ony öz iş tejribesi bilen baýlaşdyrýar. Ynha, onuň “Jadyly nagyşlar” sahna oýnundaky Alau Şirini-de, “Il oglundaky” harsydünýä täjirini-de, “20-nji ýyldan soň” sahna oýnundaky Semýony-da we beýleki birnäçe keşplerini tomaşaçylar gördi, synlady, olary ykrar etdi.

Hawa, artist Durdy Magtymowyň döredijilik repertuary daşary ýurt nusgawy, şeýle hem türkmen dramaturglarynyň sahna eserleri esasynda sahnada goýlan spektakllardaky döredilen keşpler bilen baýdyr. Onuň döreden haýsy bir gahrymanyny alyp görseň-de, ol beýleki bir döredilen keşpden pes däl. “Baý we batrak” spektaklyndaky baş gahryman Gafur, “Hazynalar adasyndaky” Kasymbeg, “Ene Kulyýewadaky” Dianow, “Mollanepesdäki” Magtym işan ýaly gahrymanlar artistiň zehin eleginden geçip, tomaşaçylar köpçüligine hödürlenen keşplerdir. Döredilen ol keşpler Durdy Magtymow halk köpçüligine giňden tanatdy.  1964-nji ýylda ýurdumyzda teatr sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Durdy Magtymowa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at berildi. Bu at Durdy Magtymowy öňküden-de döredijilikli işlemäge borçly etdi.

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademik drama teatry drama teatry dramaturg Nikolaý Pogodiniň üç sahna eserini sahnada goýup, köp artistleriň döredijiligine oňaýly täsir etdi. Artist Durdy Magtymow şol spektakllaryň üçüsinde-de çykyş etdi. Ol “Tüpeňli adam” spektaklynda Sibirsew, “Üçünji patetiki” spektaklynda bolsa Gwozdilin ýaly otrisatel häsiýetdäki gahrymanlaryň keşbini ussatlarça ýerine ýetirdi.

Hawa, artist durdy Magtymowyň päk zähmeti bilen döredilen şeýle gahrymanlar başga-da köp. Olaryň içinde artistiň döredijiligine bezeg berýän Gafur, Çerkez, Tregubow, Zabelin, Möwlam ýaly tomaşaçylaryň ýadyndan çykmajak keşpler bar. Çünki ol keşpleriň süňňünde zehinli artistiň irginsiz gözlegleri, oý-pikirleri hem-de çeken azaplary ýatyr. 

Artist Durdy Magtymow teatryň sahnasynda goýlan spektakllaryň köpüsinde – “Meňli” sahna oýnundaky Döwletmämmet Azady, “Sawçylardaky” Agajan aga, “Paradaky” horjunly adam ýaly keşpler onuň uly hyruç bilen döreden gahrymanlarydyr.

Hawa, Durdy Magtymow dürli häsiýetdäki gahrymanlary döretmegi başaryşy ýaly ýigrendirmegi-de başarýar. Tomaşaçylar onuň “Ene” spektaklyndaky Rihadyny, “Meňlidäki” Döwletmämmet Azadysyny we beýleki birnäçe keşplerini tüýs ýürekden söýdüler, hormatladylar. Emma  “30-njy ýyllardaky” Küýki baýyny, “Peýkamdaky” Frýusdermanyny itden beter ýigrendiler.

Kimde-kim “Ene” spektaklyny gören bolsa, onda Durdy Magtymowyň watanyň üstüne howp abananda, ony bütin maşgalasy bilen bilen goramaga, gerek bolsa janyny-da gurban etmäge taýyn Rihadyny görendir. Bu keşbiň ilhalar gahryman bolmagy üçin artist köp zähmet siňdirdi. Zähmet öz miwesini-de berdi. Ussatlyk bilen döredilen ol keşp artistiň döredijiliginiň belli bir sahypasyny bezeýär. 

Hawa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Durdy Magtymowy ýurdumyzda tanamaýan, onuň ajaýyp sungatyna, uly döredijilik zehinine hormat goýmaýan ýok bolsa gerek. Sungat äleminde şeýle hormata eýe bolmak üçin uzak ýyllaryň dowamynda döredijilik “ussahanasynda” öz zehiniň taplamaly, tejribe toplamaly. Artist Durdy Magtymow ömrüni teatr sungatyna, döredijilik işine sarp etdi. Bu döwür içinde ol uly tejribe toplady, kämilleşdi, ussatlyk derejesine ýetdi. Öz halypasy Aman Gulmämmedowyň ynamyny ödedi.

 

H.Gurbangeldiýew